Progres.Online

Aşgabat gazna biržasy näme?

Gazna biržasy – bu dürli kärhanalaryň paýnamalarynyň, obligasiýalarynyň, bondlarynyň we beýleki gymmatly kagyzlaryň söwda edilýän ýeridir. Türkmenistanda hem ilkinji gazna biržasy “Aşgabat Gazna biržasy” ady bilen 2016-njy ýylda işläp başlady.

Aşgabat gazna biržasy” (rusça: “Ашхабадская фондовая биржа”, iňlisçe: “the Ashgabat Stock Exchange”) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir (ÝGPJ). Biržanyň iş düzgünleri 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda we “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” (2014ý.) kanunynda kesgitlenilýär. Biržadaky ilkinji paýnamalar 2019-njy ýylda satuwa çykaryldy.

Biržanyň açylmagynyň esasy maksady ýurtdaky gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek we onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekmek hem-de eksporty ösdürmekdir. Aşgabat gazna biržasynyň esaslandyryjylary: Senagat PTB (eýeçiligiň 55%), Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasy (20%), Türkmenstandartlary (20%) we Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ÝGPJ (5%). Biržanyň baş müdiri Nurgeldi Meredow. Biržanyň web sahypasynda diňe Türkmen dilinde maglumat berilýär.

Paýnamalar

Aşgabat gazna biržasynda kärhanalar öz gymmatly kagyzlaryny, ýagny paýnamalaryny (iňlisçe: “stocks”, rusça: “акции”) listing edip bilýärler. Listing – birža tarapyndan gymmatly kagyzlary biržanyň resmi sanawyna girizmek we söwdalara göýbermekden ybaratdyr. Kärhanalar bu biržada öz paýnamalaryny ýerleşdirmek üçin bir paýnamanyň 150 ýa-da 200 essesini bir gezeklik mukdarda tölemeli. Häzirki wagtda Aşgabat gazna biržasynda bary-ýogy 3 sany kärhana öz gymmatly kagyzlaryny listing edipdir:

  1. Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky (PTB);
  2. Türkmenistanyň “Halkbank” PTB;
  3. Rysgal PTB.

Çeşme: Aşgabat gazna biržasy

Paýnamalaryň bahasy bazardaky islege we üpjünçilige görä däl-de, kesgitlenen şekilde bellenilen. Paýnamalaryň bahalary durnukly saklanylsa maýadarlarda bu paýlary satyn almaga höwes döremezligi mümkin. Orient habarlar ulgamyna görä, Senagat bankynyň her bir paýnamasyndan ýyllyk 20% diwidend (paýpeýda) alyp bolýar. Meselem, 1000 manat mukdarda alnan paýnama üçin bir ýylda 200 manat diwidend alyp bolar. Emma bu maglumatlaryň hemmesi biržanyň web sahypasynda, her paýnamanyň içinde ýerleşdirilmeli.

Brokerler

Müşderiler bu paýnamalary satyn almak üçin aşaky dellallara (brokerlere) ýüz tutmalydyr:

  • “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik banky (DTB);
  • “Daýhanbank” DTB;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary işler ykdysady iş banky;
  • “Türkmenbaşy” PTB we “Halkbank” PTB.

Paýnamalary satyn almak hemmelere elýeterlidir (ýagny hem biznes eýelerine hem-de ýönekeý şahsyýetlere).

Nämeler kem?

Listing edilen kärhanalar hökmany ýagdaýda her ýyl maliýe hasabatyny (girdeji hasabaty) halka açyk şekilde öz web sahypalarynda çap etmeli. Aşgabat gazna biržasyndaky listing edilen 3 kärhananyň içinden diňe Senagat Banky 2013-2019-njy ýyllar arasynda durnukly we yzygiderli maliýe hasabatyny we onuň audit edilen nusgasyny çap edipdir. Emma 2020 we 2021-nji ýyllar üçin maliýe hasabaty ýerleşdirilmändir. Biržadaky beýleki iki kärhana bolsa (Rysgal bank we Halkbank) hiç bir ýyl üçin maliýe hasabatyny paýlaşmandyr.

Goňşy ýurtlara syn

Gazagystanyň gazna biržasy (Kazakhstan stock exchange) 1993-nji ýylda açyldy. Onda 235 sany kärhana ýer alýar we olaryň arasynda daşary ýurt kärhanalary hem listing edilen. Türkmenistandaky we Gazagystandaky gazna biržalarynyň aratapawutlarynyň doly görnüşi aşakdaky tablisada berlen:

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk

ABŞ-nyň USAID guramasy Aşgabat gazna biržasyny ösdürmek we daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen wirtual seminar geçirdi. Bu seminarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Matthew Klimow “erkin işleýän gazna biržasynyň ýurduň gülläp ösmegine kepil bolup biljegine ynanýaryn” diýip, nygtap geçdi. Şeýle hem, Aşgabat gazna biržasyny ösdürmek maksady bilen USAID 2022-nji ýylyň ýanwarynda biržanyň işleri boýunça kanuny derňew geçirip, biržanyň işini gowulandyrmak üçin zerur okuwlary we gözlegleri goldajak platforma döretmäge kömek etjekdigini aýtdy. Türkmenistanda birža bazaryny dikeltmek üçin ýurduň häkimiýetleri başga-da birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Olardan UNDP, EBRD (Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky) and ADB (Aziýa Ösüş Banky) görkezilse bolar.

Üstünlikli gazna biržasynyň döremegi we işlemegi üçin nähili şertler bolmaly?

  • Inflýasiýa pes derejede we durnukly şekilde saklanmaly;
  • Hökümet tarapyndan durnukly maliýe dolandyrylyşy üpjün edilmeli;
  • Hukuk gurşawy: uzak möhletli maliýe şertnamalary we amallary netijeli we adalatly ýerine ýetirilmeli;
  • Birža bazary adalatly, täsirli we aç-açan bolmaly;
  • Bergisini töläp bilmeýän kärhanalar üçin netijeli we durnukly kanunlar bolmaly;
  • Biržada paýnamasyny satýan kärhanalara garşy düzgünler girizilmeli (kärhana hakynda, onuň girdejisi we beýleki ýalňyş maglumatlaryň öňüni almak we berk çäreler görmek);
  • Maýa goýujylary goramak üçin hukuk we kazyýet ulgamlary güýçlendirilmeli.

Çeşme: The committee on the Global Financial System

Kärhanalar näme üçin gymmatly kagyzlaryny satýarlar?

Kärhanalar biznes alyp barmak üçin belli bir mukdarda kapital ýygnamaly. Bu kapitaly birnäçe usullar arkaly toplap bolýar: maşgaladan we dost-ýarlardan karz almak, banklardan kredit almak, maýa goýujy tapmak ýa-da kärhananyň gymmatly kagyzlaryny, ýagny paýnamalaryny biržalar arkaly satmak. Kärhana paýnamasyny satanda, ondan geljek pul arkaly goşmaça kapital ýygnap, biznesini ulaldyp bilýär. Paýnamany satyn alan adamlar we guramalar bolsa, gymmatly kagyzyny satýan kärhananyň paýdary (iňlisçe: shareholder) bolup bilýärler. Paýnamalary satmak arkaly kärhanalar ulalyp, täze harytlary we täze iş orunlaryny döredip bilýärler ýa-da ylmy gözlegler we ösüş (RD) üçin maýa goýum goýup, täze innowasiýalary döredip bilýärler.

Paýnamalaryň bahasy olaryň bazardaky mukdaryna we olara bolan islege (iňlisçe: supply and demand) görä kesgitlenilýär. Eger paýnamany satyn almak isleýänleriň sany bazardaky paýnamalaryň mukdaryndan ýokary bolsa, onda onuň bahasy artýar. Tersine bolan ýagdaýynda, paýnamalaryň bahasy düşýär. Sen şahsyýet hökmünde paýnamany satyn alanyňdan soňra, ony islendik wagt satyp bilýärsiň. Eger satan bahaň başdaky alan bahaňdan ýokary bolsa, onda bu paýnamadan girdeji etdigiň bolýar.

Döwletiň orny nähili?

Döwlete degişli edaralar hem dürli kärhanalaryň paýnamalaryny satyn alyp bilýärler. Meselem, Aşgabat gazna biržasynyň özi hem ýapyk paýdarlar jemgyýeti bolup durýar we onuň paýlary Senegat PTB, Türkmenstandartlary we Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýaly kärhanalara degişlidir. Ýa-da bolmasa, “Türkmendokma” kärhanasynyň paýynyň 90%-i Dokma senagaty ministrligine degişlidir.

Döwlet biržany nädip düzgünleşdirýär?

Daşary ýurtlardaky amallara görä, biržalarda paýnama satýan kärhanalar bilen müşderileriň arasyndaky aragatnaşygyň ynamly we durnukly geçmegi üçin hökümetler biržalary düzgünleşdirýärler. Bu düzgünnamalaryň esasy maksady müşderini goramakdyr:

  • Açyk hasabatlar: Birža arkaly paýnamasyny satýan kärhana wagtly-wagtynda öz maliýe hasabatyny aýan etmeli. Bu hasabatda kärhananyň bergileri, girdejileri, başlyklaryň aýlyklary we beýleki wajyp maliýe maglumatlar paýlaşylmaly;
  • Paýnamasyny satýan kärhana öz harytlary/hyzmatlary, girdejileri we beýleki maliýe maglumatlary hakynda ýalňyş maglumatlar bermeli däl;
  • Brokerleriň hemmesi döwletde hasaba durmaly we döwletiň rugsady bolmazdan brokerçilik edip bilmeli däl.

Başga nähili biržalar bar?

Aşgabat gazna biržasyndan başga-da Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hem bar, ýöne bu biržada kärhanalar öz paýnamalaryny satmaýarlar. Bu birža döwlet edarasy bolup, onuň esasy maksady ýurduň içinde eksport-import işlerini kadalaşdyrmakdan ybarat. Bu biržada telekeçiler öz harytlaryny içerki we daşarky bazara teklip etmek üçin bildiriş goýup bilýärler. Şeýle hem, bu birža arkaly daşary ýurtly we türkmenistanly telekeçiler birnäçe söwda geleşiklerini amala aşyryp bilýärler. Telekeçiler haryt satmak we satyn almak üçin bu biržada hasaba durmalydyrlar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: