Ýakynda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynda (BSG) synçy derejesini aldy. Bu gatnaşyklaryň Türkmenistan – onuň halky we ykdysadyýeti üçin nämäni aňladyp biljekdigini we ýurduň agzalyga nädip taýýarlanyp biljekdigini öwrenmegi makul bildik. Ýokarda ulanylan suratyň açyklamasy: ýaşyl reňkli – häzirki agzalary; sary reňkli – goşulmak barada gepleşik geçirýän synçy ýurtlar.
BSG näme?
Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bu dünýä söwdasynyň düzgünleri we ondaky jedeller bilen iş salyşýan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu gurama agza ýurtlaryň arasynda açyk, erkin, durnukly söwdanynyň ösmegine hemaýat berýär. BSG-e agza ýurtlar köptaraplaýyn şertnamalara gol çekip, olary öz parlamentlerinde tassyklamak bilen söwdanyň düzgünleri bilen razylaşýarlar. Umuman aýdylanda, bu şertnamalar ýurtlaryň beýleki agza ýurtlaryndan getirilýän importyna adalatly we yzygiderli çemeleşmäge razy bolan şertnamalar bolup, olar hem öz gezeginde munuň ýerine şeýle etmegi kepil geçýärler. Her kimiň şol bir düzgünler boýunça hereket edýänligine göz ýetirip, bu şertnamalar durnukly we aç-açan söwda gatnaşyklaryny üpjün edýär.
Ministrler konferensiýasy (Ministerial Conference) BSG-niň iň ýokary karar kabul ediji edarasy bolup durýar. Ol her iki ýyldan bir gezek ýygnanýar. Kararlar esasan ähli agzalaryň arasynda ylalaşyk esasynda kabul edilýär we soňra degişli parlamentler tarapyndan tassyklanylýar. Eger ylalaşyk gazanylmasa, BSG her ýurtda bir ses bolan ýönekeý köplügi bilen ses bermäge mümkinçilik berýär.
BSG harytlaryň, hyzmatlaryň we intellektual eýeçiligiň söwdasyna gözegçilik edýär. Şeýle hem, agza ýurtlaryň BSG şertnamasy boýunça hukuklary bozulan halatynda söwda jedellerini çözýär. Döwürleýin söwda gözegçiligi arkaly, agza döwletleriň söwdany ýeňilleşdirip ýa-da çäklendirip biljek çärelerine barlag geçirýär.
BSG-e başga kim girýär?
BSG-de 164 sany agza döwlet bar, bu bolsa dünýä söwdasynyň 98%-ini emele getirýär. Şeýle hem, bu guramada synçy derejesi bolan 24 ýurt bar. Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystan (1998 ý.), Russiýa (2012 ý.), Täjigistan (2013 ý.) we Gazagystan (2015 ý.) BSG-niň agza döwletleri bolup durýar, şol bir wagtda Özbegistan, Azerbaýjan we Eýran bolsa synçy döwletleriň hatarynda durýar. Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak baradaky gepleşikleri täzeden başlamagy karar beren ýeke-täk ýurt däldir. BSG-de synçy derejesine eýe bolan goňşy Özbegistan hem 15 ýyl arakesmeden soň agzalyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak kararyna geldi.
Synçy derejesi Türkmenistan üçin nämäni aňladýar?
Haçan-da ýurtlar BSG-e goşulmak isläp, entek doly belli bir karara gelmedik ýagdaýlarynda, olar synçy bolup bilýärler. Bu ýagdaý ol ýurtlara gurama we onuň işleri bilen tanyşmaga, şeýle hem BSG şertnamasyna goşulmak üçin gepleşiklere taýýarlanmaga we başlamaga mümkinçilik berýär. Synçynyň statusy bäş ýyl möhleti bilen çäklendirilýär, şondan soň Türkmenistan agza bolmaklyk baradaky gepleşiklere başlamaly. Bäş ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan goşulmak prosesini başlamasa, synçy statusynyň uzaldylmagyny haýyş edip biler.
BSG tarapyndan Iş toparyny döredilenden soň, goşulýan ýurda synçy derejesi awtomatiki usulda berilýär. Türkmenistanyň synçy derejesini almak baradaky arzasy 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda geçirilen Baş Geňeşiň mejlisinde BSG-niň agzalary tarapyndan biragyzdan tassyklandy. Türkmenistan bu gurama bilen resmi gatnaşygy bolmadyk ýeke-täk öňki Sowet respublikasydy.
Synçy hökmünde Türkmenistan şu aşakdakylary edip bilýär,
- BSG-nyň esasy resminamalaryna elýeterlilik
- Goşulmak prosesiniň çärklerinde BSG-niň Sekretariýatyndan kömek soramak
- Bütindünýä söwda guramasynyň mejlislerinde şol edaralynyň agzalary çykyş edeninden soň çykyş etmek
Mundan başga-da, türkmen metbugatynyň belleýşi ýaly, synçy derejesi Türkmenistana BSG-niň resmi çärelerine, esasy mejlislerine we forumlaryna gatnaşmaga, pudak hünärmenleriniň, wekiliýet alyş-çalyşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmäge, hem-de BSG-niň çäklerine sebitleýin we halkara derejesinde söwdany öňe sürmegi maksat edinýän milli başlangyçlary ösdürmäge mümkinçilik berer.
Näme üçin Türkmenistan BSG-e goşulmak isleýär?
Türkmenistan birnäçe ýyl bäri BSG-e goşulmak barada oýlanýardy. Ilki bilen 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda BSG-e goşulmak boýunça döwlet topary döredildi. Bu topara goşulmak prosesini öwrenmek we ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy. Emma bu toparyň näme netijä gelendigi belli däl. Soňra 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 15-ine Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň BSG-e goşulmak baradaky meseläni öwrenmek maksady bilen, başga ýörite hökümet toparynyň döredilmegini tassyklady. Netijede, 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmagy hakynda Karara gol çekdi. Ondan soň BSG-niň Baş direktorynyň adyna agzalyk haýyşnamasy iberildi.
BSG-e goşulmak Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň bir bölegidir. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda edilýän ädim bolup durýar. Bu makstnama Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulmaga we beýleki ýurtlar bilen bazar gatnaşygyny ösdürmäge ýardam berýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň BSG-ä synçy bolup gatnaşmagy,
- Bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde,
- Onuň eksport kuwwatyny gurmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda,
- Daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmekde,
- Dünýä ykdysady düzümlerine goşulmakda,
- Özüniň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny amala aşyrmakda,
- Halkara giňişliginde ýurduň tutýan ornuny we abraýyny pugtalandyrmakda
kömek eder.
Mundan başga-da, hökümet işgärleriniň belläp geçişi ýaly, BSG-e goşulmak Türkmenistana dünýä bazarynda bäsdeşlik artykmaçlygy bolan ugurlary ösdürmäge kömek edip biler. Bu ýerde deňeşdirme artykmaçlygyna degişli bolup durýän zat başgalara garanyňda belli bir harytlary we hyzmatlary arzan bahadan öndürmek ukyby bolup durýar. Türkmenistan meselesinde hökümet işgärleri uglewodorod baýlyklaryna we häzirki zaman gazy we nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýärler.
Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň diňe BSG-e doly agza bolanyndan soň ýokarda agzalyp geçilen artykmaçlyklardan peýdalanyp biljekdigini bellemek möhümdir. Gynansagam, synçy derejesi söwda bilen baglanyşykly artykmaçlyklary bilen üpjün etmeýär. Synçy statusynyň ýeke-täk maksady ýurda agzalyk prosesini başlamaga, taýýarlanmaga, gepleşik geçirmäge we ahyrynda BSG-e goşulmaga kömek etmekdir.
BSG-niň agzalygy üçin talaplar
Islendik ýurt BSG-e agza bolup bilse-de, agzalyk şertleri ähli agza döwletler tarapyndan ylalaşylmalydyr. BSG-e goşulmak – ýüz tutýan ýurt we BSG-niň ähli agzalary üçin açyk bolan iş topary bilen baglanyşykly dört basgançakly prosesdir.
Agzalyk ugrundaky gepleşikler alnyp barylýan wagtynda, ýüz tutýan ýurt käbir artykmaçlykly şertler gazanyp, söwdany goramaga gönükdirilen syýasatlarynyň käbirlerini sazlamak ýa-da saklamak üçin käbir ýeňillikli, geçiş döwri alyp biler. Şeýle-de bolsa, aşakdakylar ýaly BSG agzalarynyň berjaý etmeli esasy ýörelgeleri bar.
- Diskriminasiýasyz söwda – daşary ýurt öndürijilerine ýerli öndürijiler bilen deň derejede garalmagy we belli bir ýurda artykmaçlygyň berilmezligi.
- Erkin söwda – gümrük paçlary, importa gadaganlyklar ýa-da kwotalar, býurokratizm we walýuta kursy ýaly söwda päsgelçilikleriniň azaldylmagy.
- Öňünden çaklap bolujylygy – ylalaşylan söwda düzgünlerini berjaý etmek we ýurtlaryň söwda syýasatlaryny aýdyň we aç-açan etmek arkaly.
- Adalatly bäsleşigi ösdürmek – açyk we adalatly söwdanyň düzgünlerine eýermek arkaly.
Ortaça hasap bilen alnanda agzalyga goşulmak üçin 10 ýyl 2 aýa çenli wagt gidýär. BSG-niň taryhynda iň gysga wagtda goşulan ýurt Gyrgyzystan bolup, ol 2 ýyl 8 aýdan soň agzalyga kabul edildi. Guramanyň taryhynda iň uzak wagtda goşulan ýurt bolsa Gazagystandyr we proses 19 ýyl 9 aý dowam etdi. Türkmenistana bu gurama goşulmagy üçin gerek bolan wagt onuň söwda tejribesine we ösüş derejesine bagly bolar. Türkmenistan diňe BSG-niň düzgünlerini berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem açyk, erkin we öňünden çaklap bolýan söwdany üpjün etmek üçin zerur kanunçylyk we dolandyryş özgertmelerini girizmeli bolar.
Türkmen ykdysadyýeti we sarp edijileri üçin bu nämäni aňladýar?
BSG-e agza bolmak Türkmenistana gysga möhletli çykdajylary, emma uzak möhletleýin peýdalary getirip biler. Gysga wagtyň içinde, belli daşary ýurtly bäsdeşleri bilen bäsleşmek üçin göreşjek Türkmenistanda bäsdeş we täze dörän öndürijilere howp abandyryp biler. Uzak möhletde bolsa bu guramada agzalyk ýerli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyryp biler we Türkmenistanda sarp edijilere has uly saýlaw we arzan bahalary üpjün edip biler. Şeýle hem bu ýerdäki işewürlik ýagdaýyny gowulaşdyrar, sebäbi söwdagärler we daşary ýurt maýadarlary Türkmenistany has az töwekgelçilikli we söwda etmek üçin, maýa goýumlary üçin amatly ýurt hasaplarlar. Mysal üçin, goşulandan soň, Türkmenistan importdan alynýan nyrhnamalary esassyz ýokarlandyryp bilmez. Bu hereket, Türkmenistana garşy sanksiýalara sebäp bolup biljek beýleki agza döwletler tarapyndan BSG jedellerini çözmek proseduralaryna garşy çykyp biler.
BSG-e goşulmagyň peýdalary şu aşakdakylary öz içine alyp biler:
- Arzan bahalar – BSG-de agzalyk kwotalar (import edilýän harytlaryň mukdaryny çäklendirmek) we nyrhlar (import edilýän harytlara tölenen salgyt) ýaly söwda päsgelçilikleriniň aýrylmagyny talap edýändigi sebäpli, içerki alyjylar üçin arzan bahadan importyň köpelmegine sebäp bolup biler. Diýmek, türkmen alyjylary üçin has uly saýlaw we harytlaryň bahasy arzan bolar.
- Monopoliýalaryň güýjüni azaldar – erkin söwda ýerli bazarda has uly bäsdeşlige sebäp bolar. Mysal üçin, “Türkmentelekom” ýaly monopoliýa kompaniýalary ýerli bazarda bäsdeşlik etmek üçin bahalary arzanlatmaga we hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mejbur bolarlar.
- Bäsdeşlik artykmaçlygyna ünsi jemlär – Türkmenistan gaz, nebit we gaýtadan işlenen nebit önümleri ýaly önümçilik çykdajylary has pes bolan önümlerini az öndürmäge we galan bölegini beýleki ýurtlardan import etmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bu eýýäm türkmen ykdysadyýetini Gollandiýa keseliniň täsirini başdan geçirýän gazyp alyş pudagyna has garaşly edip biler (aşakda düşündirilýär).
BSG-e goşulmagyň kemçilikleri şu aşakdakylary öz içine alyp biler:
- Täze döreýän pudaklaryň ösmegine päsgelçilik – Türkmenistan halkara söwdasyna serhetlerini açandan soň, ýerli kompaniýalar önümçilik çykdajylary, ýokary hilli önümler, has gowy tehnologiýa we iş alyp barmakda has köp tejribesi bolan belli daşary ýurtly kärdeşleri bilen bäsleşmekde kynçylyk çekmekleri mümkin. Bu ýagdaý Türkmenistanyň täze pudaklary döretmek, täze dörän kärhanalary goldamak we ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek ukybyna päsgel berip biler.
- Tebigy baýlyklara garaşlylygy ýokarlandyrmak – türkmen hökümet işgärleriniň öňem aýdyşlary ýaly, tebigy baýlyklary gazyp almak we satmak bilen deňeşdireniňde artykmaçlygy ulanmagy meýilleşdirýärler. Bu gaz we nebit eksportyny, şeýle hem gaýtadan işlenen nebit önümlerini öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, bu Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmeginiň we ýurt üçin ileri tutulýan hususy pudagy ösdürmege päsgel berip biler.
Türkmenistan BSG-e agza bolmaga taýýarmy?
Türkmenistanda işewürlik ýagdaýy BSG-e girmek we halkara söwdasyndan bähbit almak mümkinçiligini çäklendirip biljek şu aşakdakylar ýaly çynlakaý kynçylyklardan ejir çekýär.
- Ykdysadyýete döwletiň gatyşmagy. Türkmen ykdysadyýeti merkezleşdirilen we döwlet tarapyndan meýilleşdirilen, hem-de hökümetiň subsidiýalaryna (pul kömegine) ep-esli derejede bagly (90 göterim). Ykdysady azatlyk indeksinde Türkmenistan 180 ýurtdan 170-nji orunda durýar.
- Ýer, infrastruktura, maliýe karzy we walýuta ýaly serişdeleriň paýlanyşygynda döwletiň eýeleýän uly orny.
- Emläk hukuklarynyň berjaý edilmezligi we bozulmagy. Türkmenistanda kazyýetiň çözgüdi esasynda türkmen häkimiýetleri maýadarlaryň emlägini muzdsuz alyp bilýär. Şeýle ýagdaý Türkmenistanda daşary ýurtlulara degişli bolan “Yimpaş” söwda merkezi bilen bolup geçdi. Bu söwda merkezi 2016-njy ýylda Türkmen hökümeti tarapyndan hiç hili öwezi dolunmazdan ýa-da kanuny taýdan goragsyz muzdsuz alyndy.
- Kadalaşdyryjy we hukuk resminamalarynyň duýdansyz üýtgäp durmagy. Takyklygy we öňünden çaklap bolýan berk kanunyň hökmürowanlygynyň ýoklugy sebäpli daşary ýurt kompaniýalary uzak möhletleýin maýa goýum kararlaryny alyp bilmeýärler. Mysal üçin, 2017-nji ýylda döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” telekommunikasiýa kompaniýasy tarapyndan birtaraplaýyn we duýduryş bermezden Russiýanyň Mobil TeleUlgamlary (MTS) kompaniýasy ýurduň aragatnaşyk ulgamyndan kesildi. Bu MTS kompaniýasyny 1,5 milliard amerikan dollary töweregi ýitgä sezewar etdi, we şonuň üçin ol Bütindünýä bankynyň Halkara maýa goýum jedellerini çözmek merkezinde (ICSID) Türkmenistana garşy iş gozgatdyrdy.
- Ýokary bahaly we pes tizlikli internet. Ilatyň ortaça girdeji derejesi bilen deňeşdirilende Türkmenistanda internetiň bahasy gaty gymmat (aýda 1500 manat girdejisinden internet tölegi 250-300 manat). Şol bir wagtda, birikdirme tizligi pes bolup durýar (2 MB) we 2G öýjükli hyzmatlary ýurtda giňden elýeterlidir. Bu bolsa, Türkmenistanyň bilime we ylyma (bilime, maglumatlara we ýokary hünär derejelerine) esaslanýan ykdysadyýete geçmeklik ukybyny gadagan edýär.
- Ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy. Ygtybarly ykdysady maglumatlaryň ýoklugy sebäpli ýerli we halkara kompaniýalara işewürlik çözgütleri kabul etmek gaty kyn düşýär. Mysal üçin, Bütindünýä bankynyň işewürligi ýöretmek hakyndaky hasabaty ýa-da Bütindünýä ykdysady forumynyň bäsdeşlik ukyby barada hasabaty ýaly esasy halkara hasabatlar Türkmenistany öz içine almaýar.
- Gowşak ykdysady dolandyryş. Türkmenistanda döwlet sektorynda tehniki, dolandyryş we administratiw mümkinçilikleri ýok, bu bolsa öz gezeginde kadalaşdyryjy hilini we netijeliligini gowşadýar.
- Klimatyň üýtgemegine sezewarlyk. Türkmenistanda ýylylygyň derejesi dünýädäki ortaça derejeden has ýokary we 2040-njy ýyldan soň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar. Türkmenistanda ýüze çykýan käbir kynçylyklarda ygalyň azalmagy, çölleşmek, yssy tolkunlar we aşa guraklyk bar.
- Gazyň bahasynyň birden aşak-ýokary üýtgemeginden goragsyzlyk. Gazyň we nebitiň eksporty Türkmenistanyň umumy eksportynyň 80 göterimini, jemi içerki önümiň üçden bir bölegini tutýar. Ýurduň kesgitlenen walýuta alyş-çalyş kursunyň syýasaty daşarky zarbalara garşy durup bilmäge mümkinçilik bermeýär.
- Pes hilli halkara logistikasy. Türkmenistanyň gümrük we serhet taýdan resmileşdirme işleri netijesiz, ulag bilen baglanyşykly infrastrukturanyň hili pes we harytlaryň halkara daşalyşynyň bäsdeşlige ukyply nyrhlary ýok.
- Intellektual emläk hukuklarynyň ýerine ýetirilmezligi. Mysal üçin, türkmen aýdymçylary köplenç öz aýdymlarynda we kliplerinde birugsat daşary ýurtly kompozitorlaryň sazlaryny ulanýarlar we soň bolsa türkmen teleýaýlymlarynda görkezýärler.
- Ýokary derejeli korrupsiýa. Ýurtlary döwlet sektoryndaky korrupsiýa derejesi boýunça tertipleşdirýän Korrupsiýa düşünmek indeksinde Türkmenistan 100-den 19 bal toplady we 198 ýurtdan 165-nji orny eýeledi. Diýmek, Türkmenistan dünýäniň iň korrumpirlenen 35 ýurdunyň hataryna girýär.
BSG-na goşulmak üçin Türkmenistan nähili ýagdaýda iň gowy taýýarlyk görüp biler?
Agzalyk prosesi takmynan 10 ýyl dowam edýändigi sebäpli, Türkmenistanyň taýýarlanmaga we ykdysadyýetini halkara bazarynda bäsleşmäge taýýarlygyny üpjün etmek üçin wagty bar.
Türkmenistanyň häzirki ykdysady syýasaty eksporty ösdürmäge we importyň ornuny tutmaga gönükdirilendir. Eksportyň esasy bölegine gaz, nebit, nebit önümleri, elektrik togy we pagta girýär. Hökümetiň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek islegine garamazdan, ol bir önüme (tebigy gaz 79%) we bir bazara (Hytaý 80%) ep-esli derejede bagly bolup durýar. Nebitiň we gazyň bahasy aşa üýtgäp durýandygy sebäpli, bu türkmen ykdysadyýetini bahalaryň çökgünligine sezewar edýär.
Mundan başga-da, tebigy baýlyklara aşa baglylyk türkmen ykdysadyýetini Gollandiýa keselinden ejir çekdirýär. Bu termin 1960-njy ýyllarda Gollandiýa tebigy gazy tapanda döredildi. Bu termin tebigy baýlyklara (nebit, gaz, minerallar) köp garaşly we önümçilik ýa-da hyzmatlar ýaly beýleki pudaklary ösdürip bilmeýän ýurduň ykdysadyýetini suratlandyrýar. Gynansagam, bu ýagdaý Türkmenistan meselesinde hem dogry bolup durýar, çünki ýurduň eksportynyň 80%-ini we jemi içerki önüminiň üçden bir bölegini gaz we nebit tutýar. Gaz we nebit satuwy ýurduň walýutasynyň gymmatlamagyna getirýändigi sebäpli, Türkmenistanyň nebit bilen bagly bolmadyk eksporty dünýä bazarlarynda has gymmat we bäsdeşlige ukypsyz bolýar. Önümçilik pudagy bäsdeşlik ukybyny ýitirýändigi sebäpli, önümçiligiň we iş bilen üpjünçiliginiň hem-de ykdysadyýetiň deindustriýalizasiýa prosesiniň peselmegine sebäp bolup biler. Beýle diýmak, Türkmenistanyň eksportyny diwersifikasiýa etmek we BSG-niň bir bölegi hökmünde dünýä bazarynda bäsdeşlik etmek ukybyna päsgel berip biler.
BSG-e agza bolansoň, Türkmenistan düzgünleri berjaý etmäge we dünýä söwda şertnamalaryny ýerine ýetirmäge mejbur bolar, ýagny söwda barýerini aýyrmak, has ýokary derejedäki aç-açanlygy, kanuny goraglylgy, emläk hukuklaryny we ş.m. üpjün etmek ýaly hereketleri öz içine alyp biler. Bu şeýle Türkmenistanyň dokma, azyk senagatyň we gurluşyk materiallary ýaly içerki önümçiligi köpeltmegiň hasabyna import edilýän harytlaryň ýerini tutmak ýaly synanyşyklarynyň şowsuzlyga sezewar bolmagyny hem aňladyp biler. Bu pudaklar entek hem başlangyç tapgyrynda bolansoň, arzan bahadan ýokary hilli önümleri bolan üstünlikli daşary ýurtly önümçiler bilen bäsleşip bilmezler.
Dünýä bazarynda üstünlikli bäsleşip we açyk söwdadan peýdalanmak üçin Türkmenistan hususy kärhanalary goldamak, innowasiýalary ösdürmek we adam maýasyny döretmek arkaly ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmeli. Munuň üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky Türkmenistana aşakdaky ykdysady reformalary girizmegi teklip edýär:
- Döwletiň ykdysadyýete gatyşmagyny we administratiw gözegçiligini kemeltmek;
- Has aç-açanlygy we emläk hukuklaryny üpjün etmek;
- Işewür kadalaşdyryjy gurşawy kämilleşdirmek;
- Döwlet çykdajylarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
- Bilime we saglygy goraýyşa maýa goýmak arkaly adam kapitalyny döretmek;
- Maliýe, daşary ýurt walýutasy we ýer ýaly çeşmelere has giňişleýin elýeterlilik bermek;
- Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak;
- Uglewodoroda degişli däl pudaklara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek;
- Yurduň ykdysadyýetini adalatly bäsdeşlik üçin açmak.