Progres.Online

OECD: COVID-19 pandemiýasynyň Türkmenistana ýetiren sosial we ykdysady täsirleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) 2020-nji ýylyň 4-nji iýunda çap eden hasabatynda COVID-19 pandemiýasynyň Merkezi Aziýa ýetiren sosial we ykdysady täsiri we sebitdäki hökümetler tarapyndan görülýän çäreler hakynda syny taýýarlady. Hasabatyň Türkmenistana degişli bölümüniň gysgaça beýannamasyny size ýetirmegi makul bildik.

Ykdysady ýagdaýlar: Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň jemi içerki önümi 2019-njy ýylda 6.3% artdy we bu görkezijiniň ýokarlanmagy ýurduň nebit-gaz eksportynyň artmagy bilen düşündirilýär. Döwletiň eksportlarynyň 90%-y ýokarky agzalan tebigy baýlyklardan ybarat bolup, onuň hem 80%-i Hytaý döwletine satylýar. Pandemiýa başlany bäri, Hytaýyň Türkmenistandan import edýän harytlary 22.3% azaldy we bu Türkmenistanyň ykdysadyýetine öz täsirini ýetirdi. Ykdysadyýetde döwletiň güýjiniň uly bolanlygy we şo sebäpli çäkli resurslaryň döwlet tarapyndan ýerlikli paýlanmaýanlygy netijesinde, hususy sektoryň ykdysady dikeldiş, ösüş we iş üpjünçiligine goşup biljek goşandy üçin aýratyn töwekgelçilik bolup biler (EBRD, 2019).

Ykdysady täsirler: Halkara Pul Gaznasynyň (IMF) 2020-nji ýyl üçin taýýarlan çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň jemi içerki önümi bu ýyl bary-ýogy +1.8% ösüş gazanar. Elbetde bu çaklamalaryň amala aşyp bilmegi häkimiýetleriň pandemiýanyň öňüni almakda gazanan üstünliklerine we Hytaýyň ykdysady çökgünlikden dikelip bilmegine bagly bolar.

Döwlet maliýesi: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň tebigy gazyň eksportyna garaşlylygy sebäpli Hytaýyň gaza bolan isleginiň azalmagy Türkmenistanyň döwlet gaznasyna uly bir urgy bolýar. 8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti häzirki ykdysady krizisiň 2008-nji we 2014-15-nji ýyllardaky krizislerden has agyr boljakdygyny aýdyp, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üçin döwlet býudjetinden bölünip beriljek serişdeleriň azaljakdygyny belledi. Prezident şol bir çykyşynda ministrleriň hemmesinden tygşytlaýyş meýilnamalaryny düzmegi buýurdy. Bu çäreleriň birnäçe döwlet kärhanalarynyň işgärleri üçin zähmet hakynyň azaldylmagy bilen netijelenmesi krizisiň agyr ýüküniň işçileriň paýyna düşjekdigini görkezýär.

Köpçülik we СOVID-19 çäreleri: Türkmenistanda COVID-19 hadysasy resmi taýdan tassyklanmady. Hökümet, adatça, pandemiýa barada gürlemekden saklandy we ilatyň saglygy baradaky käbir çäkli maglumatlar bolaýmasa, raýatlara ýa-da firmalara СOVID-19 öňüni alyş çäreleri barada känbir görkezme bermedi. Muňa garamazdan, hökümet COVID keseliniň öňüni almak üçin käbir çäreleri gördi, meselem hemme serhetler ýapyldy we ýurda gelýän we çykýan uçuşlar ýatyryldy. Içerki herekete hem ep-esli çäklendirmeler girizildi. Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky çykdaýjylarynyň uly bölegi döwlet tarapyndan däl-de, eýsem raýatlar tarapyndan çykarylýar we bu proporsiýa dünyäde iň ulylaryň biri. Bu ýagdaý COVID pandemiýasy döwründe maddy taýdan ýagdaýy pes adamlarda we maşgalalarda has hem kynçylyk döreder.

Maddy çäreler: Türkmenistanda resmi kesgitlenen walýutanyň hümmeti 1 ABŞ dollary üçin 3,51 manat, emma resmi däl nyrha görä 1 dollar 22 manatdan ybarat we bu bolsa eksport etmek isleýän kärhanalar üçin örän ýaramaz täsirini ýetirýär. COVID-19-yň täsiri bilen içerki pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygy has hem peselip biler. Şol bir wagtyň özünde, gaz eksportynyň goşandy netijesinde dollarada gelýän söwda girdejileriniň azalmagy bilen hökümet eýýäm walýutaň alyş satuwyna gözegçiligini güýçlendirdi. Maý aýyndaky täze karara görä, döwlet we hususy firmalaryň ähli daşary ýurt walýuta girdejileriniň ýurduň Durnuklaşdyryş Gaznasynyň üstünden tölenmeli. Şondan soňra firmalara we şahsyýetlere hökümetiň resmi nyrhy boýunça dollar girdejisiniň manatdaky hümmedi tölener.

Ykdysady goldaw çäreleri. Eger COVID-19 täsiri ýerli ykdysadyýete agyr täsirini ýetiren halatynda, hususy firmalara nähili anyk kömek beriljekdigi barada hökümet tarapyndan henizem maglumat berilmedi. Içerki hereketiň çäklendirilmegi, ýurtdaky dükanlara we bazarlara azyk we beýleki esasy harytlaryň iberilmegini kynlaşdyrdy we bahalaryň ýokarlanmagyna we haryt ýetmezçiligine sebäp boldy. Şeýle-de, bankomatlardan nagt pul çekmek isleýän raýatlaryň dürli kynçylyklara sezewar bolýandyklary baradaky habarlar hem bar.

Maslahatlar

Gysga möhletde, hökümet ilatynyň saglygyny goramak we COVID-19-yň ykdysady täsirini azaltmak üçin güýçli çäreleri durmuşa geçirmäne taýarlyk görmeli. Alternatiw girdeji akymlaryny üpjün edip biljek ygtybarly we bäsdeşlige ukyply hususy sektoryň bolmazlygy, 2020-nji ýyldaky ösüşi peselder. Diwersifikasiýa tagallalary, telekiçilik pudagyny gowulaşdyrmak we daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlara içerki bazary açmak zerur bolup durýar. Daşary ýurt walýutalarynyň gözegçiligini gowşatmak, söwda ukyplylygyny we maýa goýujylaryň ynamyny güýçlendirip biler. Emma walýuta gözegçiligiň gowşadylman, tersine häzirki wagtda güýçlendirilýändigi aýdylýar.

Awtor: Merdan Amanow

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: