Progres.Online

UBS banky Türkmenistanly täze müşderileri petikleýär

Şweýsariýanyň banky UBS agyr ýagdaýda bolan Credit Suisse bankyna eýeçilik şertnamalaryny tamamlady. Credit Suisse bankynyň işgärlerine ýokary töwekgelçilikli ýurtlardan täze müşderileri almagy we olara töwekgelçilikli karzlary (kredit) bermegi gadagan edýän berk çäreleri girizdi. UBS banky Credit Suisse-i 2023-nji ýylyň başynda satyn aldy. Banklar goşulandan soň Credit Suisse-iň bankçylarynyň köpüsi UBS işgäri boldy.

Credit Suisse öň dünýäniň iň baý adamlarynyň käbirlerine bank hyzmatlaryny berýärdi. UBS ýolbaşçylary pul aklamak (bikanun gazançlaryň çeşmelerini gizläp, kanuna laýyk görkezme prosesidir), parahorlyga we korrupsiýa garşy töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen, Credit Suisse bankçylaryna töwekgelçilik derejesi ýokary hasaplanýan 28 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem täze müşderileri almagy gadagan etdi. Merkezi Aziýa döwletlerinden Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan hem ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna girizildi.

Geçmişiň görkezişi ýaly Credit Suisse töwekgelçilikli müşderiler bilen hyzmatdaşlyga we gymmat kreditleri üpjün etmäge hemişe meýillidiler. Soňky ýyllarda Credit Suisse özleriniň töwekgelçiliklere bolan çemeleşmeleri netijesinde yzgiderli dawalara we kirzislere duçar bolupdyr. Şeýle-de UBS ýolbaşçylary Şweýsariýadaky Credit Suisse bankçylaryna daşary ýurtly karz alyjylara kredit bermänkä we olaryň mülküni maliýeleşdirmezden öňünçä UBS-den rugsat almagyny tabşyrdy.

Habar berilmegine görä, 2022-nji ýylda Credit Suisse bankçylary ABŞ-iň sanksionirlenen rus oligarhlaryna beren kreditlerini Financial Times tarapyndan paş edilmesiniň garşylygynda öz maýadarlaryndan Credit Suisse-iň gurply müşderileriniň hususy ýahtalary we uçarlary baradaky resminamalary ýok etmegi soradylar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: