Türkmenistanyň hökümeti 2015-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” atly kanuna gol çekdi. Bu kanunyň esasy maksady daşary ýurtdan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligi ösdürmekdir.
Importyň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak üçin Türkmenistan esasan üç sany ykdysady syýasaty alyp barýar:
- Ýurtda 2016-njy ýyldan bäri walýuta satuwyna düýpli çäklendirmeler girizildi. Daşary ýurtdan taýýar harytlary import etmek isleýän telekeçiler dollary bankdan satyn alyp bilmeýärler we diňe gara bazar arkaly 6 esse gymmat baha satyn almaly bolýarlar.
- Daşyndan gelýän harytlara import paçlary we dürli salgytlar girizildi.
- Ýerli önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalara subsidiýalar (maliýe we beýleki kömekler) berildi.
Eýsem bu syýasat netije berdimi?
Türkmenistanyň umumy importynyň möçberi 2015-nji ýylda 16.3 milliard dollar bolan bolsa, 2021-nji ýylda 4 milliard dollara düşdi. Ýöne importlaryň mukdarynyň azalmagy olaryň ýerini ýerli önümleriň tutandygyny aňlatmaýar. Ýatlatsak, dollaryň bahasy gara bazarda 19.5 manat we bu resmi kursdan 6 esse pesdir. Telekeçileriň daşary ýurtlardan harytlary dollaryň gara bazar bahasyndan satyn alýandyklary üçin, harytlaryň bahasy has gymmatlady. Bu bolsa importlaryň azalmagyna sebäp boldy.
Halkara guramalar bu syýasat barada nähili pikirde?
Halkara Pul Gaznasy 2019-njy ýylda Türkmenistana eden saparynda importyň ornuny tutýan önümçilik syýasatyny kem-kemden ýatyrmagy maslahat berdi. Bütindünýä Bankynyň aýtmagyna görä, importyň ornuny tutýan önümçilik syýasaty Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynda üstünlikli bolmady. Çünki bu ýurtlardaky hususy kärhanalar döwlet kömegine garaşly bolmaly boldular we netijede harytlaryň bahalary galdy.
Importyň ornuny tutýan önümçilik syýasaty harytlaryň bahasyny peseltdimi?
Beýleki ýurtlaryň tejribelerine salgylansak, import çäklendirmeleri harytlaryň bahasyny galdyrýar. Türkmenistanda resmi şekilde inflýasiýa derejesi aýan edilmeýär. Johns Hopkins uniwersitetinde ykdysadyýet ylymlarynyň professory Steve Hankeniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistandaky ýyllyk ortaça inflýasiýa derejesi 2017-nji ýylda 50%, 2018-nji ýylda 100% we 2021-nji ýylda 55% bolupdyr. Soňky ýyllaryň ýokary derejeli inflýasiýasy dollaryň gara bazar kursunyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.
Biziň derňewlerimiz:
Importyň ornuny tutýan önümçilik syýasaty ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga uzak möhletleýin çözgüt bolup bilmeýär. Çünki syýasatyň çäklerinde goýulýan emeli päsgelçilikler zerarly:
- Kärhanalaryň arasyndaky bäsdeşlik peselýär;
- Bäsdeşligiň ýok ýerinde ýerli öndürijiler harytlara ýokary baha goýmakdan çekinmeýärler;
- Walýuta çäklendirmeleri we döwlet kömekleri azalan halatynda, käbir ýerli kärhanalaryň özbaşdak durup biljekligi şübheli.
Netijeli çözgütler barmy?
Ykdysady tarapdan senagatlaşan ýurtlar kärhanalarda uly möçberlerde önüm öndürýärler.
Bu sebäpden, eksport etmek maksady bilen senagatlaşmak has ýerlikli çözgüt bolup biler. Ýerli kärhanalar has köp mukdarda önüm öndürip, hem içerki, hem-de daşarky bazara harytlaryny satyp bilerler. Onuň netijesinde:
- Ýerli öndürijiler daşary ýurtlardaky kärhanalar bilen erkin bäsleşip bilerler;
- Bütindünýä Söwda Guramasynyň esasy sütüni bolan erkin we çäklendirmesiz söwda amallaryna görä hereket ediler;
- Harytlaryň bahalary peselip, hiliniň gowulanmagyna itergi berler.
Bütindünýä Bankynyň aýtmagyna görä hem, importyň ornuny tutýan önümçilik syýasaty bilen deňeşdirilende, eksporta gönükdirilen senagatlaşmanyň peýdalary has köpdür.
Bu tema barada giňişleýin öwrenmek üçin biziň iňlis dilinde taýýarlan analitiki brifimizi okap bilersiňiz: Understanding import substitution industrialization policies in Turkmenistan.