Progres.Online

ANALITIKI BRIF / Dekabr 2022: Türkmenistanda walýutanyň goşa hümmetiniň täsirleri

Maksady

Analitiki brifiň maksady Türkmenistanda walýutanyň goşa hümmetiniň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri barada syn bermek we halky habardar etmek. Hökümet daşary ýurt walýutalarynyň erkin alyş-çalşygyny 2016-njy ýylda düýpli çäklendirildi. Netijede, walýutanyň goşa hümmeti döredi: walýutanyň resmi hümmeti we gara bazar hümmeti. Goşa walýuta kursy ilatyň hal-ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we telekeçilige daşary ýurt maýa goýumlaryna negatiw täsir edýär. Progres.online açyk çeşmelerden alnan maglumatlara esaslanyp, meseleleri seljerýär we olary çözmek üçin maslahatlar hödürleýär.

Tema giriş

2016-njy ýyldan bäri, Türkmenistan ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýär we onuň netijesinde ýokary inflýasiýa, azyk krizisi we dollaryň gara bazar kursy döredi (the Foreign Policy Center, Steve Hanke, the Economist). 2016-njy ýylda hökümet daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygyny düýpli çäklendirildi. Bu bolsa walýutalaryň gara bazar kursynyň döremegine getirdi. 2015-nji ýyldan bäri, resmi walýuta kursy 1 dollar garşylygyna 3.5 manat diýilip kesgitli baha goýlan. Soňky ýyllarda, dollaryň gara bazar kursy örän çalt depginde üýtgäp, 2021-nji ýylyň aprelinde 37.8 manada çenli ýokarlandy (resmi kursyndan 10 esse gymmat). Walýutanyň resmi kursy maliýe edaralary tarapyndan kesgitli bahada saklansa-da, gara bazaryň hümmeti bazar dinamikasynyň arz we talabyna laýyklykda üýtgeýär.

Türkmenistanda hiç wagt hususy walýuta alyş-çalyş nokatlary bolmady. Walýuta diňe banklarda çalyşylýar we banklaryň ählisini döwlet dolandyrýar. Türkmenistanyň Merkezi Banky dollaryň gara bazar kursynyň bardygyny boýun almaýar we goşa hümmetiň bahasynyň üýtgemegi barada habar bermeýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi ýurduň ykdysady görkezijileri we inflýasiýa derejeleri barada maglumatlary çap etmeýär. Makroykdysady görkezijileriň elýetersizligi sebäpli Türkmenistandaky ykdysady trendleri düşündirmek we seljermek örän kyn.

Halkara maliýe guramalary Türkmenistanyň goşa walýuta kursy barada näme diýýär?

Birnäçe halkara maliýe guramalary Türkmenistanyň walýuta alyş-çalşygy meselelerini belläp geçýärler. Mysal üçin: EBRD-niň aýtmagyna görä, esasy makroykdysady görkezijileri gowylamak üçin daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalyşygy meselesi çözülmeli we walýuta hümmeti kesgitlenmeli. HPG-nyň bilermenleri 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlarynda hökümete walýuta kadalaryny ýeňilleşdirip, walýutanyň resmi hümmetini täzeden kesgitlemegi birnäçe gezek maslahat berdiler. HPG-niň nygtamagyna görä, daşary ýurt walýuta kursynyň ýokarylygy we elýetersizligi hususy maýa goýumlara we nebit-gaz pudagyna dahylsyz önümleriň eksport bäsdeşligine ýaramaz täsir edýär.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Türkmenistan barada taýýarlan “Investment Climate Statement” hasabatyna görä, daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygyna goýlan berk gözegçilikler sebäpli ýurtda walýutanyň gara bazar kursy emele geldi. Şonuň netijesinde, önümleri we enjamlary import etmek üçin kärhanalar ýerli walýutany dollara çalyşyp bilmeýärler. Beýleki ýurtlaryň tejribelerine esaslanyp, Bütindünýä Bankynyň ykdysatçylary walýutanyň goşa hümmeti ykdysadyýetde walýuta bilen baglanşykly bahalaryň ýoýulmagyna getirýändigini we daşary ýurt walýutalarynynyň arzan bahalary elýeterli bolanlara korrupsiýa mümkinçiligini döredýändigini belleýärler. Walýutanyň goşa hümmetini ýatyrmak ykdysady serişdeleri bölüp bermek üçin bazar mehanizmlerine esaslanýan netijeli bahalaryň emele gelmegine getirer.

Türkmenistanyň walýuta alyş-çalşygynyň taryhy

1993-nji ýylyň noýabrynda ýerli walýuta – manat güýje girizip, öňki Sowet walýutasy bolan rublyň ýerini eýeledi. Türkmenistanda 1998-2008-nji ýyllar aralygynda we 2016-nji ýyldan şu güne çenli walýutanyň goşa hümmeti dowam etdirilýär. Ilkinji walýutanyň goşa kursunuň ýüze çykan döwründe (1998-2008 ýyllar) resmi we gara bazar alyş-çalyş hümmetiniň arasyndaky tapawut 4 esse (1.04 manatdan 4.4-4.8 manada ýokarlandy) bolan bolsa, ikinji goşa kursda (2016-njy ýyldan şu güne çenli) gara bazardaky kurs 557% ýokarlandy (3.5 manatdan 19.5 manada ýokarlandy). Has giňişleýin maglumat üçin 1-nji tablisa serediň.

Walýutanyň goşa hümmeti näme sebäpden we nädip döredi?

Türkmenistan garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk taryhynda ykdysadyýetini doly derejede senagatlaşdyrmady. Ýurduň esasy girdejisi tebigy gaz eksportlary arkaly gazanylýar we gaz eksporty esasan Hytaýa satylýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň umumy ýyllyk eksportynyň mukdary 9.2 milliard ABŞ dollaryna deň boldy we onuň 93.2%-i tebigy gaz-nebit eksportyna (8.6 milliard ABŞ dollary) degişlidir.

Tebigy baýlyklaryň eksportyna şeýle uly garaşlylyk, ýurdyň dünýä ykdysadyýetindäki üýtgeşmelere goraglylygyny gowşadýar. 2014-nji ýylda, halkara bazarlarda tebigy gazyň bahasy arzanlady we Türkmenistan 2016-njy, 2017-nji ýyllarda Russiýa we Eýrana gaz satmagyny bes etdi. Tebigy gazyň bahasynyň arzanlamagy ýurduň söwda balansyny örän ýaramazlaşdyrdy we daşary ýurt walýutalarynyň Türkmenistana gelýän akymyny peseltdi. Netijede, 2015-nji ýylda telekeçilige degişli bolmadyk walýuta alyş-çalşygy üçin çäklendirmeler girizildi we adam başyna her aý $500 mukdarynda walýuta alyş-çalşygyna rugsat berildi (Eurasianet). Mundan başga-da, şol ýyl hökümet emläkleri diňe milli walýutada nagt hasaplaşykda satmaga rugsat berdiler.

Daşyndan gelýän daşary ýurt walýutalaryň azalmagy sebäpli, The Economist Intelligence Unit (EIU) 2016-njy ýylyň başynda manadyň hümmetiniň 30% peselmegine garaşdy (ýagny dollaryň gymmatlamagyna). Emma, hökümet kesgitlenen walýuta hümmetini (3.5 manat = 1 dollar) üýtgetmegiň ýerine, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan ýurtda daşary ýurt walýutalarynyň satuwyny gadagan etdi (EIU). Bu dessine daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygy üçin gara bazar döremegine getirdi we gara bazardaky walýuta hümmeti döwletiň kesgitlän resmi kursyndan has gymmatdy. Netijede, walýutanyň goşa hümmeti emele geldi: resmi walýuta kursy we gara bazar kursy.

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine esaslanyp, resmi däl çeşmeler arkaly Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt walýutalaryny satmak we satyn almak, şeýle hem olaryň söwdasyny etmek bikanunlaşdyryldy (state.gov). Türkmenistanyň daşary ýurt walýutalarynyň rezerwleri barada köpçülige açyk maglumat berilmeýär. Mundan başga-da, Merkezi Bank pul syýasaty boýunça garaşsyz güýje eýe däldir.

Resmi kursa görä walýuta alyş-çalyşygy diňe aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

  • Türkmen raýatlary: Resmi kursa görä dollar we ýewro çalşygy her adam başyna aýlyk $50 möçberinde, VISA we Mastercard ýaly bank hasaplara geçirip, ony diňe daşary ýurtlardan çekip bilýärler.
  • Daşary ýurtlarda okaýan talyplar: Häzirki wagtda, talyplar aýlyk ýaşaýyş çykdaýjylary (talyplaryň VISA we Mastercard kartlaryna) we okuw tölegi üçin ýyllyk $12.000 möçberinde resmi kursa görä manadyň dollar çalşygyny edip bilýärler. 2016-njy ýylda, aýlyk ýaşaýyş çykdaýjylary üçin walýuta alyş-çalyşygynyň limiti aýda $1000 diýilip kesgitlendi. Soňra, 2021-nji ýylda bu möçber $50-a çenli çäklendirildi.
  • Lukmançylyk bejergisi: Türkmenistanyň raýatlary ýurtda elýetersiz bejergileri daşary ýurtlarda almak maksady bilen ýyllyk maksimum $20,000 möçberinde resmi kursdan manady böldürip bilýärler. Manady çalyşmaga Saglyk ministrliginiň keseliň Türkmenistanda bejerilmeýänligini tassyklaýan rugsatnamasyny alandan soň rugsat berilýär.
  • Ýerli önümçilik: Ýerli önümleri öndürýän telekeçiler daşary ýurtlardan çig mal we tehniki enjamlary satyn almak üçin resmi kursa görä walýuta alyş-çalşygyny edip bilerler. Emma, puluň möçberi aýda şertnamanyň umumy mukdarynyň 2%-inden ýokary bolmaly däl.

Goşa hümmet JIÖ hasaplamalaryna nähili täsir edýär?

Walýutanyň gara bazar hümmetiniň bolmagy, ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) görkezijilerini anyk bilmegi kynlaşdyrýar. Türkmenistanyň JIÖ-i milli walýuta bolan manatda hasaplanylýar we resmi kursa görä dollara öwrülýär. HPG-nyň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň möçberi resmi kursa (1USD = 3.5 manat) laýyklykda 63.43 milliard ABŞ dollaryna deň boldy, bu bolsa 222.005 milliard manada deň bolýar. Ýöne, gara bazar kursuna (1USD = 19,3 manat) görä hasaplanamyzda, JIÖ 11.5 milliard ABŞ dollaryna barabar bolýar.

Adam başyna düşýän JIÖ-i hasaplamyzda hem resmi kursa görä 10.310 ABŞ dollary bolýan bolsa, gara bazar kursuna görä 1.870 ABŞ dollaryna deň bolýar. 2021-nji ýylda, goňşy ýurtlaryň adam başyna düşýän JIÖ-i Gazagystanda $10.041, Özbegistanda $1.983, Gyrgyzystanda $1.276, we Täjigistanda $897 (Bütindünýä Banky). Resmi we gara bazar nyrhlarynyň arasynda şeýle uly tapawut bolanlygy sebäpli JIÖ-iň görkezijileri statistikany ýoýýar we ýurduň anyk ykdysady ýagdaýyny seljermegi kynlaşdyrýar. Resmi nyrhdan ugur alsak, Türkmenistan beýleki goňşy ýurtlara garanyňda birneme baý we ykdysady görkezijileri has gowy görünýär. Şol sebäpli, ygtybarsyz görkezijilere esaslanyp, ýerlikli ykdysady syýasaty alyp barmak netijesiz syýasatlara eltip biler.

Walýutanyň goşa hümmetinden peýdalanýanlar kimler?

Türkmenistanda ýaşap, zähmet hakyny dollarda we beýleki daşary ýurt walýutalarynda gazanýanlar gara bazar kursundan peýdalanýarlar. Daşary ýurt walýutasynda gazanýanlar esasan daşary ýurt ilçihanalarynda, halkara guramalarynda (Bütindünýä Banky, BMG, EBRD we ş.m.) we halkara kompaniýalarda (Dragon Oil, Schlumberger we ş.m.) işleýärler. Bu adamlar dollarda gazanan pullaryny gara bazarda manada böldürip, ýokary kursdan peýdalanyp bilýärler. Käbir telekeçiler hem resmi kursa görä walýuta çalyşyp, goşa walýuta hümmetinden peýdalanýarlar.

Goşa walýuta hümmeti kimlere ýaramaz täsir edýär?

Gara bazar walýuta kursyndan ýaramaz täsirlenýänleri üç sany kategoriýa böldük. Olar: umumy ilat, telekeçiler we daşary ýurt maýa goýumlary.

Umumy ilat

Walýutanyň goşa hümmetiniň bolmagy sarp edijilere, esasanam pes girdejili maşgalalara erbet täsir edýär. Şu günlerde, gara bazardaky walýuta hümmeti resmi kursdan takmynan 5.5 esse ýokary (3.5 manat garşylygy 19.3 manat) we gara bazaryň hümmeti bilen inflýasiýanyň arasyndaky arabaglanyşyk barha artýar. Hökümet inflýasiýanyň derejesini açyk paýlaşmaýar, ýöne inflýasiýanyň dinamikasyny HPG, ADB, professor Steve Hanke we Palaw Index (azyk inflýasiýasy) arkaly öwrenip bilýäris.

Çeşme: ADB; IMF; Steve Hanke’s Inflation Satellite

Tablisadan görüşiňiz ýaly, HPG-nyň we ADB-nyň çaklaýan inflýasiýa derejeleri bilen professor Steve Hanke-niň berýän sanlarynyň arasynda uly tapawut bar. Steve Hanke öz hasaplamasynda gara bazaryň alyş-çalyş nyrhlarynyň we satyn alyş güýjüniň dinamikalarynyň üýtgemegine gözegçilik edýär. Şeýle hem, dünýäniň birnäçe habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň 2016-2017-nji ýyldan bäri azyk krizisini we ýokary inflýasiýany başdan geçirýändigi aýdýarlar (Aljazeera; Eurasianet; Human Rights Watch).

Palaw Indeksi Türkmenistandaky azyk inflýasiýany hasaplamak üçin ýene bir gurallardan biridir. Bu Indeks türkmen milli nahary bolan palaw ingredientleriniň bahalaryny dowamly yzarlamak arkaly ýurtdaky azyk inflýasiýany hasaplaýar. Indeks 2020-nji ýyldan başlap palaw ingredientleriniň bahalaryny ýygnamaga başlady we bu sebäpden, 2016-2020-nji ýyllaryň inflýasiýa derejeleri barada maglumat ýokdyr. Palaw Indeksiniň 2022-nji ýyldaky soňky sanlary gara bazaryň hümmeti bilen palawyň bahasynyň üýtgemegi arasyndaky göni baglanyşygy görkezýär. Azyk bahalarynyň üýtgemegi ortaça halkyň hal-ýagdaýyna gönümel täsir edýär, çünki Türkmenistandaky öý hojalyklaryň aýlyk, umumy çykdajylarynyň 52.1%-i azyk harytlaryna sarp edilýär (BMG Turkmenistan, 2020).

Telekeçiler

Walýutanyň goşa hümmetiniň bolmagy telekeçiligiň ösmegine päsgelçilik döredýär, önümçilige we umuman ykdysadyýete ýaramaz täsir edýär. Ýerli öndürijiler daşary ýurtlardan tehniki enjamlary, maşynlary we çig mallary satyn almak isleseler, aýda şertnamalaryň umumy mukdarynyň diňe 2%-i möçberinde resmi kursa görä walýuta alyş-çalşygyny edip bilýärler. Azyk önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçilere walýutany konwertasiýa edip bermekde öňdelik berilýär we onuň yz ýany senagat pudagyndaky öndürijilere kömek edilýär. Taýýar önümleri import edýän telekeçilere resmi bahadan walýuta alyş-çalşygyna hak berilmeýär we bu babatda jogapkärçiligi ygtyýarly banklar öz walýuta gaznasynyň serişdelerine görä karar berýärler (Turkmennews).

Walýutalary konwertasiýa etmekde belli bir pudaklaryň has ileri tutulmagyna garamazdan, walýuta alyş-çalşygy prosesi örän köp býurokratiýany öz içine alýar we walýuta konwertasiýasyna tassyklama almak üçin kärhanalar birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar. Bu korrupsiýanyň we nepotizmiň (garyndaşlara/dostlara/tanyşlara wezipe güýjünden hyýanatçylykly peýdalanyp kömek etmek) ýüze çykmagyna ýol açdy. Transparency International guramasynyň 2021-nji ýylda çap eden “Corruption Perception Index-ine” görä, Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen 11-nji ýurt bolup, jemi 180 ýurduň arasynda 169-njy orny eýelär. Walýuta alyş-çalyşygyna girizilen çäklendirmeler netijesinde, import edilýän taýýar harytlaryň we lukmançylyk bejergisi üçin zerur bolan derman önümleriniň bahalary juda artdy. Walýuta çäklendirmeleri ýerli önümçilige hem ýaramaz täsirini ýetirdi. Ýerli öndürijiler daşary ýurtlardan tehniki enjamlary, çig mallary we önümçilige gerekli başga-da wajyp önümleri import edýärler. Bu bolsa, ýurtda öndürilýän harytlaryň bahasyny ýokarlandyrýar.

Walýuta alyş-çalşygy çäklendirmeleri köp telekeçileri maýa goýmaga we biznese başlamaga ikirjiňlendirýär. Bu bolsa önümçiligiň we iş mümkinçilikleriniň peselmegine getirýär. Biznesleriň başdan geçirýän ýagdaýlary, sarp edijilere-de täsirini ýetirýär. Gara bazar kursunuň ýokarylygy sebäpli önümçiligiň mukdary we üpjünçilik peselip, harytlaryň bahalary artýar. Şeýle hem, gara bazar kursunyň ýurtdaky harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyna gönümel täsiri zerarly, öndürijiler we sarp edijiler bahalaryň berýän signallaryndan mahrum bolýarlar. Baha signallary örän wajyp bolup, olaryň kömegi bilen sarp edijiler we öndürijiler belli bir harytlaryň bahasynyň üýtgemesi barada wajyp maglumatlary öwrenip bilýärler (Hayek, 1945). Walýuta alyş-çalşygy erkin we inflýasiýa durnukly bolan mahalynda, bahalaryň üýtgemegi öndürijiler we sarp edijiler üçin signal bolup hyzmat edýär. Baha maglumatlary erkin bazar ykdysadyýetiniň möhüm aýratynlygy bolup, öndürijilere näme we nähili öndürmelidigini, önümçilikde haýsy çeşmeleri ulanmalydygyny kesgitlemäge kömek edýär.

Daşary ýurt maýa goýumlary

Daşary ýurt maýa goýumlary (DÝMG) ýurduň ykdysady ösüşi üçin möhümdir we olar önümçiligi artdyrýar, ýerli ilata iş orunlaryny döredýär. Käbir hasabatlara görä, walýuta alyş-çalşygynyň çäklendirmesi netijesinde birnäçe daşary ýurt kompaniýalary girdejilerini ýurtdan çykarmak başartmandyr we dollarda edilen karzlaryny üzüp bilmändirler. Netijede, kompaniýalar Türkmenistanda alyp barýan işlerini azaltmaga, käbirleri bolsa dolulygyna işini togtamaga mejbur boldular (export.gov). Russiýanyň Söwda-Senagat Palatasynyň habar bermegine görä, goşa walýuta hümmeti we konwertasiýa çäklendirmeleri sebäpli Türkmenistan bilen söwdada bökdençlik döretdi. Bütindünýä Bankynyň 2019-njy ýyldaky iň soňky maglumatlaryna görä, Türkmenistana gelýän DÝMG-yň mukdary ýurduň JIÖ-niň 4.7%-ine deň bolupdyr. Emma, ABŞ-nyň Döwlet DepartamentiniňThe Investment Climate Statement” atly Türkmenistan barada taýýarlan hasabatyna görä, hökümet köplenç daşary ýurtlaryň berýän karzlaryny hem DÝMG-laryň hataryna goşýar, ýöne hakyky ýurtdaky DÝMG-larynyň mukdary has az.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda: “Türkmenistan endemik korrupsiýa, gowşak täjirçilik kanuny we kadalaşdyryjy düzgüni, ýaşryn we kyn býurokratik prosesleri we daşary ýurt walýutalarynyň berk gözegçiligi sebäpli ABŞ-nyň DÝMG-lary üçin ýokary töwekgelçilikli ýurt hasaplanýar” – diýip bellenilýär.

Goňşy ýurtlaryň tejribeleri nähili?

Ozal goňşy post-Sowet ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjanda, Gazagystanda we Özbegistanda walýutanyň goşa kursy bardy. Bu ýurtlaryň üçüsi hem 2014-nji we 2017-nji ýyllarda resmi we gara bazar walýuta hümmetini birleşdirdi. Bütewi/birleşdirilen hümmet – bu walýutanyň öňki resmi hümmeti bilen gara bazar hümmetini birleşdirip täze alyş-çalyş bahanyň kesgitlenmegidir.

Çeşme: IMF 2021

Täjigistanda 2015-nji ýyldan bäri gara bazar kursy bar we bu günki güne çenli henizem dowam edýär.

Goňşy Özbegistanda 1996-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli, ýurduň ilkinji prezidenti Islam Karimowyň döwründe gara bazar kursy bardy. Walýutanyň goşa kursy döwründe, resmi walýuta hümmeti kesgitlenen bahada saklanypdy, ýöne gara bazardaky hümmetiniň üýtgemegini nazarda tutup, resmi walýuta kursy dowamly üýtgedilýärdi. Ýurduň täze Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylyň sentýabrynda walýutanyň goşa hümmetini ýatyrdy. Goşa kurs birleşdirilmezden ozal, resmi walýuta kursy 1 dollar garşylygynda 4200 Özbek somyna deň bolan bolsa, gara bazar kursy 7,700 somdy. Şeýle-de bolsa, hökümetiň täze girizen resmi dollar kursy 8100 som mukdarynda bellenilip, gara bazar kursundan hem çala gymmat. 2019-njy ýylyň awgustyndan başlap, günlik çäklendirmeler bolmazdan, walýuta kursy erkin bazaryň arz we talabyna görä çalşylyp başlandy. Adamlara daşary ýurt walýutalaryny çäklendirmesiz erkin şekilde satyn almaga mümkünçilikler döredildi. Ýöne, Özbegistandaky walýuta alyş-çalşygy reformalary täzelikde girizilendigi sebäpli, netijeler çykarmak üçin heniz ir.

Walýutanyň bütewi hümmetine geçmek üçin maslahatlar

Bütindünýä Bankynyň ekspertleri walýutanyň goşa hümmetini birleşdirmekde iki çemeleşmäni belleýärler: “uly partlama” we “ýuwaş-ýuwaşdan” hümmetsizlendirme. “Uly partlama” çalt we dessin täze walýuta kursuna geçmegi, “ýuwaş-ýuwaşdan” hümmetsizlendirme bolsa täze walýuta kursuna haýal geçişi aňladýar. Tejribelere ser salsak, ygtybarly we goragly ýol bilen ýuwaş-ýuwaşdan walýutanyň täze kursuna geçmek ileri tutulýar. Şeýle-de bolsa, walýuta hümmetiniň birleşdirilmegi diňe maliýe reformalary bilen birlikde ýerine ýetirilende ýagny, döwlet girdejileriniň we çykdajylarynyň arasyndaky tapawut azalanda üstünlikli bolar.

Häzirki kesgitlenen resmi walýuta kursunyň çendenaşa hümmetliligi sebäpli, hökümet walýuta kursuny häzirki ykdysady şertlere laýyklykda hümmetsizlendirmeli. Hümmetsizlenme ýüze çykansoň, alyş-çalyş hümmetini kesgitlenen (iňlisçe: fixed exchange rate) ýa-da üýtgäp durýan nyrhda (iňlisçe: floating exchange rate) saklamak Merkezi Banka bagly bolar. Biz bir çemeleşme beýlekiden üstün ýa-da has netijeli diýmeýäris. Mundan başga-da, Merkezi Bankyň daşary ýurt walýuta rezerwleri barada maglumatlar aç-açan aýan edilse, pul trendlerini has gowy seljermäge peýdaly bolar. Iň esasy hem, erkin walýuta alyş-çalşygy anyk görkezmeler bilen her kime elýeterli bolmagy möhümdir.

Milli manadyň we daşary ýurt walýutalarynyň (ABŞ dollary) arzy we talaby barada ýeterlik maglumat bolmansoň, walýuta kursuny bütewileşdirmegiň bahasyny kesgitlemek bize kyn bolar. Ýöne, häzirki walýutanyň goşa kursy Türkmenistanyň ykdysadyýetine, sarp edijilerine we pes girdejili maşgalalaryna örän zyýanlydygy anyk. Häzirki resmi kurs (3.5 manat / ABŞ dollary) aşa arzan bolanlygy sebäpli, täze birleşdirilen walýuta kursy resmi we gara bazar kurslarynyň ortalamasy möçberinde hasaplanyp bilner. Mysal üçin: Özbegistan resmi walýuta hümmetini gara bazaryň hümmetinden birneme ýokarylandyryp birleşdirdi. Şeýle-de bolsa, walýutanyň bütewi hümmetine netijeli geçmek üçin iň oňyn halkara tejribelerine esaslanyp geçmek möhümdir.

Birleşdirilen walýutanyň kursy ýurtda inflýasiýanyň derejesini ýokarlandyrar diýen aladalar bolup biler. Walýutanyň hümmeti birleşdirilenden soň, onuň kursy häzirki aşa hümmetli bahasy 3.5 manatdan ep-esli ýokary bolar we gara bazar bahasyna – 19.5 manada ýakyn bolar. Bu öz gezeginde, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny ýokarlanyp biler. Emma, häzirki wagtda Türkmenistanda önümleriň we hyzmatlaryň köpüsiniň bahalary gara bazar kursuna görä kesgitlenýär we gara bazar kursunyň üýtgemegi harytlaryň bahalaryna-da güýçli täsir edýär. Palaw Index hasabatlary hem azyk önümleriniň bahasynyň üýtgemegi bilen walýutanyň gara bazardaky hümmetiniň arasyndaky yzygiderli baglanyşygy görkezýär. Munuň sebäbi, telekeçileriň aglabasynyň walýutanyň resmi kursynda erkin çalyşmaga elýeterliligi ýok. Şeýlelikde, telekeçiler import edilýän önümleri, tehniki enjamlary we çig mallary satyn almak üçin gara bazar kursy boýunça dollar satyn alýarlar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: