Progres.Online

Türkmenler bikanun migrantlar boýunça Türkiýede üçünji uly topardyr

Halkara Migrasiýa Guramasy (IOM) Türkiýedäki migrasiýa ýagdaýyna syn berýän hasabaty çap etdi. Hasabata görä, Türkiýe ençeme ýyl bäri uly mukdarda migrantlary, şol sanda Merkezi Aziýaly migrantlary kabul edýär. Türkmenler Türkiýedäki bikanun migrantlaryň sany boýunça üçünji orunda bolup, 6,288 sany Türkmenistanyň raýaty Türkiýede wizasyz galma möhletinden ýa-da wiza möhletinden artyk galýarlar. Emma, barlagyň çäklendirmelerini göz öňünde tutsak, hakyky görkezijiler has köp bolmagy ahmal. Hasabat ikinji derejeli çeşmeleri ulananlygy sebäpli berilen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak ýa-da tassyklamak kyn. Mundan başga-da, doly däl hasabat bermek, dürli kesgitlemeler we habar berilmedik ýagdaýlar zerarly hasabatyň ýetersiz bolmak ähtimallygy hem bar.

Grafika 1. Milleti boýunça bikanun ýagdaýdaky migrantlar, Maý 2024

Çeşme: IOM 2024.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: