Progres.Online

Döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgamyna geçmegi: işleriň bitýärmi?

Göz öňüne getirip görüň. Bu gün işde iş diýseň köp we dartgynly. Üst-üstüne bolsa, sürüjilik şahadatnamaňyzy täzelemek, täze pasport üçin resminamalary tabşyrmak, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri etmek ýa-da çagaňyzy çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin birnäçe döwlet edaralaryna barmagyňyz gerek. Indi bolsa, ykjam telefonyňyzdan ýekeje bir web-saýta girip, bularyň hemmesini bir gezekde edip boljakdygyny göz öňüne getiriň. Bu siziň işli günüňize nähili täsir eder? Durmuşyňyza? Sanly hökümet – bu islendik ýerden we islendik wagtda girip bolýan ähli döwlet hyzmatlary üçin elektron görnüşinde ýeke-täk «bir penjiredir».

Sanly hökümet näme?

Sanly hökümet ýa-da elektron hökümet – döwlet edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwlet hyzmatlaryny onlaýn tertipde, ýagny internet arkaly, üpjün etmek hem-de raýatlar, kärhanalar we hökümetiň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen elektron görnüşde maglumat alyşmak üçin maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynynyň (IKT) ulanylmagyny aňladýar. Belli bir görnüşdäki (forma) kepilnamalary haýyş etmek, arzadyr ýüz tutmalary tabşyrmak ýa-da töleg etmek islän halatlarynyda, raýatlar adatça köp resminamalary (sprawkalary) ýygnamak we tabşyrmak şeýle hem köp sanly döwlet edaralaryna baryp uzak wagta çekýän býurokratik prosesi başdan geçirýärler. Sanly hökümet dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny bir platforma jemläp, bu prosesi ýönekeýleşdirip we kämilleşdirip biler. Dürli döwlet edaralarynyň arasynda utgaşdyrylyşy pugtalandyrmaga, hyzmatlary bermekde netijeliligi ýokarlandyrmaga, çykdajylary, ýitgileri we sarp edilýän wagty azaltmaga kömek edýär, şol bir wagtyň özünde bolsa adamlara islendik wagt, islendik ýerden we islendik enjamda döwlet hyzmatlaryny elýeterli etmäge mümkinçilik berýär. Eger dogry we gowy ornaşdyrylsa, sanly hökümet aç-açanlygy, jogapkärçiligi we öz içine alyjylygy ýokarlandyrmak arkaly raýatlaryň öz hökümetlerine bolan ynamyny dikeldip we güýçlendirip biler.

Sanly hökümetiň artykmaçlyklary

Sanly hökümet hyzmatlary üpjün edijilere-de, peýdalanyjylara-da birnäçe artykmaçlyklary berýär. Aşakda iki topara bölünen bu artykmaçlyklaryň käbirleri mysal hökmünde getiriýlär.

Hökümet:

  • Uzak wagta çekýän býurokratik prosesi ýok etmeklik;
  • Korrupsiýany ýok etmeklik;
  • Dürli döwlet edaralarynyň arasyndaky utgaşdyryşy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklik;
  • Jemgyýetçilik we kärhanalar barada degişli we öz wagtynda maglumatlary ýygnamaklyk;
  • Döwlet hyzmatlarynyň öndürijiligini we netijeliligini ýokarlandyrmaklyk;
  • Döwlet edaralary bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşygy gowulandyrmaklyk;
  • Zähmet çykdajylary we iş wagty bilen bagly bolan puly we wagty tygşytlamaklyk;
  • Ýokary hilli we wagtynda hyzmatlary we maglumatlary bermeklik;
  • Kagyzyň ulanylyşyny kemeltmeklik;
  • Hökümetiň aç-açanlygyny we raýatlarynyň öňündäki jogapkärçiligini ýokarlandyrmaklyk.

Jemgyýet:

  • Korrupsiýa mümkinçiligini azaltmaklyk;
  • Jemgyýetiň gatnaşygyny artdyrmaklyk. Mysal üçin döwlet edaralaryna hut özi baryp bilmeýän adamlar henizem gatnaşyp bilerler;
  • Adamlar üçin möhüm bolan meseleler boýunça hökümet maglumatlaryna elýeterlilik. Mysal üçin bilim ýa-da saglygy goraýyş babatynda;
  • Öz-özüne hyzmat ediş, çünki raýatlar hyzmatlary özbaşdak talap edip we peýdalanyp bilerler;
  • Wagty we puly tygşytlamaklyk. Mysal üçin mundan beýläk edaralara barmaklygyň ýa-da nobatda durmaklygyň geregi ýok;
  • Islendik wagt we islendik ýerde döwlet hyzmatlaryna elýeterlilik;
  • Hyzmatlaryň gurnalyşy we berilişi barada baha we seslenme bermeklik.

Türkmenistanda hökümeti sanly ulgamyna geçirmek babatynda nähili işler alnyp barylýar?

Türkmenistan 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny kabul etdi. Onuň çäklerinde ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriniň, jemgyýetçilik we hususy edaralarynyň sanly platformalara tapgyrlaýyn geçmegi meýilleşdirilýär. Ulag-kommunikasiýa toplumynyň wise-premýeri elektron hökümet ulgamyny ösdürmeklige jogapkär, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bolsa bu çäreleri utgaşdyrmak we döwlet platformalaryna kiberhowpsuzlyk hyzmatlaryny bermek üçin jogapkärdir. 2019-njy ýylyň fewral aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman serwerleri we beýleki tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberindäki serişdäni bölüp berdi.

Mundan başga-da, Prezident «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň ähli döwlet we hususy edaralaryna elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli herekete girizmegi tabşyryldy. Şu wagta çenli 294 sany web-saýty döredildi. Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda e.gov.tm atly bir bitewi döwlet web poratly döredildi. Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny elýeterli etmäge mümkinçilik berer.

Sanly hökümetiň esaslary näme we ony nähili işletmeli?

BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti 2020-nji ýyl üçin elektron hökümete syny (E-Government Survey 2020) çap etdi. Onda döwletiň elektron dolandyrylyşynda global tendensiýalar, ýetilen sepgitler we ýurtlaryň deňeşdirmesi beýan edilýär. Mysal üçin, elektron hökümetiň ösüş indeksinde (EGDI) Türkmenistan 193 ýurtdan 158-nji orunda durýar, ýagny 1-den 0,4 bal gazandy. Bu Türkmenistanyň üstünlikli sanly hökümeti durmuşa geçirmek mümkinçiliginiň diňe 40% -ini aňladýar.

Şeýle hem hasabatda döwlet pudagynda üstünlikli sanly transformasiýalar üçin bäş esasy komponent bar. Aşakdaky suratda bu görkezijiler we olaryň hersi boýunça Türkmenistanyň degişli görkezijileri jemlenendir. Bahalaryň araçägi 0-dan 1-e çenli, 1 – berlen ugurda gaty ýokary üstünlik diýmekdir.

Üstünlikli sanly hökümetiň komponentleri we olaryň her biri boýunça Türkmenistanyň progresi

Çeşme: 2020-nji ýyl üçin elektron hökümete syny, Türkmenistan, ulanmak arkaly awtor tarapyndan taýýarlanyldy

Infografikdaky ýazgylaryň terjimesi: Adam kapitalynyň görkezijisi 0.68/bolmalysy 1 (ilatyň sowatlylyk we bilim derejesi), telekommunikasiýa infrastrukturasynyň görkezijisi- 0.35/1.0 (internet we mobil telefonlaryň ulanyjylary), onlaýn hyzmatlarynyň görkezijisi- 0.18/1.0 (döwlet hyzmatlarynyň onlaýn elýeterligi), aç-açan hökümetiň indeksi -0.0/1.0 (hökümet maglumatlarynyň elýeterliligi), elektron gatnaşygyň görkezijisi – 0.2/1.0 (hökümetiň raýatyň onlaýn işe gatnaşmagyny üpjün edişiniň ukyby).

Bu gözleg işleriniň netijelerine esaslanyp, Türkmenistan IKT infrastrukturasyny gurmagy, şeýle hem onuň adamlar we döwlet edaralary üçin elýeterli bolmagyny ileri tutmalydyr. Şeýle hem, jemgyýetçilik hyzmatlaryna aňsatlyk bilen girip we ulanyp bilmek üçin Türkmenistan döwlet hyzmatlaryny onlaýn platformalaryna geçirmeli. Sanly hökümetiň maksady açyk, innowasiýon we gatnaşýan hökümete ýetmekdir. Elektron gatnaşyk boýunça orän ýokary bahalary (0,75-1,0) alan Özbegistan we Gazagystan ýaly goňşy ýurtlarda bolşy ýaly, türkmen hökümeti öz raýatlaryny onlaýna çekmegi başaranok. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda döwlet maglumatlaryna açyk elýeterlilik ýok diýen ýaly. Açyk hökümet netijeli, jogapkärçilikli döwlet edaralaryny gurmaga kömek edýär. Bu bolsa belli bir pudaklara degişli maglumatlary, milli maksatnamalary, hökümet çykdajylaryny ýa-da aç-açanlykdaky milli we ýerli býudjetleri öz içine alyp biler. Bu babatda, bu görkeziji boýunça gaty ýokary (1.0) baha alan Özbegistan we Gazagystan ýaly goňşy döwletlerinden Türkmenistan köp zady öwrenip bilerdi. Döwlet hyzmatlaryny ulanmak üçin e.gov.tm portalyndan peýdalandyňyp gördüňizmi? Eger şeýle bolsa, siz nähili tejribäni başdan geçirdiňiz? Türkmenistan sanly hökümeti nädip ösdürip, raýatlaryň elektron gatnaşygyny artdyryp biler?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: