Progres.Online

Türkmenistanda we Azerbaýjanda tebigy baýlyklardan alynýan girdejileriň aç-açanlygy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ikisi hem uglewodorodlara baý öňki Sowet döwletleridir. Emma, ýurtlaryň gazyp çykarma senagatyndaky aç-açanlyga çemeleşmesi tapawutly. 2015-nji ýylda, McGill uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinden Kerem Öge “Türkmenistanda we Azerbaýjanda geosyýasatyň we girdejileriň aç-açanlygy” atly ylmy işi çap etdi. Ylmy iş näme sebäpden Türkmenistanyň Gazyp çykarma senagatyndaky aç-açanlyk başlangyjyna (EITI) gatnaşmakdan ýüz öwürýändigini derňeýär. Azerbaýjan bolsa bu başlangyja 2003-nji ýylda agza boldy.

Gazyp çykarma senagatlaryndaky aç-açanlyk

Aç-açanlyk (Transparency) – hökümetiň uglewodorodlary öndürmekden we satmakdan gazanýan girdejileri baradaky maglumatlary beýleki döwletlere we köpçülige aýan etmek. Muňa ýurduň halkara kompaniýalary bilen şertnamalary, çeşmeleri dolandyrmak, serişdeleriň döwlet býudjetinden bölünip berilişi, şeýle hem olaryň ulanylyşy ýaly maglumatlar degişlidir.

Aç-açanlyk awtoritar döwletlerde korrupsiýany azaldyp, hökümetiň serişdeleri nämä harjaýandygyny mälim etmäge mejbur edýär. Aç-açanlygy pes ýa ýok bolan biznes modeli korrupsiýanyň we awtoritarizmiň ýokarlanmagyna eltýär. Häzirki wagtda, EITI aç-açanlyk başlangyjyny alyp barýar, ýöne Türkmenistan oňa goşulmaýar.

EITI ýerasty baýlyklary gazyp çykarma senagatynda global aç-açanlyk standartyny kesgitläp, döwletleriň, kompaniýalaryň we raýat jemgyýeti toparlarynyň bileleşigidir.

EITI-e goşulan nebit, gaz we magdan kompaniýalary işleýän ýurtlarynyň hökümetine näçe töleýändikleri (salgytlar/ýygymlar) we döwletler bolsa alýan tölegleri barada maglumatlary çap etmeli. Şeýlelikde, EITI tebigy baýlyklardan gazanylýan girdejileriň yzygiderli çap edilmegini kadalaşdyrýar.

Döwlete dahylsyz ýerli jemgyýetçilik guramalary kompaniýalaryň berýän maliýe hasabatlaryna baha berýärler we olary gowulandyrmak üçin teswirleri we teklipleri hödürleýärler. Umuman, hökümetleriň, kompaniýalaryň we raýat jemgyýeti toparlarynyň bellenen wekillerini öz içine alýan köp sanly gyzyklanýan taraplar EITI-e gatnaşyjy her ýurduň prosesine gözegçilik edýär.

EITI-e agza bolmak üçin döwletler başlangyjyň düzgünlerine eýermäge meýilli bolmaly. EITI-iň berjaý edilmeli düzgünleri:

  • Ençeme gyzyklanýan taraplaryň gözegçiligine rugsat bermek;
  •  Hökümetiň girdejileri we hususy pudaga berilen tölegleriň giňişleýin we jikme-jik hasabatlaryny wagtynda çap etmek;
  • Neşir edilen hasabatlaryň köpçülige elýeterliligini aňsatlaşdyrmak;
  • Ygtybarly  gözegçilik prosesi we herket edýän teswir/teklip mehanizmi bolmaly;
  • Aç-açanlyk standartlaryny ýola goýmak.

Döwletler aç-açanlyga nähili çemeleşýärler?

Bir ýurduň dünýädäki geosyýasy pozisiýasy we söwda gatnaşyklary aç-açanlyk seçimine täsir edip biler. Meselem: Türkmenistanyň elitasynyň aç-açanlygy öňe sürýän halkara başlangyçlara gatnaşma meýili pes bolmagy mümkin. Sebäbi, Türkmenistan Russiýa we Hytaý turbageçirijilerine garaşly we ýurtdaky günbatar döwletleriniň maýa goýumlary çäkli.

Russiýa we Hytaý aç-açanlygy ileri tutmaýarlar, şonuň üçin Türkmenistanyň hökümeti hem aç-açanlygy  möhüm hasaplamaýar.

Munuň tersine, Azerbaýjan girdeýji aç-açanlygy reformasyny durmuşa geçirdi. Azerbaýjanyň günbatar energiýa bazarlaryna garaşlylygy zerarly ýurduň elitasy günbatar maýadarlarynyň ynamyny gazanmak üçin muny zerur ädim hasaplady.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ykdysady gurşawy

SSSR dargandan soň hem, Türkmenistan Russiýa geçýän Orta Aziýa – Merkez turbageçirijisine örän garaşly.  2009-njy ýylda, Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň gurulmagy bilen ýurduň garaşly döwletlerine Hytaý hem goşuldy. Bu Hytaýyň Türkmenistandaky täsirini artdyrdy.

Tersine, Sowet Soýuzy ýykylandan soň, Azerbaýjan günbatar döwletlerine ýakynlaşdy. Häzirki wagtda, Azerbaýjanyň energiýa eksportynyň aglaba bölegi Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTC) we Baku-Tbilisi-Erzurum (BTE) turbageçirijileri arkaly Ýewropa bazarlaryna gönükdirilýär.

Gelejek üçin çaklamalar

Gelejekde, Türkmen hökümetiniň biznese ýöriteleşdirilen çemeleşmesi sebäpli daşary ýurtlaryň täsirine sezewar bolmagy mümkin. Bu ýurduň aç-açanlyk başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagyna sebäp bolup biler.  Emma, Türkmenistan Hytaý bilen has ýakynlaşýar we günbatar döwletlerinden, kompaniýalaryndan yzygiderli uzaklaşmagy zerarly ýurtda ýakyn gelejekde reformalar bolmajak ýaly.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: