Progres.Online

Nebitiň we tebigy gazyň bahalary meniň durmuşyma nähili täsirini ýetirýär?

Bloomberg” neşiriniň habar bermegine görä, 25-nji ýanwarda Brent nebitiniň 1 barreliniň (159 litr) bahasy 55.41$ we tebigy gazyň bahasy 2.45$ (1 Mmbtu bahasy). Dünýä bazarynda tebigy gazyň 1 Mmbtu bahasy 2008-nji ýylda 15.7$ we nebitiň 1 barreliniň bahasy 2008-nji ýylda 166$ çenli ýokarydy. Görşümiz ýaly nebitiň we gazyň bahalary soňky 13 ýylda uly derejede peselipdir.

Nebit-gaz bahalarynyň üýtgäp durmagy Türkmenistana nähili täsirini ýetirýär?

Türkmenistanyň esasy eksporty tebigy gazdyr. Ykdysady görkezijileriň ilata elýeter bolmanlygy üçin, çaklamalara görä, gaz eksporty ýurduň girdejisiniň 70-80 göterimini düzýär. Türkmenistan tebigy gaz gory boýunça 50 trln metr kub bilen Russiýa, Eýran we Katardan soň dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Türkmenistan tebigy gazy näçe pula satýandygyny ilata äşgär etmeýär, emma Interfaks agentliginiň habar bermegine görä 2020-nji ýylyň Aprel aýynda Hytaý respublikasy türkmen gazyny satyn alanda her 1000 metr kub üçin 227$ töläpdir.

  • OEC portalyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň 91.7%-i tebigy resurslardan ybaratdyr. Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň uly bölegi nebit-gaz eksportlaryna garaşly bolany üçin, olaryň bahasyndaky çala üýtgeşme ýurdyň ykdysadyýetine öz täsirini ýetirip durýar.
  • 2014-nji ýyldaky nebit-gaz bahalarynyň düşmegi hem Türkmenistandaky ykdysady krizisi başladan ilkinji sebäplerden biridir. Nebit-gazdan gelýän girdejiniň azlyk etmegi bolsa Merkezi Bankdaky dollar rezerwleriniň mukdaryny azaltdy we dollar gytçylygyny döretdi. Şoňa jogap hökmünde Türkmenistanda dollar satuwy düýbünden gadagan edildi we raýatlar banka gidip, manatlaryny dollara çalşyp bilmeýärler. Bu hadysalaryň netijesinde bolsa dollaryň gara bazar söwdasy döredi.
  • Nebit-gaz eksportlarynyň azalyp, onuň bahasynyň düşmegi sebäpli ýüze çykan dollar krizisi netijesinde türkmen manadynyň hümmediniň dollara garşy güýji 8 esse peseldi.
  • Import edilýän harytlaryň mukdary 2014-nji ýylda 8.13 mlrd $ bolan bolsa, 2018-nji ýylda olaryň mukdary 2.38 mlrd $ çenli azaldy. Onuň sebäbi bolsa, dollaryň satuwynyň gadagan edilip, onuň gara bazardaky hümmediniň resmi kursdan 8 esse ýokary bolmagydyr. Bu bolsa daşyndan gelýän harytlaryň öňki bahasyndan 8 esse! gymmat baha satylmagyna itergi berdi. Onuň içine daşary ýurtdan import edilýän iýmit harytlary hem girýär.
  • Türkmenistanda dörän ykdysady krizis sebäpli ýurtdaky inflýasiýanyň derejesi Prof. Hankeniň hasaplamalaryna görä 2018-nji ýylda 294%, 2020-nji ýylda bolsa 31% çenli ýokarlanypdyr. Türkmenistanly maşgalalaryň aýlyk býudjetiniň 52% iýmit önümlerine sowulýar we beýle ýokary inflýasiýanyň raýatlara ýetirýän zyýany ägirt uludyr!
  • Daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly talyplaryna Türkmenistandan pul ugrutmak soňky 4 ýylda öran kynlaşdy. Ýurtda dollar satuwy gadagan we ene-atalar daşary ýurtda bilim alýan çagalaryna banklar arkaly resmi kursdan Western Union we Visa card arkaly her aý ujypsyz mukdarda pul ugradyp bilýärler. Pul ugratmakdaky çäklendirmeler aý geçdigiçe artýar we Western Union arkaly aýda 50$ we Visa card arkaly 100$ ugradyp bolýar. Pul çäklendirmeleri sebäpli birnäçe türkmenistanly talyplar okuwdan kowulma howpy astynda galýar.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä nebit-gazyň bahasy gelejekde has hem aşak düşüp biler sebäbi 2050-nji ýyla çenli bütindünýä energiýa çeşmesiniň 28%-ni we elektrik togunyň 49%-ni gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerden (güneş panelleri, ýel turbalary we ş.m) alnyp başlanar diýip çaklanylýar. Gelejekde beýle üýtgeşmelere Türkmenistan hökman taýyn bolmaly we şu wagtdan ýurda gelýän girdejide nebit-gaza bolan garaşlylygy azaltmaly. Dünýä Bankynyň berýän maslahatyna görä, ýurtda beýleki nebit we gaz däl senagatlary ösdürip, olara maýa goýum edip, ýkdysady diwersifikasiýa ýerine ýetirilmegi örän wajypdyr. Şu çäreler amal edilende, Türkmenistan agyr ykdysady krizisden az ýitgiler bilen çykyp biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: