Progres.Online

Öň we häzir: Merkizi Aziýanyň oba hojalyk pudagy

Sowet Soýuzy dargandan soň soň Merkezi Aziýa ýurtlary täze döwlet gurluşyna başladylar we bu sebidiň her ýurdy özüçe ösüş ugrunda özbaşdak başlangyçlara gadam basdylar. Bu özbaşdak syýasatyň bir bölegi hem oba hojalyga bolan üns bolup durýar. Bu ýurtlarda oba hojalyk pudagynyň ilata peýda getirip biljek uly mümkinçilikleri bar. Emma muňa garamazdan, bu pudagyň dolandyrylyşygynda birnäçe uly meseleler bar. Bu meseleler barada sosiolog Irna Hofman öz söhbetdeşliginde has giňişleýin düşündirýär. Hofman öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlaryndaky oba durmuşynyň we oba hojalygyň sosial tarapdan nähili özgerýändigini öwrenip, bu babatda ylmy işleri alyp barýar. Hofman bilen “Voices on Central Asia” atly online žurnalynyň habarçysynyň arasyndaky geçirilen söhbetdeşligiň gyzykly pursatlaryny jemläp, size ýetirmegi makul bildik.

Merkezi Aziýadaky oba hojalyk pudagynyň sütünleri

Merkezi Aziýanyň giň öri meýdanlary we klimaty dürli miweleri, gök önümleri, gowaça we bugdaý ýetişdirmäge mümkünçilik döredýär. Sowet Soýuz döwründe her bir ýurduň oba hojalygynyň belli bir böleginde önümçilik derejesi has ýokary bolupdyr. Pagta önümçüligi Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ykdysadyýeti üçin gaty wajyp hasaplanypdyr. Meselem, Soýuz döwründe Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (ýyllyk ykdysadyýetiniň) 25%-i diňe pagtadan gelen bolsa, 2015-nji ýylda bütin oba hojalyk pudagynyň içerki ykdysadyýetindäki orny 9%-e çenli pese düşüpdir. Bu görkezmeleriň azalmagynyň sebäbi bolsa, Türkmenistanda nebit-gaz pudagyna bolan ünsüň artmagy we oba hojalyga bolan maýa goýumyň azalmagynyň netijesidir.

Galyberse-de, Sowet döwründäki ekarançylygyň sütüni bolan kolhozlar we sowhozlar, 1991-nji ýyldan soňra bütinleýin diýen ýaly ýatyryldy we togtadyldy. Bu ýyllarda Gazagystanda we Gyrgyzystanda ekarançylygyň uly bölegi hususylaşdyralan bolsa, Türkmenistanda, Özbegistanda we Täjigistanda bu ulgamyň hökümetleriň gözegçiligi astynda galýandygyny görüp bolýar.

Oba hojalyk önümleriniň eksporty (daşary ýurtlara satylýan harytlar) we importy (daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlar)

Merkezi Aziýanyň iň uly söwda hyzmatdaşlary Russiýa, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bolup durýar. Merkezi Aziýanyň eksport edýän oba hojalyk önümleriniň esasy bölegini pagta we bugdaý, şeýle hem kiçi mukdaryny miwe we gök-önüm harytlary tutýar. Ýewropa döwletlerine iň köp mukdarda pagta we bugdaý eksport edilýär we olardan import hökmünde işlenilip çykarylan azyk önümleri satyn alynýar.

Eksportyň we importyň aglaba bölegi bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz aralarynda amala aşyrylýar. Bu ýurtlaryň arasynda bolsa iň köp eksport edýän ýurt Gazagystan bolup durýar. Şeýle-de bolsa, bu sebitde içerki söwda we alys ýurtlara eksport derejesi entek hem gowulaşdyrylmaga degişli. Çünki özara söwdanyň we beýleki ýurtlara eksportyň has ýokary derejede bolmagynyna birnäçe päsgelçilikler häzir hem duş gelýar. Olar gowşak söwda ýollary, administratiw taýdan dolandyryşy pes bolan gümrükler we önümleriň dünýä saglyk standartlaryna ýeterlik derejede gabat gelmeýänligi bolup durýar.

Türkmenistanyň oba hojalygy

Sowet döwründen bäri Türkmenistanda pagta we bugdaý hasyllaryna gaty uly üns berilýär we şu döwürde hem pagta Hytaýa we Ýewropa Bileleşigine çig mal görnüşinde eksport edilýär. Goňşy ýurtlara garanyňda, Türkmenistanda we Özbegistanda oba hojalygyň üstündäki döwlet gözegçiligi görnetin gowşanok we tersine güýçli gözegçlik saklanylyp gelinýär. Pagta önümçiliginiň ýurduň ykdysadyýeti üçin wajyp bolany üçin, häkimiýetler ony hususylaşdyryp, töwekgelçilik etmek islänoklar. Kanun taýdan hususyýetçilere ýer eýeçiligi rugsat berlen bolsa-da adatça döwlet tarapynda gözegçilik alnyp barylýar we dürli hasyllar üçin ýyllyk borçnamalaýyn tabşyryklar berilýär.

Galla hasylyna uly üns berilýänine garamazdan, Türkmenistan Gazagystandan uly möçberde bugdaý we un satyn alýar. Mundan başga-da, FAO-nyň (BMG-nyň iýmit we oba hojalyk guramasynyň) berýän maglumatyna görä, ýurduň ekarançylyk önümçüliginde diwersifikasiýa bolmanlygy sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň 5,5%-i we çagalaryň 10%-i gerekli mukdarda iýmitlenip, kaloriýa alyp bilmeýär.

Merkezi Aziýada oba hojalygyň özgermegini bökdeýän esasy päsgelçilikler

Hofmanyň nygtaýşyna görä Merkezi Aziýada oba hojalyk pudagynyň özgermerginde şu aşakdaky kynçylyklar bar:

  • Girdeji: Täjigistanda we beýleki goňşy ýurtlarda daýhançylykdan gazanylýan ortaça girdeji, beýleki kärler bilen deňeşdirilende 3 esse azdyr we şonuň netijesinde köp adama ol ugurlarda işlemek ýaly höwes hem döränok.
  • Ýer eýeçiligi: Ekarançylyk ýerleri hususylaşdyrylanda, hökümete ýakyn bolan şahsyýetler iň bereketli topraklary, tehnikany we traktorlary, şeýle hem suwaryş sistemasyna ýakyn bolan ýerleri alypdyrlar.
  • Maýa goýumlary: Kiçi daýhanlar özbaşlaryna bazar bahasyna zatlaryny satyp bilmeýändikleri üçin, araçy adamlaryň kömegine mätäç bolýarlar we gerekli girdeji gazanyp bilenoklar. Kiçi daýhançylyklaryň ösüp bilmezliginiň esasy sebäpleri bolsa – döwletiň gerekli kömek etmeýänligi, infrastrukturanyň pesligi, banklaryň ýeterlik kredit, ýagny karz pul, bermeýänligi ýaly sebäpleri görkezip bolar.
  • Tehnologiýa: Awtomatizasiýanyň we mehanizasiýanyň pes derejede bolanlygy sebäpli, fiziki işleriň aglaba bölegi adam güýji bilen amala aşyrylýar. Gynansak-da, bu pudakdaky tehnologiýany ösdürmek üçin zerur derejede maýa goýum çekilmeýär.
  • Dökünler: Bu ýurtlar oba hojalyk üçin wajyp bolan dökünleri we pestisidleri özleri öndürmän, daşary ýurtlardan gymmat bahada satyn alýandyklary üçin, gerekli mukdarda olar ullanylmaýar we netijede gowy hilli hasyllar alynmaýar.

Awtor: Merdan Amanow

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: