Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Ministrliginiň “Iş üpjünçiligi” portalynda ýurtda işsizligiň derejesi hakynda hiçhili maglumat berilmeýär. Bu ýerde boş iş orunlary hakynda maglumatlary tapyp bolýar. Şeýle hem, “Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet Komitetiniň” resmi sahypasynda ilatyň işsizligi hakynda maglumatlary tapyp bolanok.
Dünýä Bankynyň we Halkara Zähmet Guramasynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 2020-nji ýyl üçin 4,38% bolupdyr. Türkmenistanly ýaşlaryň arasyndaky işsizligiň derejesi Dünýä Bankynyň hasaplamalaryna görä, 2019-njy ýyl üçin 8,04% bolupdyr. Halkara Pul Gaznasy (HPG) ýurtda işsizligiň derejesine degişli sany berenok.
Goňşy ýurtlarymyzda işsizligiň derejesine seredenimizde, Dünýä Bankynyň resmi maglumatlaryna görä, bu görkeziji Gazagstanda 6,05%, Gyrgyzstanda 7,89%, Özbegistanda 5,97% we Täjigistanda 7,5% bolup durýar.
Işsizligiň derejesi näme?
Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) işsizligiň kesgitlemesinde 15 ýaşdan uly bolan, hiç ýerde işlemeýän, soňky 4 hepdänin dowamynda aktiw derejede iş gözleginde bolan we iş tapylan wagty ony kabul etmäge taýyn bolan adamlaryň kategoriýasyna aýdylýar diýip bellenýär. Işsizligiň derejesi – ýurtda işsiz adamlaryň sany ýurtda ähli pudaklarda işleýän adamlaryň sanyna bölüp, belli bir proporsiýa, prosent çykarylýar. Käbir ýagdaýlarda, adamlar işlemek isleýärler, ýöne aktiw derejede iş gözlänoklar. Muňa sebäp hökmünde olar iş mümkinçilikleriniň çäkli bolmagyny belleýärler. Käbiri diskriminasiýa duçar bolýar we ykdysady, sosial, medeni çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu topara girýän adamlar resmi “işsizligiň sanawynda we derejesinde” ýer almaýarlar we olar “gizlin işsizler” diýip atlandyrylýar.
Işsizligiň sany näme üçin bilinmeli? Onuň sosial-ykdysady täsirleri nähili bolýar?
Işsizlik adamlaryň we maşgalalaryň “garyplyk derejesini” artdyrýan iň uly faktorlaryň biridir. Iş tapyp bilmeýän şahsyýetiň çagalary hem garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Çagalar iýmitlenmekde we ylym-bilim almakda kynçylyk çekýärler. Eger işsiz bolan adamyň öz öýi ýok bolsa, onda işsizlik we pul ýetmezçilik sebäpli arenda öý alyp bilmän, köçede ýaşamaga mejbur bolmagy hem mümkin. Şeýle hem işsiz bolmak adamyň stres we depressiýa girme ähtimallygyny uly derejede artdyrýar. Bu bolsa onuň saglyk ýagdaýyna göniden-göni täsir edýar.
Işsizligiň derejesi Jemi içerki önüme negatiw täsirini ýetirýär. Şeýle hem, işsiz bolan ýaş nesilleriň, esasan hem ýaş oglanlaryň kriminal işlerine baş goşmak ähtimallygy hem has ýokary bolýar.
Başga çeşmeler näme diýýär?
Türkmenistan boýunça resmi taýdan görkezilen işsizligiň derejeleri bilen herkim ylalaşmaýar. Meselem, “The Times of Central Asia” portalyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 2018-nji ýylda 60% ýetipdir. “Türkmenistanyň Hronikasy” habar çeşmesiniň özbaşdak çykaran hasaplamalaryna görä, ýurtda işsizligiň derejesi 2019-njy ýylda 50% ýetipdir. Şeýle hem, “Azatlyk” habarlar çeşmesi ýurtda işsizlik 2017-nji ýylda 50-60% ýetdi diýip maglumat berýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Pacific regionlary üçin ykdysady we sosial komissiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda garyplyk dereje 21,8% (2018-nji ýyl), şeýle hem raýatlaryň 4,9% hem aşa garyp kategoriýasyna girýär.
Işsizligiň derejesi näçe bolmaly we tebigy san näçe?
Tebigy we optimal işsizligiň derejesi barada ykdysadyýetçileriň anyk bir ylalaşygy ýok, ýöne ýurt ykdysadyýetiň durnukly we ösýän döwründe işsizlik derejesiniň 4-5% bolmagy sagdyn görkeziji hasaplanylýar.
Durnukly ykdysadyýetde işsizligiň optimal derejesiniň näçe boljagy ýurtdan ýurda we döwürden döwre görä üýtgeýär. Meselem, talyplar her ýyl okuwy gutaryp iş gözleýän wagtlary ýa-da adamlaryň işinden çykyp, täze işe tabşyrýan wagtyndaky döwre “hereketli” işsizlik derejesi diýilýär. Şo sebäpli işsizlik derejesi hiç haçan “0” bolup bilmeýär. Globalizasiýa sebäpli firmalaryň başga ýurtlara göçmegi netijesinde ýa-da ýurtda ykdysady krizis bolan wagty tebigy işsizlik derejesi artyp bilýär.
Işsizligi azaltmak üçin hökümetler nähili çäreler görüp bilerler?
Hökümetleriň we Merkezi Banklaryň ilatyň işsizligini azaltmak üçin adatça edip biljek hereketleri bizneslere bolan salgytlary ýeňilleşdirmek, olara kredit bermekde göterim derejesini azaltmak we täze biznesleriň açylmagy üçin býurokratik düzgünleşdirmeleri azaltmakdan ybarat bolýar. Biznesleriň aňsat açylyp, birnäçe täze iş orunlary döreýär we netijede işsizlik derejesini azaltmakdaky roly uly bolup bilýär. Şeýle hem, hökümetler mekdeplere, ýokary okuw jaýlaryna maýa goýumy artdyryp, ylymyň, bilimiň derejesini döwrebaplaşdyryp, adam kapitalynyň artmagyna itergi berip biler.
Işsizlige degişli statistikany haýsy döwlet guramasy alyp barmaly?
Goňşy döwletlere göz aýlan ýagdaýymyzda, Gazagstanda işsizligiň derejesini her ýyl ýurduň “Statistika baradaky döwlet edarasy” alyp barýar we çap edýär. 2020-nji ýyl üçin Gazagstanda işsizligiň derejesi 4,9% bolupdyr. Şeýle hem o ýerde islendik raýat ýurtdaky JIÖ, inflýasiýa we ýurtda ortaça aýlygyň möçberi hakynda hem maglumatlary görüp bilýär.
Gyrgyzstanyň milli Statistika komiteti ýurda degişli sanlary, işsizligiň derejesini açyk çap edýär we ýurtda 2019-njy ýylda işsiz adamlaryň sany 5,5% bolupdyr.
Türkmenistanda ilat möhüm sanlary öwrenmek üçin halkara guramalaryň berýän sanlaryna ýa-da alternatiw habar çeşmelerinden öwrenmäge mejbur bolýar. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň saýtynda goňşy döwletlerde bolşy ýaly ilatyň işsizlik derejesi, inflýasiýa, JIÖ we şoňa meňzeş esasy makroykdysady sanlary ilat bilen açyk derejede paýlaşmaly. Bu agzalan görkezijiler döwlet ýygnaklarynda ykdysadyýetçiler tarapyndan ara alyp analiz edilmeli we döwlet metbugatynda şeýle statistikalary ýygy-ýygydan paýlaşmaly. Şeýle edilende ilat arasynda hökümet edaralaryna bolan ynam artar we alternatiw habar çeşmelerine seretmäge isleg azalar. Şeýle hem, ýaşlaryň öz ýurdy boýunça dürli ugurlardan barlag we akademiki işleri geçirmäge mümkinçilikleri artar.
Awtor: Kerwen Orazmyradow