Progres.Online

Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ykdysady gelejegi nähili?

Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly ýarym ýyllyk hasabatyny çap etdi. Bu gezek hem ygtybarly we ýokary hilli maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistan hasabatdan çykaryldy. Umuman, hasabatda COVID-19 pandemiýasy we Russiýanyň Ukraina çozmagy zerarly dünýäniň ähli sebitlerinde ykdysady ösüşiň ýiti we uzak möhletleýin haýallajakdygy çaklanylýar.

2022-nji ýylda, Ýewropa we Merkezi Aziýa (ÝMA) sebitinde ykdysady ösüş 0.2%-e çenli örän peseldi. Harytlaryň bahalarynyň artmagy (meselem: energiýa we azyk önümleri) we walýutanyň hümmetiniň peselmegi zerarly inflýasiýa 1998-nji ýyldan bäri beýleki ýyllar bilen deňeşdirende ep-esli ýokarlandy. Bu esasanam ýoksul hojalyklara uly täsirini ýetirdi.

Tablisa 1. 2023-nji ýylda sebitler boýunça ÝMA-nyň ösüşi

Tablisa 2. Merkezi Aziýa döwletleri boýunça çaklamalar
Çeşme: Bütindünýä banky. Bellik: 2-nji tablisada f = çaklama.

ÝMA-nyň 2023-nji ýyl üçin ykdysady ösüş çaklamalary öwerlik däl. Ösüş 0.1% üýtgewsizligine galar we adam başyna düşýän günlük $6.85 garyplyk derejesi 20%-e ýeter. Inflýasiýanyň artyşy merkezi banklaryň meýilleşdireninden ýokary bolmagy ahmal. Merkezi Aziýanyň (Türkmenistany hasaba almazdan) 3.9% ösüş gazanmagyna garaşylýar. Emma, bu 2022-nji ýylyň iýundaky 4.3% ösüş çaklamasyndan pesdir. (Tablisa 1-e seret). Şeýle-de bolsa, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet dartgynlylygy iki ýurduň ösüş çaklamalaryna täsir etmegi mümkin.

Hasabatyň ösüşi çaltlaşdyrmak üçin çagyryşy:

  • Kanunalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek;
  • Kömek pullaryny (subsidi) isrip etmekden saklanmak;
  • Şol çeşmeleri hususy pudaga maýa goýmak, kesgitlenen möhletli subsidiler we klimatyň üýtgemegine garşy maýa goýumlary ýaly has öndürijilikli ulanmaga gönükdirmek.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: