Halkara Pul Gaznasnyň (IMF) hökümet bilen iň soňky maslahaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda bolupdy. Ondan öňki maslahatlar 2008,2009, 2011, 2012, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019-njy ýyllarda berilipdi. Şu ýyllarda HPG hünarmenleri Türkmenistana sapar etdi.
Deňeşdirilse ählisinde şol bir maslahatlar berilýär. Bu bolsa ýagdaýlaryň uýtgemeýändiginden habar berýär. Hökümetiň bu meseleler boýunça hasabaty, jogaplary açyk goýulmaýar HPG-nyň sahypasynda, ýurduň mediasynda.
Türkmenistanyň hökümetine maslahatlar:
- Esasy ykdysady kynçylyk nebit-gaz baýlygyny has köp ugurly, dowamly we durnukly ösüşe gönükdirmekdir.
- Manadyň iki hümmetini birleşdir we erkin sowdasyna ýol ber. Ähli alyş-çalyş çäklendirmeleri aradan aýrylmalydyr. “Walýutanyň goşa hümmetini birleşdirmek ykdysady ýoýulmalary we dolandyryşdaky gowşaklyklary azaldar. Häkimiýet walýutanyň hümmetini düýpli üýtgetmegi göz öňünde tutmalydyr”.
- Ýurduň býujetini ilata açyp görkez.
- Ösüşi durmuşa geçirmek bazar ykdysadyýetine esaslanýan diwersifikasiýa strategiýasyny, manatyň we walýuta hümmetiniň reformasyny, döwlet çykdajylarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryşda aç-açanlygy talap edýär.
- Ykdysadyýetde hökümetiň ornuny kiçelt, administratiw ulgamyňy ýeňilleşdir. Şeýle reformalar ykdysady netijeliligi ýokarlandyrar.
- Ykdysady statiskaňy elýeterli et, hilini we ygtybarlygyny gowulandyr.
- Ykdysadyýetde aç-açanlygy ýokarlandyr. Ykdysadyýetiňi bäsdeşlige aç.
- Saglygy goraýyş we bilim pudagynyň çykdaýjylaryny köpelt we ähli raýtlar üçin deň mümkinçilikleri döret. Zehinli hünärmeleriňi ösdür, olary ýurtda galar ýaly et we olar üçin amatly iş şertlerini döret. Döwlet işgärleriniň aýlyklaryny galdyr.
- Ilatyň maddy taýdan ejiz gatlaklaryna goldaw ber, olary gora.