ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2020-nji ýylda Amerikan kompaniýalary üçin Türkmenistanda maýa goýum şertleriniň oňyn we ýaramaz taraplaryny analiz edýän hasabaty (2020 Investment Climate Statements: Turkmenistan) taýyarlady.
Hasabatyň gysga mazmunyny size ýetirmegi makul bildik.
- Ykdysady ýagdaýlar: Hasabatda Türkmenistan ABŞ-däki Kaliforniýa ştatyndan biraz uly, ilaty az bolan we tebigy resurslara baý bolan ýurtdyr diýip bellenilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýeti gaty uly derejede nebit-gaz önümçiligine we eksportyna, şeýle hem kiçi derejede pagta, bugdaý we tekstil eksportlaryna garaşly bolup durýar. Ýurduň ykdysadyýeti dünýäde 2014-nji ýyldaky nebit-gaz bahalarynyň düşmegi sebäpli ykdysady çökgünlige düşüpdi we entägem krizisdan çykmaga synanyşýar. Ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar Amerikan firmalarynyň maýa goýumlary üçin “ýokary töwekgelçilikli” diýip häsiýetlendirilýär.
- Jemi Içerki Önümiň (JIÖ) sany: Türkmen hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä, ýurtdäky JIÖ-niň dollaryň resmi kursuna göra hasaplananda 2018-nji ýylda 40.76 mlrd$ we 2017-nji ýylda 38 mlrd$ bolupdyr. Dollaryň gara bazardaky hümmeti 2017-2018-nji ýyllarda 4 esse köpdi we bu ýadgaý ýurduň JIÖ-niň hakyky mukdarynyň has pesdigini görkezýär. 2019-njy ýylyň JIÖ sany entäk halkara guramalar tarapyndan resmi maglumatda aýan edilmedi, emma Türkmen hökümeti 6.2% ösüş bar diýip habar berdiler. Hökümet tarapyndan yglan edilýän ykdysady görkezijileriň köpüsi analitikler we ekspertler ygtybarsyz diýip hasaplanýar.
- Amerikan kompaniýalary: Hasabatda nebit-gaz pudagyndan beýleki pudaklara daşary ýurtdan geljek maýa goýumlary artdyrmak üçin Türkmen hökümeti tarapyndan zerur çäreler alnyp barylmaýar diýip aýdylýar. ABŞ Türkmenistana örän az mukdarda maýa goýum edýär. Muňa garamazdan, käbir amerikan firmalar Türkmenistana öz harytlaryny eksport edýärler. General Motors we John Deere kompaniýalary Türkmenistany senagat enjamlary bilen üpjün edýärler, ýöne kontraktlaryň aglaba bölegi hökümetiň firmalary bilen baglaşylýar. Daşary ýurt kompaniýalaryna tölegler wagtynda geçirilmeýändigi sebäpli käbir firmalar ilki başdan pul tölenmegini talap edýärler.
- Korrupsiýa we kontraktlar: Kanun hökmürowanlygynyň, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň pes derejede bolmagy we giňden ýaýran korrupsiýa Türkmenistan üçin örän uly problemadyr. Kontraktlar köplenç hökümete ýakyn bolan kompaniýalara berilýär. Hökümet daşary ýurt walýuta akymlaryny berk gözegçilikde saklaýar we şeýle ýagdaý daşary ýurt kompaniýalaryna töleg etmekde işi kynlaşdyrýar. 2019-njy ýylda dollaryň gara bazardaky nyrhy stabil derejede 18 manat töwereginde durdy we dollaryň resmi bahasy 3.5 manada berkidilen. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýurtdaky walýuta rezerwi has uly derejede zyýan çekdi we dollaryň gara bazardaky bahasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda 21 manada çenli ýokarlandy.
- Kanun, şahsy emläk we adalat: Türkmen hökümeti halkara standardlaryna laýyk derejede kada-kanunlary üýtgetmegine garamazdan, ýurtda maýa goýumlary bilen baglanyşykly anyk kanunçylygyň bolmanlygyndan köp firmalar arz-şikaýet edýärler. Firmalaryň şahsy emläkleri hökümet tarapyndan alynmaz ýaly ýurtda kanuny goragyň bolmazlygy we garaşsyz kazyýetiň gowşak we emeldarlara garaşlylygy aýdylýar. 2016-njy ýylyň dekabrynda ýurtdaky iň uly we ýeketäk daşary ýurt söwda merkezini (hasabatda ady aýdylanok) hökümet firmanyň elinden alyndy. Netijede hökümet hiçhili kanuny jogapkärçilik çekmedi we ýitginiň hiçhili öwezini dolmady.
- Pozitiw taraplary: Türkmenistanda biznes etmegiň iň uly pozitiw tarapy bolsa ýurtda “syýasy durnuklylygyň” bolmagydyr. Mümkünçilikler bolan ýagdaýynda, Amerikan kompaniýalary harytlaryň we hyzmatlaryň eksportlary üçin Türkmen hökümeti bilen kontrakt baglaşyp bilerler. Esasan hem gurluşyk materiallary, oba-hojalk enjamlary, nebit-gaz pudagynda ullanylýan enjamlar, lukmançylyk enjamlary we azygy gaýtadan işleýän enjamlar ýaly serişdeler üçin kontrakt baglaşmak mümkinçiligi bolup biler. Türkmen hökümeti Günbatar tehnologiýasyny öz bazaryna getirmek üçin Amerikaly kompaniýalaryň tenderlere gatnaşmagyna we dürli infrastruktura gurmak üçin proýektlerine gatnaşmaklaryna öz gyzyklanmasyny bildirdi.
Üns merkezinde saklanymaly esasy meseleler: Türkmenistanyň maliýe pudagyndaky üýtgeşmeler, şeýle hem dollaryň gara bazardaky hümmeti we walýuta satyn almakdaky çäklendirmeler belli bir derejede ýurtda maýa goýmak mümkinçiligine täsirini ýetirip bilerler. COVID-19 pandemiýasy Merkezi Aziýa döwletleri üçin uly synag bolup durýar. Energiýa resurslarynyň bahasynyň dünýä derejesinde peselmegi we tebigy gaz bazarlarynyň islegleriniň we talaplarynyň üýtgäp durmagy, Türkmen hökümetiniň gaznasyna göniden-göni täsirini ýetirer diýip hasabatda aýdylýar.
Türkmenistan: Esasy ölçegler we reýtingler
Ölçeg: Korrupsiýa indeksi
Ýyl: 2019
Reýting: 180 ýurduň arasynda 165-nji orun
Çeşme: Transparency International
Ölçeg: Dünýä Bankynyň dürli ýurtlarda biznes etmegiň aňsatlygy indeksi
Ýyl: 2020
Reýting: Maglumat ýok
Çeşme: The World Bank – Doing Business
Ölçeg: Global innowasiýa indeksi – ýurtlaryň dürli senagatlarda innowasiýa etmek ukybyny ölçeýär
Ýyl: 2019
Reýting: Maglumat ýok
Çeşme: World Intellectual Property Organization
Ölçeg: ABŞ-niň maýa goýumlary
Ýyl: 2019
Reýting: Maglumat ýok
Çeşme: Bureau of Economic Analysis
Ölçeg: Dünýä Banky – adam başyna bir ýylda düşýän umumy milli girdeji statistikasy
Ýyl: 2018
Reýting: 6740$
Çeşme: The World Bank