Progres.Online

Arzan benzin nämäni aňladýar?

Türkmenistanda benziniň 1 litr bahasy 1.5 manat (US$ 0.429). 870 manatdan ybarat bolan ýurtdaky minimal aýlyk bilen ölçelende 1 aýda 580 litr benziniň bahasyna barabardyr. Deňeşdirme hökmünde Germaniýadaky 1 aýlyga 1273 litr, Beýik Britaniýada 1218 litr, ABŞ’da 1736 litr benzin satyn alyp bolýar (Meselem, Germaniýada iň az töleg sagatlyk 9,35€ we aýlyk 1496€, we 1496€-ny benziniň 1 litr bahasy bolan 1.175€ bölsek, 1273 litr çykýar).

Türkmenistanda ýangyjy (nebit, benzin we ş.m.) Türkmen Nebit Önümleri (TNÖ) kärhanasy öndürýär we satýar, emma bu kärhana hakynda giňişleýin öwrenmek bize başartmady, sebäbi firmanyň web sahypasy ýok. Soňky 5 ýylyň içinde benziniň bahasy 60 teňňeden başlap 1.5 manada çenli döwlet tarapyndan galdyryldy. Pudagyň erkin bazar ykdysadyýetine görä dolandyrylmaýany sebäpli benziniň hakyky bazar bahasyny bilmek mümkin däl, sebäbi ýurtda benzin hödürleýän ýekeje kärhana bar we bäsdeşlik bolmany üçin TNÖ islendik bahany goýup bilýärler.

Meselem, Gazagystanda benzin satyn almak isleýänler üçin onlarça kärhana öz harytlaryny hödürleýärler we olaryň hersiniň web sahypasynda ähli maglumatlar ilata açyk ýerleşdirilen. “KazMunazGaz” kärhanasynyň web sahypasyndaky şeýle maglumat ýerleşdirilen: inwestorlar, kärhananyň göwrümi, administrasiýasy, proýektleri, dürli proýektler üçin müşderileriň pikirleri we teklipler, haýsy şäherlerde benzin nokatlarynyň bardygy we olaryň kartada ýerleşýän ýerleri.

Subsidiýa näme?

Subsidiýa adatça hökümet tarapyndan şahsyýetlere ýa-da firmalara göni ýa-da gytaklaýyn şekilde berilýän nagt töleglerinden we salgyt ýeňilliklerinden ybaratdyr.

Gazylyp alynýan ýangyçlaryň hataryna kömür, nebit, tebigy gaz girýär we olaryň dünýädäki önümçilik we energetiki pudaklardaky orny gaty ulydyr. Gazylyp alynýan ýangyçlar üçin subsidiýasy – dürli hökümetler tarapyndan gazylyp alynýan ýangyç senagatyna finans tarapdan berilýän kömeklere aýdylýar. Subsidiýalara şeýle hem amatly nyrhlar boýunça karzlar we kepillikler, bahalara gözegçilik etmek, ýangyç kompaniýalaryna bazar nyrhyndan pes bahada ýer we suw bilen üpjün etmek, gözleg we ösüş maliýeleşdirmeleri hem girýär.

Subsidiýalaryň peýdaly taraplary barmy?

Bu alnyp barylýan çäreleriň netijesinde ýangyç önümçiliginiň bahasy peselýär, energiýä önümçiligini alyp barýan firmalaryň girdejisi artýar we energiýa sarp edijileriniň töleýän bahasy düşýär. Onuň netijesinde, ýangyç kärhanalara berilýän mümkinçilikler alternatiw energiýa çeşmelerini (gün, ýel we beýlekiler) ösdürýän kärhanalarynyňkydan has üstün bolýar.

Halkara Energiýa Gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 7% ýangyç subsidiýalaryna sarp edilýär. Deňeşdirme hökmünde Russiýa JIÖ-niň 1.5%, Özbegistan 7.4%, Gazagstan 1.8%, Eýran 18.8% we Wenezuela 16.7% subsidiýalara sarp edýär.

Subsidiýa kän göýberilýän ýurtlarda ýangyjyň bahasy çyndanam arzan bolýarmy onda?

Gazagstanda iň az aýlyk bilen 1 aýyň içinde 258 litr, Wenezuelada 160 litr, Eýranda 1200 litr, Özbegistanda 81 litr, Russiýada 260 litr benzin satyn alyp bolýar. Eýranda subsidiýalaryň kömegi uly ýaly görünse-de, beýleki ýurtlarda subsidiýalaryň derejesiniň bolan ýagdaýynda hem bahalaryň arzan däldigine göz ýetirse boljak. Diýmek ýangyç bahalarynyň arzan ýa-da gymmat bolmagynda başga wajyp sebäpler hem bolmalydyr, ol hem ýurtlaryň umumy ykdysady ýagdaýlaryna baglydyr. Orta we garyp ýurtlarda subsidiýalar ýangyçlaryň bahasyny azaltsa hem, ösen we baý ýurtlarda subsidiýa bolmasa-da, müşderiler elýeterli bahadan ýangyç alyp bilýärler.

Meselem, ABŞ-däki ýangyç subsidiýalary ýurdyň 1 ýyllyk JIÖ-niň 0.1% deň bolsa-da, Amerikadaky sarp edijiler iň az aýlyk bilen 1 aýyň dowamynda 1736 litr benzin satyn alyp bolýärler. Germaniýada subsidiýalar ýyllyk JIÖ-iň 0.86% ybarat, emma ol ýerde ýaşaýanlar 1 aýlyga 1273 lirt benzin satyn alyp bilýärler. Beýik Britaniýada ýyllyk subsidiýalar JIÖ-iň 0.5% barabar, emma sarp edijiler 1 aýda 1218 litr ýangyç satyn alyp bilýärler. Ady agzalan ýurtlaryň ykdysadyýetleri gaty güýçli bolup, ýaşaýyş şertleri ýokary bolany üçin diňe ýangyç däl, eýsem başga harytlaryň bahalary hem elýeterli bolup durýar.

Subsidiýalaryň zyýany barmy?

Gazylyp alynýan ýangyçlara berilýän subsidiýalaryň 2 sany uly negatiw täsiri bolýar.

Klimatyň uýtgemegini çaltlaşdyrýar: ýangyç senagatynyň kömürturşy gazyny çykarmakdaky orny dünýäde iň öňdäki hatarlarda durýar. Döwletleriň ýangyç energiýasyny öndürýän senegatlara finans tarapdan kömek etmeleri klimatyň üýtgemegine garşy göreşi has hem kynlaşdyryp biler. Gazylyp alynýan ýangyçlaryň arasynda tebigy gaz iň az kömürturşy gazyny çykarýan energiýa çeşmesidir. Tebigy gaz nebitden 30% az we kömürden bolsa 45% az derejede kömürturşy gazyny ýakýar.

Ýaşyl energiýanyň ösmegine böwet: subsidiýalaryň kömegi bilen ýangyç senagatynyň energetiki önümleri hakyky bahasyndan arzan derejede çykar we beýleki kömüturşy gazyny atmosfera çykarmaýan arassa energiýa çeşmeleriň hataryna girýän gaýtadan dikeldilýän ýaşyl we ýadro energiýalary üçin hakyky bäsdeşligiň öňüne böwet bolup biler. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine güneşden, ýelden, suwdan, ýagyşdan, tolkundan we geotermiki ýylylykdan alynýan energiýa çeşmelerine aýdylýar. Ýadro energiýasy hem uran atomlaryndan alynyp, ýadro reaktorlarynyň kömegi bilen çykarylýar.

Maňa näme? Arzan bolsa bolýada…. Goýberilýän subsidiýalaryň benziniň bahasyny peseldýän ýagdaýynda hem, olaryň adaty raýatyň durmuşuna we bütin jemgyýete ýetirip biljek ykdysady we sosial täsirleri uly bolup biler. Meselem, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gazylyp alynýan ýangyçlaryň öndürilen wagtynda atmosfera birnäçe mukdarda kömürturşy gazlary göýberilýär we klimadyň ýaramaz derejede üýtgemegine göniden-göni sebäp bolup bilýär. Şo sebäpli, bu zyýanly ýangyçlara berilýän subsidiýalary azaldylyp, Türkmenistanda arassa energiýa çeşmeleri bolan ýaşyl energiýalaryna has köp maýa goýum edilmeli. Bu reformalar amala aşyrylan ýagdaýynda, ýurdumyzda ykdysadyýetde täze iş ýerleriň döremegine, ekologiýanyň arassalanmagyna, ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowylaşmagyna we klimadyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almakda peýdasy uly bolar.

Suratyň asyl çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: