Döwletler salgyt çöplemek arkaly ýurtda sosial hyzmatlary, ýagny bilim we saglyk pudaklaryny we jemgyýete peýdaly boljak möhüm infrastrukturalary maliýeleşdirýärler. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) berýän maglumatyna görä, orta we pes girdejili döwletlerde çöplenýän salgyt JIÖ-niň 15%-ne deň bolsa, ösen ýurtlarda salgytlar JIÖ-niň 40%-ne deňdir.
Sowet Soýuzy dargap, Gruziýa garaşsyz ýurt bolanyndan soňra, döwlet salgyt çöplemekde örän köp kynçylyklar çekipdi. Möwjeýän korrupsiýa sebäpli salgyt tölemekden gaçmak, bikanun salgyt karzlary we döwlet salgyt girdejileriniň ogurlanmagy döwlet býujetine negatiw täsirini ýetiripdi. Netijede, ujypsyzja mukdarda bolan döwlet işgärleriniň aýlyklaryny we pensiýanerleriň töleglerini hem tölemekde kynçylyklar çekilipdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýylarynda Gruziýanyň ýagdaýlary öňki Sowet Soýuzynyň agzasy bolan Türkmenistanyň başdan geçirenleri bilen örän meňzeşdir. Türkmenistan hem döwlet dolandyrylyşygyndaky korrupsiýanyň ýokary derejesinden ejir çekýär we salgytlary ýygnamakdaky tejribeleri çäkli bolup galýar.
Salgyt sistemasynyň reformasy netijesinde Gruziýa gysga wagtyň içinde salgytlardan çöpleýän girdejilerini JIÖ-ni her ýyl 2.5% artydyrypdy. Türkmenistanda ýygnalýan salgydyň möçberi, sanlary ilata elýeter däl bolup galýar.
Gruzin salgyt sistemasynyň reformasy
Gruziýada 2003-nji ýyldaky “Bägül Rewolýusiýadan” soňra ýurtdaky täze hökümet korrupsiýa garşy aktiw göreşleri alyp başlaýar, salgyt çöplemek boýunça gözegçiligi artdyrýar, berk jerimeleri girizýär we salgyt çöplemäge degişli kada-kanunlar üýtgedilýär. Täze salgyt kodeksi 2004-nji ýylda kabul edilýär we salgyt sistemasy ýeňilleşdirilýär, salgyt stawkalary (%) azaldylýar we birnäçe kiçi görnüşli salgytlar düýbünden ýatyrylýar. Jemi 21 dürli salgyt görnüşlerinden diňe 7-si galdyrylyp olaryň hem stawkalary azaldylýar.
Şahsyýetleriň töleýän stawkasy hemme kişi üçin tekiz 20% görnüşine geçirilýär we sosial üpjünçilik gaznasyna salgytlary ilki 33%-den 20% çenli azaldylýar we soňra bu salgyt görnüşi düýbünden ýatyrylýar.
Kärhanalaryň girdeji salgydy 15% tekiz stawka edip bellenilýär we müşderileriň satyn alýan harytlaryna we hyzmatlaryna goşulan baha üçin salgytlar (GBüS) 20%-den 18% azaldylýar.
Şeýle hem, hökümet elektron salgyt ulgamy ýaly çäreleri girizip salgyt tölemegi aňsatlaşdyrdy. Telekeçiler biznes açjak bolanlarynda minimum talap edilýän maýa goýumyň mukdary hem azaldyldy we şu çäreler sebäpli has köp biznesleriň açylmagy netijesinde hökümetiň bizneslerden ýygnaýan salgyt girdejileri hem artdy.
Reformalaryň miweleri
Gruziýadaky salgyt reformalar 2004-nji ýylda başlan bolsa, 2008-nji ýyla çenli salgytlardan gelýän girdejiler 2 esse artypdyr we ýurtdaky JIÖ-niň 25%-ne deň bolupdyr. Netijede, tölenilýän salgytlaryň görnüşlerini we olaryň stawkalarynyň prosentini azaltmaklaryna garamazdan, salgyt girdejilerini artdyryp bilipdiler. Halkara Pul Gaznasy (HPG) aýtmagyna görä, salgyt reformalary geçirilenden soňra, olaryň netije bermegi üçin ortaça 2-7 ýyl gerek bolýar. Bu üýtgetmeleriň durnukly we dowamly saklanmagy üçin edaralaryň we kada-kanunlaryň üýtgemegi zerurdyr.
Türkmenistanlylar nämeleri öwrenip biler?
Her ýurduň tejribesi üýtgeşik bolýar we çözgütler ýurtdan ýurda görä üýtgäp bilýär. Gruziýanyň we beýleki orta girdejili ýurtlaryň reforma tejribelerine salgylanyp, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maslahatlary aşakdakylardan ybarat:
- Syýasy erkiň bolmagy we salgyt ulgamyny kanuny taýdan reformirlemek islegi zerur we ilkinji ädim bolup durýar;
- Gözegçiligiň berk bolmagy we salgytlaryň tölenmedik ýagdaýynda kanuna görä adalatly jeza çäreleriniň alnyp barylmagy;
- Ilat bilen açyk, netijeli aragatnaşyk saklap, ilaty eşidip, manyly maglumatlary paýlaşyp, hökümetiň ilatyň goldawyny we ynamyny gazanmagy;
- Salgyt ulgamyny ýönekeýleşdir we salgytdan boşadylmalary çäklendir. Salgytlaryň stawkalaryny (%), tölenýän salgytlaryň görnüşlerini azaltmaly we çylşyrymly kada-kanunlaryň sanyny azaldyp, salgyt ulgamyny ýeňilleşdirmeli;
- Parahorlyk mentalitetine garşy göreş. Gruziýanyň hökümeti täze salgyt we gümrük işgärlerini işe aldy we korrupsiýa garşy uly göwrümli reformalaryň çäginde öňki, parahor işgärleriniň köpüsini işden boşatdy. Şeýle çäreler korrupsiýa batan pudagy arassalamaga we tertipleşdirmäne ýol açdy;
- Goşulan baha üçin salgytlar (GBüS) giriz. Müşderiler haryt we hyzmat satyn alan wagty tölenilýän GBüS girizilen ýurtlardaky umumy salgyt girdejileri bu salgydy girizmeýänleriňkiden has ýokarydyr. GBüS-den çöplenilýän salgytlaryň mukdary 2005-nji ýylda Gruziýanyň JIÖ-niň 8.5% deň bolan bolsa, 2009-njy ýylda JIÖ-niň 11.5% ýetdi;
- Tehnologiýadan we internetden peýdalan. Korrupsiýanyň derejesini azaltmak we salgyt tölemegi berjaý etmek üçin tehnologiýanyň peýdalary ulydyr. Gruziýada salgytlary tabşyrmak awtomatlaşdyrylyp elektronik şekilde amala aşyrylýar. Şeýle hem, salgyt gullugynyň, salgyt töleýjileriň we banklaryň arasynda maglumat paýlaşmak ulgamyny we bir bitewi internet portaly döredildi.
- Audit sistemasyny işe giriz. Garaşsyz edara tarapyndan guramalaryň we şahsyýetleriň hasaplaryny we töleýän salgytlaryny resmi şekilde gözegçilik etmegiň netijesinde korrupsiýanyň derejesini we salgytdan gaça durmagyň risklerini azaldyp boldy.
Çeşme: Halkara Pul Gaznasy