“Ykdysadyýetde iň möhüm baha walýutanyň çalyş kursudyr. Türkmenistanda goşa kursunyň birleşdirilmegi ykdysady durnuklylygyň mümkindigini subut edýär”.
Halkara Pul Gaznasynyň (IMF) maliýe hünärmeni Ake Lönnberg 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň üstünlikli walýuta reformasy” atly makalasyny çap etdi. Onuň gysgaça mazmunyny şu ýerde belläp geçmegi makul bildik.
Türkmenistanda ilkinji gezek goşa walýuta kursy 2008-nji ýylda birleşdirilipdi. Mundan öň walýutanyň iki sany alyş-çalyş kursy ykdysadyýetde uly kemçilikleri döretdi, bazar netijeliligine zeper ýetirdi we ösüşi haýallatdy. 2006-njy ýylyň başynda resmi walýuta kursy bilen gara bazar kursyň arasynda uly tapawut bardy. Resmi kurs bir ABŞ dollary üçin köne pulda 5,200 manat bolan bolsa, gara bazardaky kurs köne pulda 22,000-24,000 manada çenli ýetýärdi.
Türkmenistanyň geçiren reformasy, çylşyrymly şertlerde hem goşa walýuta kursuny bitewileşdirmegiň mümkindigini görkezýär. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanda ýene goşa walýuta hümmeti hereket edip gelýär. Dollaryň resmi kursy 3.5 manat we gara bazar kursy 19.5 manat. Walýuta kurslaryny täzeden birleşdirmek üçin häkimiýetlerden kesgitli hereket, IMF ýaly gurmalardan tehniki goldaw we häkimiýetleriň bu hereketleri oýlanşykly meýilleşdirmegi wajypdyr.
Makaladan reforma barada sitatalar:
- “Ykdysadyýetde iň möhüm baha walýutanyň çalyş kursudyr. Türkmenistanda goşa kursunyň birleşdirilmegi ykdysady durnuklylygyň mümkindigini subut edýär”.
- “Goşa walýuta kursy ykdysady netijesizligi döredýär. Türkmenistanyň 2008-nji ýylda geçiren reformasy has gowy ýolyň bardygyny görkezýär”.
- “Manada bolan ynam walýuta kursunuň birleşmeginden soňra ýokarlandy we bu bolsa meýilleşdirilen reformanyň güýjüni görkezýär”.
Reforma
2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan häkimiýetleri goşa walýuta kursuny birleşdirdi. Bu reforma Halkara Pul Gaznasynyň (IMF) IV madda missiýa toparynyň giňişleýin maslahatlary netijesinde amala aşyryldy. Täze walýuta kursyna görä bir ABŞ dollary 14,250 manada deň boldy we bu walýuta kursy durnukly, ýagny üýtgemeýän şekilde saklandy. Täze kesgitlenen walýuta kursynyň gymmatlygy öňki resmi (5,200 manat) we gara bazar kursunyň (22,000-24,000 manat) arasyndaky orta mukdarydyr. Bu reforma ykdysady durnuklylyk üçin möhüm boldy.
Nämeler belli?
Goşa walýuta kursunuň birleşmeginiň üstünlikli bolmagy üçin IMF-iň we Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň wekilleri aşakdaky bellenen reformalardan ýol kartasyny düzdüler:
- Türkmen manadynyň denominirlenmesi, ýagny köne 5000 manadyň = täze 1 manada deň bolmagy. Bu reforma 2009-nji ýylyň ýanwarynda güýje girdi. Täze denominirlenen manatda, täze dollar kursy 2,85 manada deň boldy.
- Täze banknotlary işläp girizmek – ýagny manat banknotlaryndaky suratlary täzelemek. Onuň netijesinde köne we täze manat banknotlarynyň arasyndaky tapawut belli bolýar.
- Demir köpük pullaryny täzeden çykarmak.
- Häkimiýetler şeýle hem täze walýuta kursunyň erkin şekilde banklarda alyş-çalşygyna ýardam bermeli.
Netijeler:
- Ykdysady Ynam: Reforma manada bolan ynamy ýokarlandyryp, makroykdysady şertleri durnuklaşdyrdy.
- Bahalaryň Durnuklylygy: Walýuta kursunyň durnukly derejede ilata açyk bolmagy inflýasiýanyň basyşlaryny azaltdy.
- Halkara Ygtyýarlyklar Guramasy (ISO) 2007-nji ýyldan öň Türkmen manady üçin ISO 4217 kody “TMM” bolan bolsa, denominasiýadan soňra kody “TMT” üýtgetdi.
Türkmenistanyň manady hakynda maglumatlar:
- Türkmen manady ilkinji gezek 1993-nji ýylyň noýabrynda çap edildi.
- Türkmenistanyň kagyz banknotlaryny Beýik Britaniýanyň “De La Rue” kärhanasy çap edýär.
- Türkmenistanyň demir köpüklerini Beýik Britaniýanyň “British Royal Mint” kärhanasy öndürýär.
Çeşme: Ake Lönnberg (IMF), “Turkmenistan’s Successful Currency Reform” (Oktýabr 2013), Lincoln Uniwersitetiniň neşirýady.