Progres.Online

Ýurduň ösüşi terbiýe we bilim nusgalary bilen nähili baglanyşykly?

Çaganyň hukuklaryna hormat goýmak jemgyýetiň we ýurduň ösüşiniň esasy görkezijilerinden we sebäplerinden biridir. Çaga terbiýelemek nusgalary we onuň hukuklarynyň ösüş derejesi jemgyýetdäki demokratik medeniýetiň we plýuralizmiň (dürli jynslardaky, dini ynançlary we däpleri meňzeş bolmaýan adamlaryň bir jemgyýetde ýaşap bilmegi) ösüş derejesine gönüden-göni täsir edýär.

Merkezi Aziýa jemgyýeteri entek dünýä jemgyýetçiligindäki möhüm ugurlaryň hiç birinde görnükli orny eýelemegi başarmady. Muňa ýönekeý düşündiriş berip bolmaz. Emma, biziň pikirimize görä, bu ýagdaýyň esasy sebäplerinden biri sebitdäki terbiýe we bilim nusgalarynda totalitar geçmişiň galdyran yzlarydyr. Şu wagta çenli Merkezi Aziýa jemgyýetlerinde terbiýe we bilim nusgalary “adam merkezli” bolmagy başarmady. Bu nusgalaryň esasy görkezijisi adamy merkezde goýmaýan awtoritarizmdyr (“tehnokratiki” nusga). Bu aýratynlyk köplenç adam, esasan hem çaga hukuklaryny äsgermezlik edýär. Merkezleşdirilen hökümet döwründe awtoritar häsiýete eýe bolan bilim we terbiýe beriş nusgasy düzgüne laýyk adamlary taýýarlaýardy. Häzirki maglumat we tehnologiýa döwründe, düýbünden başgaça pikirlenýän, başga hilli başarnyklary bolan adamlar talap edilýär. Bu bolsa, biziň pikirimiz boýunça, birinjilik bilen terbiýe we bilim nusgalarynyň we çagalaryň hukuklaryna bolan garaýyşlaryň täzeden gözden geçirilmegini talap edýär.

Nazary esas

Ylmy lingwistikanyň professory J. Lakofyň öňe sürýän çaga terbiýe bermegiň (bilim ulgamynda hem ulanylýan) iki nusgasyny göz öňünde tutmak bilen başlamalydyrys. Olar “Berk tutýan (awtoritar-zulum ediji) ene-ata” we “Terbiýe beriji (ynamdar-alada edýän) ene-atadyr”. Ylmy psihologiýasyna görä biziň edýän her bir herekedimiziň takmynan 90%-i aň-düşünje derejesinde (endikler, duýgular, garaýyşlar) emele gelýär. Bular bolsa, köplenç çagalykda haçanda hiçhili tankydy pikir etmezden hemme eştýän we görýän zatlarymyzy özümize siňdirýän wagtlarymyz döreýär. Bu nusgalar jemgyýetlerimiziň häzirki ýagdaýyna has düýpgöter düşünmegimize we düşündirmegimize kömek eder. Ýokarda agzalyp geçilen ene-ata nusgalary şahsyýetiň pikirlenişiniň döremegini, mentalitetini, maşgala we jemgyýetde özüni alyp barşyny, okaýan we daş töwereginde bolup geçýän zatlary analiz etmegini umuman, sosial durmuşynyň “aşakdan ýokary” hemme ugurlaryna täsir edýär. Gysgaça aýdylanda, bu nusgalar şahsyýetiň emele gelmeginiň akyly/beýni görnüşleri bolup, onuň belli bir şekilde pikirlenişini, özüni alyp barşyny, ahlagyny, adamkärçilik we gymmatlyklar derejesini belleýär we ösdürýär. Bular bolsa, adatça, adam durmuşynyň belli bir döwrinde şahsy (şeýle hem dini) durmuşa, jemgyýetçilik we belki syýasy durmuşa hem geçýär [Lakoff 2002].

Sowet döwrüniň bilim ulgamyna gabat gelýän we tehnokratik düşünjä esaslanýan “Berk tutýan (awtoritar-zulum ediji) ene-ata” nusgasyny alsak, onda ene-ata (ýeke ene-ataly maşgalalarda diňe eje) “güýjiň eýesi”, maşgalanyň galan agzalaryna bolsa “gol astyndakylar” wezipesi bellenilýär. “Berk tutýan ene-ata” nusgasy talap ediji ahlak we terbiýe kadalary bilen kesgitlenilýär. Bulary çagalara jezalandyrmak (köp ýurtlarda gadagan edilýän fiziki we duýgy taýdan ýaly), höweslendirmek, berk gözegçilik we tertip-düzgün usullary arkaly öwredýärler. Şeýle nusgada “ene-atanyň” derejesi çaganyň derejesinden gürrüňsiz “ýokary” hasaplanylýandygy sebäpli, çaganyň ähmiýeti pes hasaplanylýar. Şonuň üçin ol aýratyn şahsyýet hökmünde kabul edilmeýär, oňa adam hökmünde hormat goýulmaýar, onuň pikiri göz öňünde tutulmaýar, çaga we ene-atanyň arasyndaky gepleşik we ylalaşyk höweslendirilmeýär. Kararlar “berk ene-atalar” tarapyndan kabul edilýär, çaganyň wesipesi “diňlemek we ýerine ýetirmek” sebäbi, “berk ene-atalaryň (ýa-da umuman ulularyň) pikiri hemişe dogry”. Dünýä we jemgyýet ynamly däl, güýçli bolmasaň diri galmarsyň ýaly köp howplary öz içinde saklaýan bir ýer diýlip hasaplanylýar. Şeýle ýagdaýda çagada özüni terbiýelemek, öz ykbalyňy kesgitlemek we şahsy gyzyklanmalar edinmek ýaly hasiýetleri ösdürmek möhümdir. Emma, aşakda görkezilişi ýaly, bu usuldan ýörelge alynsa, öz-özüňi terbiýelemek, öz ykbalyňy kesgitlemek ýaly häsiýetleriň ösmeginiň ähtimallygy gaty pesdir. Munuň tersine, ynsanperwer bilim nusgasyna ýakyn bolan “Terbiýe beriji (ynamdar-alada edýän) ene-ata” nusgasynda çaga hormata mynasyp aýratyn, garaşsyz adam hökmünde görülýär, onuň özboluşlulygy kabul edilip, üýtgeşik pikirleri höweslendirilýär. Ene-ata (bu nusga maşgalada eje we kaka deň we sazlaşykly wezipeler kesgitleýär) bilen çaganyň arasynda birek-birege hormat goýmak, pikir alyşmak we ylalaşyk esasynda gepleşik geçirilýär. Ene-ata tarapyndan alynan kararlar çaga düşündirilmek bilen oňa özbaşdak karar bermek öwredilýär. Mundan başga-da, çagada maşgala we jemgyýet bilen baglanyşykly jogapkärçiligiň ösmegine goşant goşýar. Terbiýe bermegiň bu nusgasyny eden-etdilik bilen garyşdyrmaly däl. Sebäbi, ol ene-ata tarapyndan fiziki jezany ulanmazdan düşündirişler, gepleşikler, şahsy mysallar arkaly öwredilýän ahlak kadalaryny we özüňi alyp baryş ülňülerini öz içine alýar. Bular adalatly bolmak, jemgyýet bilen arabaglanyşygyňy saklamak, daşky gurşawa rehimdarlyk etmek we ejizleri goramakdyr.

Iki nusganyň arasyndaky esasy tapawutlar şulardyr; “Terbiýe beriji (ynamdar-alada edýän) ene-ata” nusgasy adam merkezli, adamyň şol sanda hem çaganyň hukuklaryna hormat goýýar, onuň özboluşlylygyny kabul edýär. Munuň tersine, “Berk tutýan (awtoritar-zulum ediji) ene-ata” nusgasynda berk ülňüler ulgamyndan ugur alynýar olary berjaý etmezlik bolsa kemçilik we gowşaklyk diýilip hasap edilýär. Şeýle hem, bu nusgada ejizleriň (çagalar, aýallar we maýyplar) hukuklary äsgerilmeýär, çaga we onuň pikirine bolsa düýbünden hormat goýulmaýar.

Bu nusgalaryň çaga we jemgyýete ýetirýän täsiri

Şeýlelik bilen, çaganyň pikirlenişiniň we mentalitetiniň, geljekde garaşsyz şahsyýetiň kemala gelmeginde terbiýelemegiň bu iki nusgasynyň täsiri düýpgöter üýtgeşikdir. Çagany “Terbiýe beriji ene-ata” nusgasyna görä terbiýelemegiň netijesi özüne ynamly, göwni ýetýän, başkalary we özüni kabul edip hormat goýýan, tankydy we özbaşdak pikirlenip hereket edýän (bir söz bilen aýdylanda, nazary we durmuş ýörelgesine esaslanýan plýuralizmi kabul edýän adam) plýuralistik şahsyýetdir. Munuň tersine, “Berk tutýan (awtoritar-zulum ediji) ene-ata” nusgasy bolsa, “ene-ata” çaganyň özboluşlylygyny kabul etmeýänligi, oňa hormat goýmaýanlygy, pikirini diňlemeýänligi we köplenç kemsitýänligi sebäpli şahsyýetiň özüne bolan ynamynyň döremegine ýaramaz täsir edýär. Netijede, özüne hormat goýulmaýan we hormat goýmagyň mysalyny asla görmeýän çaga başga adamlara hem hormat goýmaýar. Çaganyň tankydy pikirlenip bilmek başarnygy hem ösmän galýar sebäbi, onuň şahsyýeti hemişe basylyp ýatyrylýardy. Onuň ýerine köplenç çaganyň ene-atasynda jeza we ret etmek görnüşinde gören agressiwlik gelýär. Mundan başga-da, ene-atasynyň berk gözegçiligi sebäpli çagada özüni saklap bilmek ukuby peselýär hatda, şeýle gözegçilige mätäç hem bolýar. Şeýlelikde, nazary we durmuşa esaslanýan plýuralizmy hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda gurulan köpçülikleýin işleşmegi kabul etmekde kynçylyk çekýän şahsyýetiň kemala gelmegi tebigydyr.

Ýokarda agzalanlary jemgyýete geçirip aýtsak, birinji ýagdaýda(“Berk tutýan (awtoritar-zulum ediji) ene -ata” nusgasy), jemgyýetde, bir tarapdan, awtoritar hatda totalitar çemeleşmeleriň ýaýramagynyň akyl, aň-düşünje başlangyçlarynyň düýbi tutulýar hem-de hukuk medeniýetiniň kemala gelmegi gowşaýar. Beýleki tarapdan “başgalary ret etmek”, ýagny “gowy raýatyň” ülňüsine laýyk gelmeýän adamlary kabul etmezlik (plýuralizmiň pes derejesi), ejizleriň (zenanlaryň, çagalaryň, maýyplaryň we başg.) hukuklaryny depgilemek, jyns, din we başga alamatlar boýunça yzygiderlikli deňsizligi görmek bolýar. Agressiýanyň, zorlugyň (mekdep, maşgala, harby borç), jenaýatyň, bikanun işleriň beýlekiler bilen deňeşdirilende yokary derejesini görüp bolýar. Agressiýany we zorlugy çagalary terbileýelemegiň ilkinji pursatlaryndan başlap, olaryň hukuklaryna äsgermezlik edip, ulularyň özleri (ene-atalar, mugallymlar) kanunylaşdyrýarlar. Mundan başga-da, özgertmeleriň pes derejesi, ilatyň arasynda tankydy we döredijilikli pikirlenmegiň ösmänligi sebäpli “işewürlik görkezijisiniň” pes derejede bolmagyna eltýär. Jemgyýetçilik jogapkäçiliginiň pes derejesi, daşky gurşawyň kadalarynyň bozulmagy, köpçülikleýin işleşmek düşünjesiniň we medeniýetiň pes derejesini hem görmek bolýar. Netijede, pes plýuralistiki demokratik medeniyet, gözegçilige garaşlylyk, awtoritar lideriň zerurlygy ýüze çykýar (öňki sowet ýurtlarynyň köpüsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary).

Ikinji ýagdaýda, “Terbiýe beriji ene-ata” nusgasy ylmy we tehnologiki taýdan ösen, dürli medeniýetliligi kabul edýän, şeýle hem, her bir raýatyň, şolaryň içinde çagalaryň, zenanlaryň, maýyplaryň, hukuklaryna hormat goýýan hukuk düşünjesi ýokary bolan sosial tarapdan plýuralistik jemgyýeti ösdürmäge kömek edýär.

Ösen ýurtlarda maýyplar jemgyýetiň deňhukukly bir bölegidigini we öňki sowet ýurtlarynyň köpüsinde bolşyndan tapawutlylykda olaryň jemgyýetden daşlaşdyrylmaýanlygyny bellemek zerurdyr. Bu ýurtlarda olar üçin zerur amatlylyklar döredilen we hemme gerek bolan hyzmatlar berilýär. Olaryň ýokary bilim almak, iş tapmak, maşgala döretmek, boş wagtlaryny gurnamak mümkinçilikleri bar. Ikinjiden, jenaýatyň we bikanun işleriň derejesiniň pes bolmagy bilen, köpçülikleýin işleşmek medeniýetiniň, hakyky (hyýaly däl-de) özgertmeleriň, ylym we tehnologiýanyň ýokary derejesini we ýokary “işewürlik görkezijisini” (ilatyň arasynda tankydy we döredijilikli pikirlenmäniň ýüze çykmagy) görmek bolýar. Bularyň hemmesiniň netijesinde ýokary plýuralistiki demokratik, adamy merkezleşdirýän, her bir adamyň pikirine, etniki toparyna dinine we ş.m. garamazdan ösmegine ýardam berýän medeniýeti görmek bolýar. Umuman aýdylanda, jemgyýetiň ösüşini öňde goýýan medeniýet şekillendirilýär (Skandinawiýa ýurtlary, ösen Ýewropa ýurtlary, Kanada).

Belli bir derejede bu nusgalar, Çaganyň Hukuklary Konwensiýasynda [1] göz öňünde tutulan çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi bilen adamy merkezleşdirýän demokratiki medeniýetiň, jemgyýetiň plýuralizm we ösüş derejesiniň arasynda baglanşyk gurmaga mümkinçilik berýär.

Merkezi Aziýanyň bilim ulgamynyň awtoritarizmy

Merkezi Aziýadaky bilim nusgalaryny synlasak, geçirilen özgertmelere garamazdan, olar hakykatda awtoritar bolup galýarlar. Olaryň esasynda administratiw merkezleşmegi bilen tapawutlanýan tehnokratik düşünje ýatandyr (antipod-adama hormat goýmak, onuň güýjüne we mümkinçiliklerine bolan ynam esasynda gurnalan ynsanperwer nusgasy, ösen ýurtlarda giňden ýaýrandyr). Çagalaryň esasy hukuklarynyň awtoritar (berk) usullaryň ulanylmagy sebäpli berlen bilimleriň 50%-den gowragy peýdasyz bolup, mekdepler we uniwersitetler okamaga we ösmäge ukyply we höwesli, sosial taýdan uýgunlaşan, zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply, jemgyýetine peýdaly bolan talyplary ýetişdirmeýärler diýsek hem bolar (Zorýa 2010). Başga sözler bilen aýdylanda, uçurumlar öz güýjüne, hatda durmuşyny, jemgyýetini gowulaşdyrmak mümkinçiliklerine ynanmaýan, bulary başga adamlara galdyrmak bilen (şonuň içinde durmuşlaryna hem ýolbaşçylyk etmek) “orta daýhanlar” bolup galýarlar.

Şu wagta çenli mekdepdäki zorlugyň derejesi ýokary. UNISEF-iň 2013-nji ýyldaky maglumatlaryna esaslanyp, aşakdaky şekilde görnüşi ýaly, soragnama gatnaşan mekdep okuwçylarynyň 13%-i we mugallymlaryň bolsa 15%-i fiziki taýdan kemsidilendigini habar berdiler. Biziň pikirimizçe, öňki sowet jemgyýetleri tarapyndan geçirilen bu hil pikir soralyşyklara bolan ynamsyzlyk sebäpli bu görkezijiler iň bolmanda iki esse ýokary bolmalydyr. Söhbetdeşlik geçirilen mugallymlar tarapyndan fiziki zorlugyň zyýanly we bikanun bir zat hasaplanmaýandygy hem bellärliklidir. Çaganyň hukuklary baradaky kanunlara we konwensiýalara laýyklykda, zorlugyň islendik görnüşi, fiziki beýlede dursun, hatda duýgy taýdan zorluk hem gadagan edilýär. Bu bolsa mugallymlar tarapyndan çaganyň esasy hukuklaryny bilmezlik, äsgermezlik edilýändigini görkezýär.

Bu maşgala terbiýesine-de degişlidir. Netijesi hem ýokarda agzalan nusgalar bilen deňdir: ýa awtoritar usul ýa-da ynsanperwer (gumanistik) usul. Gözlegçi A. Saduýewa tarapyndan geçirilen gözlegiň (2016-njy ýylyň ýaz aýlary) netijesine görä, soragnama gatnaşanlaryň 25%-i çagalary terbiýeläňde olary berk tutmagyň oňatdygy bilen ylalaşdy, takmynan 17%-i bolsa, bu usulyň gowy ýa-da erbetligi barada takyk karar berip bilmedi. Terbiýelemekde çagany fiziki taýdan jezalandyrmak, sesiňi galdyrmak ýa bolmasa gürleşip ylalaşmak ýaly usullaryň gowylygy barada soralanda, soragnama gatnaşanlaryň 72%-i gürleşip ylalaşmagy 22.5%-i bolsa, beýleki agzalan usullaryň ulanylmalydygyny aýtdy. Bu bolsa meseläni iki taraply edip görkezýär. Bir tarapdan, oňa oňyn seredip bolýar. Beýleki tarapdan, soragnama gatnaşanlaryň hemmesi dogryçyl bolman bilenligi üçin sanlara şübheli garap hem bileris. Sebäbi, çaga terbiýelemekde fiziki güýji ulanýandyklaryny hemmeler boýun almak islemeýär. Bu gözlegiň netijelerini göz öňünde tutmasagam, häzirki wagtda hemme ýerde diýen ýaly ene-atalaryň köpüsi öýlerinde-de, köpçülikde-de çaga sesini galdyrmagy, ony kemsitmegi we şarpyk çalmagy utandyryjy zat diýip hasap etmeýärler. Şeýlelik bilen, maşgalada çaganyň hukuklarynyň we soňky onýyllykda psihologiýa we pedagogikada gazanylan üstünlikleriň ene-ata tarapyndan bilinmeýändigini görmek bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, gazak akyldary Abaýyň çagalara garşy zorluk babatyndaky pikir ýöretmeleriniň arasynda terbiýeçilikde ulanylýan iki çemeleşmäni mysal getirmek möhümdir. Birinji çemeleşme, islendik zorlugy aradan aýyrýar we çagada hakykaty öwrenmäge bolan islegini we bilim almaga bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýär. Abaý çaganyň tebigaty boýunça ylym-bilime ýykgyn däldigini nygtaýar. Şol sebäpli hem, bu işde çagada ylym-bilime bolan isleg döretmek gerek bolsa, ugurtapyjylyk ulanyp çyn ýüreklilik bilen çaga hormat goýup ony terbiýelemek möhüm orun tutýar. Abaý diňe çyn ýürekden, hemme barlygy bilen hakykata ymtylýanlaryň ylym-bilimi özleşdirip biljekdigini nygtaýar. Abaý çaganyň ylym-bilime bolan teşneligini onuň “şahsyýet” bolup kemala gelmegi bilen deň hasaplaýar. Sebäbi, bu oňa geljekde ylym-bilim almaga we özleşdirmäge, ýagşylygy ýamanlykdan tapawutlandyrmaga, özüni we dünýäni tanamaga we adamlara peýdaly bolup ýaşamaga mümkinçilik berer. Ikinji çemeleşme ýarym bilimli nadan adamlary köpeldýänligi üçin Abaý tarapyndan berk tankytlanylýar. Munuň sebäbi terbiýeçilikde zorluk ulanmak ylym-bilim bermekde ýasamalygy döredýär (köplenç öwrenmäge bolan ýigrenç). Bu ýasamalyk bolsa soňlugy bilen ylyma, terbiýeçilere we hakykata ýaýraýar, hadysalaryň düýp manysyna düşünmek islegini peseldýär, dogruçyllygy, bilime bolan söýgüni öldürýär. Şeýlelik bilen, ýüzleý pikirlenmegi ösdürýär. Mundan başga-da, fransuz akyldary Žan Žak Russo, amerikaly mugallym Jon Dýui, çeh mugallymy Ýan Amos Komenskiý (mekdebi adamçylygyň ussahanasy diýip atlandyrýardy) we başgada köp sanly geçmişiň görnükli alymlary we akyldarlary bilim we terbiýeçilikde jeza we awtoritizme garşy çykyş edýärdiler.

Gözlegleriň netijeleri, J. Lakofyň öňe süren terbiýeçilik nusgalaryny göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa jemgyýetleriniň häzirki ýagdaýyny, ilkinji nobatda, pes demokratiki medeniýetini düşündirýär. Çagalarda demokratiki medeniýeti ösdürmezden we maşgalada we bilim ulgamynda olaryň hukuklaryna hormat goýmazdan demokratiki hukuk döwletini gurmak mümkin däl. Ikinjiden, bu maşgalada we bilim ulgamynda sosial düşünjäniň pesligini, jenaýatyň we zorlugyň bolsa ýokary derejede bolmagyny düşündirýär. Üçünjiden, munuň bilen sebitdäki ýurtlarda nazary we durmuş ýörelgesine esaslanýan plýuralizmiň ösmezligini hem düşündirip bolar. Mundan başga-da bu adamlar düşnüksiz däp-dessurlary goramagy öz borjy hasaplap, “özüňi gowy alyp barmak”, “gowy raýat” ýaly nusgalary döretmek we öňe sürmek, başga adamlary ýazgarmak we olara “baha bermek” ýaly düşünjeleri adaty zat hökmünde görýärler.

Käbir sanlar

Indi bolsa, jemgyýetlerimiziň ösüş derejesini görmek üçin käbir möhüm görkezijiler boýunça statistika üns çekmek isleýärin. Aşakdaky şekillerde Bütindünýä Bäsdeşik Ukyby tarapyndan dürli ýurtlaryň raýatlarynyň hal-ýagdaýyna baha bermek üçin işlenilip düzülen 2014-nji ýyldaky hasabatynda ösen ýurtlar bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky käbir ösüş görkezijileriniň deňeşdirilişi görkezilýär.

Şekillerde görkezilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň bilim ulgamynyň hili we bilim edaralarynda işgärleri taýýarlamak derejesi ABŞ, Finlandiýa, Şweýsariýa, Kanada we ş.m. ýaly ösen ýurtlaryňka garanyňda has pesdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hakyky özgertmeleriniň derejesiniň birneme pesdigi bolsa hiç kim üçin syr däl. Munuň tersine guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa ösen ýurtlara garanyňda ýokary we ulgamlaýyn hem bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, ösen ýurtlarda (Germaniýa, Gollandiýa, ABŞ, Kanada) guramaçylykly jenaýat köplenç çaganyň hukuklary bolmadyk, aýallara hormat goýulmaýan we ýökeneý bilim derejesini almaga ugrukdyrylmaýan kiçi jemgyýetleriň işiniň netijesidir.

Çeşme:

Абай, Слова назидания, 38 слово

Fimyar O. 2015, Five Conversations and Three Notes on the “Soviet,” or Finding a Place for Personal History in the Study of Teacher Education Policy in Kazakhstan, International Handbook of Interpretation in Educational Research, Springer International Handbooks of Education

Зоря Ю., Система образования. История и современность, Энциклопедия Практической Психологии, 2016

Зоря Ю., 2010, Проблемы и перспективы развития постсоветской системы образования, Энциклопедия Практической Психологии

Конвенция о правах ребенка, 1989, Ассамблея ООН

Lakoff G., 2002, Moral Politics, How Liberals and Conservatives Think, Second Edition, University of Chicago Press.

[1] Çaganyň Hukuklary baradaky Konwensiýada bellenen aşakdaky esasy hukuklar görkezilmelidir: Her bir çaganyň 1) Öz pikirini, durmuş ýörelgesini saýlamaga; 2) Şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine; 3) Islegleriniň erkinligine hormat goýulmagyna 4) Fiziki, dilden, emosional, psihologiki howpsuzlyga hukugy bardyr.

Galym Jusinbek, Janar Nagaýewa

Galym – Reflections.kz taslamasynyň ýolbaşçysy, PhD Halkara gatnaşyklar, Ankara uniwersiteti. Janar – garaşsyz gözlegçi, Leed uniwersiteti, MA, Jemgyýet.

Makalanyň asyl nusgasy

Surat çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: