Progres.Online

Türkmenistanda döwlet desgalarynyň hususylaşdyrylmagy nähili şekilde geçirilmeli?

Sowet Soýuzyndaky ykdysady sistema merkezden dolandyrylan sistema bolanlygy sebäpli, önümçilik doly döwlet tarapyndan dolandyrylýardy. Raýatlaryň hemmesi döwlet edaralarynda, kärhanalarynda işleýärdi we harytlaryň bahalary, şeýle hem adamlaryň aýlyklary döwlet tarapyndan ýöredilýärdi. Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Türkmenistan bazar ykdysadyýetine geçmäge başlaýar, ýagny haýsy harydyň öndüriljekdigi, onuň mukdary, hili we bahasyny telekeçiler we hususy kärhanalar tarapyndan ýöredilmäge başlanýar.

Döwlet eýeçiligindäki desgalary, edaralary we kärhanalary hususy eýeçilige geçirmek prosesine – hususylaşdyrmak diýilýär. Halkara pul gaznasyna (HPG) görä, sosialist sistemadan bazar ykdysadyýetine geçmek üçin iki sany zerur ädim etmeli bolýar: öňden bar bolan döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrylmaly we şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan täze kärhanalaryň we hyzmatlaryň döredilmegine rugsat bermeli. Hususylaşdyrmagyň esasy maksady kärhanalaryň netijeliligini artdyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek we desgalary satmak arkaly döwletiň gaznasyna pul getirmekden ybaratdyr.

Hususylaşdyrmagyň peýdalary

HPG-na görä, Gündogar Ýewropadaky hususylaşdyrylan kärhanalaryň öndürijilik derejeleri ýyllyk 45% artypdyr we bu mukdar döwlet eýeçiligindäki kärhanalarynyňkydan 5 esse ýokarydyr. Şeýle hem, hususylaşdyrylan kärhanalar işgär sanyny 20% azaldypdyrlar we önümçilikde şo bir netijäni we derejäni saklap bilipdirler. HPG görä, hususylaşdyrmagyň islendik görnüşi hususylaşdyrylmazlykdan has gowydyr. Ykdysadyýetini hususylaşdyran ýurtlarda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş standartlary has uly derejede galyp ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlylygy hem birnäçe esse ýokarlanypdyr.

Türkmenistan bazar ykdysadyýetimi?

Heritage Foundation” guramasynyň “Ykdysady erkinlik” indeksi ýurtlardaky hususy pudagyň gerimini, biznes açmagyň düzgünlerini we proseslerini, kanunyň hökmürowanlygyny we şahsy emlägiň goralşyny ölçeýär. Ýurtdaky ykdysady erkinlik näçe ýokary boldygyça, ýurduň ykdysady sistemasy hem bazar ykdysadyýetine ýakyn bolýandygy görkezilýär. Indeksde jemi 178 ýurda baha berilýär. Türkmenistan 167-nji orunda durýar. ÝDÖB-yň (EBRD) çykaran hasabatyna görä, Sowet ýurtlarynyň arasynda bazar ykdysadyýetine geçmek boýunça iň haýal reformalar Türkmenistanda geçirilýär. ÝDÖB-yň 2017-nji ýyldaky hasabatyna görä, 6 million ilatly Türkmenistanda diňe 279 müň adam hususy sektorda işleýän eken.

Haýsy desgalar hususy eýeçilige geçdi?

Hususylaşdyrmak çärelerini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi alyp barýar we hususylaşdyryljak desgalaryň sany ýerli metbugatda çap edilýär. Türkmenportal habar çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda 557 sany döwlet desgalary hususylaşdyrylypdyr. Olaryň 402 sanysy auksionda we beýleki 155 sanysy bolsa maýa goýum bäsleşigi arkaly amala aşyrylypdyr.

Netijede onlarça maldarçylyk we guşçulyk fermalary, senagat we azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, naharhanalar, ýüzlerçe dükanlar we gaýry emläkler hususylaşdyryldy. Bulardan daşgary hem söwda merkezleriniň hususy eýeçilige geçjekdigi aýdylýar.

Hususylaşdyrma prosesi nähili geçirilmeli?

Türkmenistanda myhmanhanalar, telekommunikasiýa (Altyn Asyr, Telekom), howa we demir ýollary, poçta hyzmatlary, pagta we bugdaý önümçiligi, teleýaýlymlar we banklarlaryň köpüsi döwlet eýeçiliginde bolmagyna galýar. Iri we kiçi obýetktleriň hususylaşdyrmasyny korrupsiýasyz, aç-açan şu aşakdaky şertleriň durmuşa geçirilmeginde ýola goýup bolardy:

  • Hususylaşdyryljak desgalaryň islendik adama deň mümkinçilik we deň jogapkärlik bilen (milletine, jynsyna, propiskasyna bagly bolmazdan) satylmak mümkinçiligi döredilse;
  • Hususylaşdyryljak desgalaryň we kärhanalaryň hemmesiniň atlaryny we maglumatlary giňişleýin mebugatda çap edilse. Meselem, kärhanada näçe adam işleýär, edaranyň soňky ýyllardaky eden girdejileri we çykdajylary ýaly maglumatlar aýan edilse;
  • Hususylaşdyryljak desganyň bahasy näçe? Onuň tölegini doly geçirmelimi ýa-da bölekleýin töläp bolýarmy?
  • Hususylaşdyrylan desgalaryň täze eýeleriniň atlary we olar barada maglumatlar çap edilse;
  • Hususylaşdyryljak desgalaryň we şoňa degişli maglumatlaryň hemmesini Maliýe we ykdysady ministrliginiň web sahypasynda açyk çap edilse;
  • Ýurtdaky hemme ýer döwlet eýeçiliginde, hatda daýhanlar haýsy bir ekini ekmek islände döwletden ýeri kärendesine alýarlar we islän zatlaryny ekip, ýetişdirip we islän kişisine satyp bilmeýärler. Ýeri eýesine berip, hususylaşdyrmak daýhanlaryň işiniň netijeliligini artdyryp olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrar. Hytaý bazar ykdysadyýetine geçeninden soňra, daýhanlaryň näme ekjekligi, nirede ekjekdigi we harytlary kime satjaklygy babatynda erkinlik berlensoň daýhanlaryň netijeliligi we hasyllyk birnäçe esse artypdyr.

Goňşy ýurtlarda ýagdaýlar nähili?

Russiýadaky hususylaşdyrma prosesini Ykdysady ösüş ministrligi alyp barýar we hususylaşdyryljak döwlet desgalarynyň sanawy Russiýa hökümetiniň resmi söwda web sahypasynda paýlaşylýar. Gazagstanyň Maliýe ministrliginde bolsa döwlet emläkleriniň we hususylaşdyrmagyň ýörite komiteti bar. Ýörite döredilen web sahypada soňky ýyllardaky hemme hususylaşdyrylan desgalaryň sanawy we täze hususylaşdyryljak döwlet eýeçiligindäki desgalarynyň atlary paýlaşylýar. Şeýle hem, ol ýerde döwlet eýeçiliginde bolan desgalaryň netijelilik derejesine gözegçilik edýärler.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: