Türkmenistandaky aýlyklar, inflýasiýa we manadyň hümmedi.
Her ýylda bolşy ýaly, 2021-nji ýylda hem Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar, stipendiýalar we beýleki sosial ýeňillikler 10% artdyrylar. Habarlara görä aýlyklaryň 10% ýokarlanmagy kanun tarapyndan diňe döwlet pudagynda işleýän adamlara degişli bolup durar. Şeýle hem bir aýyň dowamynda gazanyp boljak iň az aýlygyň mukdary döwlet tarapyndan 957 manat, pensiýalar bolsa 372 manat möçberinde belleniler. Aýlyklaryň galdyrylmagyna sebäp hökmünde kärhanalaryň işleriniň netijeliliginiň gowlanandygy we işçileriň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanandygy görkezilýär.
Bu habara nädip düşünmeli? Onuň üçin bolsa ilki bilen inflýasiýanyň nämedigine düşünmek örän wajypdyr.
Inflýasiýa näme?
Öň 3.5 manada plança haryt alyp bolardy we şu wagt bolsa o pula hiç zat düşenok diýip pikirlenip gördüňizmi? Onuň sebäbi bolsa puluň hümmediniň düşüp, inflýasiýanyň ýüze çykmagydyr. Belli bir wagtyň dowamynda harytlaryň bahasynyň artyp, ýerli puluň satyn alyş güýjüniň, hümmediniň peselmegine inflýasiýa diýilýär. Inflýasiýa dünýäniň islendik ýurdunda hem her ýyl ýüze çykýar, ýöne derejesi ýurtdan ýurda üýtgeýär. Meselem, 2019-njy ýylda Türkiýedäki inflýasiýa 15.2% artan bolsa, Şweýsariýada bary-ýogy 0.4% artypdyr. Inflýasiýanyň 50%-den ýokarda artmagyna “giperinflýasiýa” diýilýär we ol ýerli ýaşaýjylar üçin erbet habardyr. 10 manada alyp biljek harydyň bahasy 50% artsa, ol adamyň durmuş şertlerini hem şo dereje peselder. Inflýasiýa garşy göreşiň bir çäreleriniň biri bolsa aýlyklary galdyrmakdyr.
Walýutanyň gara bazarda satylmagynyň orny
2016-njy ýylda 1 ABŞ dollarynyň bahasy 3.5 manat bolan bolsa, 2020-nji ýylyň 29-nji noýabrdaky bahasy gara bazarda 26.3 manada çenli ýokarlandy. Manadyň hümmedi 7 esse peselen bolsa, import edilýän harytlaryň bahasy hem gönümel 7 esse artar. Netijede, şol harytlar üçin inflýasiýanyň möçberi 7 esse artdygy bolýar. Inflýasiýanyň artmagy diňe gara bazaryň bolmagynda däl-de, başga goşmaça sebäpler arkaly hem ýüze çykýar. Onuň üçin geliň ilki bilen inflýasiýanyň nädip hasaplanýandygyna göz aýlalyň.
Inflýasiýa nädip hasaplanylýar?
Dünýäniň köp ýurtlarynda inflýasiýa “Consumer Price Index (CPI)” görä hasaplanýar we ol birnäçe kategoriýalary öz içine alýar. Olar: iýmit, ýaşaýyş (arenda we kwartiralaryň bahalary); transport çykdaýjylary, egin-eşik, bilim we aragatnaşyk, dynç alyş, saglyk çykdaýjylary we maşgala üçin zerur bolan başga-da birnäçe harytlary we hyzmatlary öz içine alýar. Ýagny inflýasiýa ýekeje haryda görä däl-de, eýsem birnäçe ýaşaýyş üçin möhüm we zerur bolan harytlardan we hyzmatlardan ybarat bolan “sebede” görä hasaplanylýar. Eger şo sebediň bahasy 2019-njy ýylda 5 manat bolup, bu ýyl bolsa 6 manada ýeten bolsa, onda diýmek 2020-nji ýyldaky inflýasiýa 20% artdygy bolar.
Inflýasiýa hemişe erbet zatmy?
Ýewropa Merkezi Bankynyň düzgünlerine görä, ýyllyk inflýasiýanyň mukdary 2%-den az ýa-da ýakyn bolmagy harytlaryň bahasy üçin amatly derejedir. Dünýä Bankynyň çykaran hasaplamalaryna görä, dünýädäki iň ýokary inflýasiýany Wenezuelada (254.9%), Günorta Sudanda (187.9%) we Argentinada (53.5%) görüp bolýar.
Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi näçe?
Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) habar bermegine görä, 2020-nji ýylda Türkmenistandaky inflýasiýa 8% deňdir. Halkara resmi guramalaryň inflýasiýa degişli berýän maglumatlary hemişe olaryň öz çykarýan çaklamalarydyr, sebäbi Türkmen hökümediniň özi inflýasiýa degişli maglumatlary aýan etmeýär. Şeýle ýagdaýlarda, hakyky san 8% köp hem bolup biler, az hem bolmagy ahmal. Inflýasiýanyň 8% artyşy üçin aýlyklaryň 10% galdyrylmagy gaty gowy habar, ýöne şo berilen 8% hakykata laýykmyka?
2020-nji ýyl boýunça HPG-nyň çaklamalary boýunça Gazagstandaky inflaýasiýanyň derejesi 6.9%, Gyrgyzstanda 8%, Täjigistanda 8.1% we Özbegistanda 13%.
ABŞ-däki John Hopkins Uniwersitetiniň professory Steve Hanke-niň hasaplamalaryna görä, Türkmenistandaky inflýasiýanyň derejesi 2018-nji ýylda 294% ýetipdir. Prof. Hanke-niň 2020-nji ýyl boýunça çykaran hasabyna görä bolsa, Türkmenistandaky inflýasiýa 31% barabardyr. Beýle tapawuda düşündiriş hökmünde Prof. Hankeniň jogaby: “HPG inflýasiýany öňünden çaklaýar, a men bolsa ony real wagtda bolup geçişini ölçeýärin. Men öz ölçeglerimde ýerli walýutanyň güýjüne we gara bazary hem göz öňüne turýaryn, a HPG bolsa o zatlara seretmeýär” diýip belläp geçdi.
Ýokary inflýasiýanyň ýene bir meşhur sebäbi bolsa ýurtdaky Merkezi Bankyň has köp pul çap etmesi. Hökümetler köplenç bergilerini we başga çykdajylary töläp bilmekleri üçin has köp pul çap edip başlaýarlar. Pul näçe köp çap edildigiçe ýerli walýutanyň hümmeti hem şonça peseler.
Ýurtdaky inflýasiýa we garyplyk
Inflýasiýanyň çenden aşa ýokary bolmagy adamlaryň durmuş standardlaryny ençeme gezek peseldip, köp adamyň garyplaşmagyna itergi berýär. Ýurtlaryň garyplyk derejesini hasaplaýan “Wolrd Poverty Clock” maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 31% aşa garyplyk derejesinde ýaşaýar. Beýle ýokary derejedäki garyplyk ýurtdaky soňky ýyllarda ýüze çykan ýokary inflýasiýa bilen gabat gelýär. Türkmen hökümedi ýurtdaky garyplyk derejesi hakynda BMG-nyň DÖM hasabatynda, “garyplyk ýok” diýip bellenilýär. Ýurtda adamlaryň aýlyk çykdaýjylarynyň 52% iýmit üçin sowulýan bolsa, inflýasiýanyň ýokary bolmagy adamlaryň durmuşyna gönüden göni täsirini ýetirýär.
Türkmenistandaky inflýasiýany azaltmak üçin nähili çäreleri görüp bolar?
Türkmen hökümedi dollaryň bahasyny emeli usulda we şekilde 3.5 manatda saklap, onuň satuwyny gadagan etmek bilen gara bazaryň emele gelmegine ýol açdy. Şo sebäpden, hökümet dollaryň bahasyny 3.5 manatda saklamagyny aýyryp, onuň bahasyny Merkezi Bankyň we ýurtdaky dollarlaryň mukdaryna görä, “açyk bazar” bahasyna görä kesgitlenmeli. Şeýle hem, ýurtda dollar gytçylygy bar wagty, hökümet gaznasyndan sowulýan oteller we beýleki gereksiz gurluşyk we şoňa meňzeş zatlaryň çykdaýjylaryny azaltmaly.
Dollaryň satuwy resmi ýagdaýda halka gadagan hem edilen bolsa, hökümediň özi pul sowmak islände arkaýyn sowup bilýär. Bu bolsa hökümede ýakyn adamlaryň dollary 3.5 manatdan satyn alyp, ony gara bazarda 26 manatdan satmaklaryna ýol açýar. Şeýle ýagdaýda, sanly adamlaryň aňsatlyk bilen pul gazanmagy üçin halkyň aglaba bölegi kösençlikde ýaşamaly bolýar.
Awtor: Merdan Amanow