ABŞ-nyň Döwlet Departamenti 2025-nji ýylyň “Maliýe pudagyndaky aç-açanlyk hasabatyny” çap edip, onda Türkmenistanyň maliýe pudagynyň dolandyryşy seljerýär. ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň hasabatyna görä, Türkmenistan hasabat döwründe maliýe aç-açanlygynyň zerur talaplaryny ýerine ýetirmedi.
Döwlet býujeti: Türkmen hökümeti diňe döwlet gazetinde gysgaça maglumatlary çap etdi, ýöne doly býujet resminamalaryny, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň bergi borçnamalaryny, tebigy serişdelerden gelen girdejileri we hökümetiň býujetden daşarky durnuklaşdyryş gaznasy baradaky hasabatlary we maglumatlary jemgyýetçilige hödürlemedi.
Garaşsyz audit: Ýokary audit edarasy hökümetiň maliýe hasabatlaryny gözden geçirýändigine garamazdan, öz seljermesini jemgyýetçilige elýeterli etmedi.
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti, Türkmenistanyň maliýe pudagyndaky aç-açanlygyny ösdürmek üçin aşakdaky çäreleri teklip edýär:
- Býujet resminamalaryny wagtynda we doly ýagdaýda halka hödürlemeli.
- Döwlet kärhanalarynyň bergi borçnamalary baradaky maglumatlary ilata eýeterli etmeli.
- Býujet maglumatlaryny doly we ygtybarly edip, býujeti ýylyň dowamynda yzygiderli garaşsyz auditden geçirilmeli.
- Gizlin hasaplary ýatyrmaly ýa-da olara berk gözegçiligi gurnamaly.
- Harby we aňtaw çykdajylaryny parlament we raýat gözegçiligine açmaly.
- Ýokary audit edaralarynyň garaşsyzlygynyň halkara ölçeglerine laýyk bolmagyny üpjün etmeli we onuň hasabatlaryny halka ýetirmeli.
- Tebigy serişdeleriň çykarylmagy boýunça kanunlary we düzgünleri amalda ýerine ýetirmeli hem-de bu ugurda berilýän ygtyýarnamalar baradaky esasy maglumatlary açyk goýmaly.
- Durnuklaşdyryş gaznasynyň işi üçin kanuny esaslar döredilmeli we onuň pul çeşmeleri hem-de çykdajy düzgün-tertibi açyk görkezilmeli.
- Döwletiň satyn alyş şertnamalary baradaky maglumatlary çap etmeli.

 
            



