Progres.Online

Türkmenistan üçin Hytaý sapaklary

Fewral aýynda the Economist žurnalynyň çap eden Bütindünýa demokratiýa indeksine görä, umumy sanawdaky 167 ýurduň arasynda Türkmenistan 162-nji orny eýeledi. Goňşy ýurtlarymyzdan Täjigistan 159, Özbegistan 155, Gazagstan 128 we Gyrgyzstan 107-nji ýerde durýar. Şeýle hem, indeksde ýene bir gyzykly ýurt 151-nji orunda duran Hytaý Respublikasy. Hytaýda “demokratiýanyň ýagdaýlary” Türkmenistanyňkydan çala “gowy” diýip bellenilip iki ýurt hem “awtoritar režimler” kategoriýasynda ýer alýar. Hytaýyň ykdysadyýeti Türkmenistanyňkydan has güýçli. Türkmenistan ykdysady ösüş babatynda Hytaýdan nähili sapaklary seljerip, durmuşa geçirip biler?

Meniň pikirimçe, halkara guramalary Hytaýyň syýasy sistemasyny “açyk we azat ýurt däl” hasaplanmaýan hem bolsa, Hytaýda 1978-nji ýyldan soň alnyp barlan düýpli ykdysady reformalardan Türkmenistanyň öwrenip biljek sapaklary barada hökman gürrüň edilmeli.

Hytaý garyplykdan çykdy

Hytaýda ykdysady reformalar 1978-nji ýylda başlaýar we olaryň netijesinde gysga wagtda birnäçe ösüşler amala aşýar. 1978-nji ýylda Hytaý Respublikasyndaky ýaşaýan adamlaryň 88% garyp bolan bolsa, 2019-njy ýylda bu san 0,6% çenli azaldy. Şeýle hem, ýurduň Jemi Içerki Önümi (JIÖ) 1978-nji we 2019-njy ýyllar arasynda 96 esse artdy. Hytaýlylar 41 ýylyň içinde ummasyz progresi gazandylar.

Düýpli ykdysady reformalar

Halkara Pul Gaznasy (HPG) Hytaýyň ykdysady ösüşinde iri 3 sany faktory belleýär: 1) merkezden planlanan ykdysady sistemadan bazar ykdysadyýetine geçmegi; 2) ekarançylyga garaşly bolan sistemany azaldyp, senagat we serwis ykdysadyýetine geçmegi; 3) ykdysadyýeti we söwdany daşary ýurt hyzmatdaşlygyna we maýa goýumlaryna açmagy. Ekarançylyk 1978-nji ýyldaky reformalardan öň kollektiw şekilde hökümet tarapyndan dolandyrylýlan bolsa, düýpli ykdysady reformlar her daýhanyň öz ýetişdiren hasylyny islendik kişä bazar bahadan satmaga mümkinçilikleri döredýär.

The Economist  zurnalyna görä, hökümet şeýle hem ýollary we infrastrukturany gurýar, ylym-bilim sistemasyna maýa goýumlary edýär we daşary ýurtdan maýa goýujylary ýurda çekmäge synanyşýar. Netijede bolsa, milli ykdysadyýet ösýär we garyplyk uly derejede azalýar.

Biznes açmagyň ýeňilleşdirilmesi

Dünýä bankynyň “Ease of doing business” atly indeksi ýurtda biznes açmak hadysasynyň ýeňillik derejesini ölçeýär. Onuň içine biznes açmak rugsadynyň näçe wagt içinde berilýänligi, elektrik toguny çekmek, gurluşyk rugsatnamasyny almak, emlägi registrasiýa etmek, salgytlary tölemek, kredit almak, serhetara söwda we döwletiň biznes şertnamalaryna berýän goraglylygyny ölçeýär. Bu ýerde Hytaý bütin dünýä boýunça 31-nji orny eýeleýär. Biznesleriň aňsat açylmagy we işledilmegi bolsa ýerli ykdysadyýetiň ösüşi üçin örän peýdalydyr.

1979-1999-nji yyllar arasy Hytaýda 10 million sany orta we kiçi göwrümli biznesler registrasiýa edilipdir. Bular ýurduň firmalarybyň 90%-ni düzüpdir. Olaryň kömegi bilen ýurtda millionlarça adama iş orunlary döredilipdir.

Eksportlar we daşary ýurt maýa goýumlary

Ýurtda önümçilik gaty uly derejede bolany üçin, Hytaý birnäçe ýurtlara harytlaryny eksport etmäge başlaýar. Meselem, 1980-nji ýylarda eksport her ýyl ortaça 5,7%, 1990-nji ýylarda her ýyl ortaça 12,4% we 2000-2003 arasynda her ýyl 20,3% ýokarlanypdyr. Eksportlaryň mukdarynyň köp bolmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine örän uly peýda getiripdir.

Şeýle hem, Hytaý hökümeti daşary ýurtdan maýa goýumlaryň gelmegini aňsatlaşdyrmak üçin birnäçe reformalar geçirdi we olar üçin salgyt ýeňilliklerini döretdi. Bu hereketler daşky maýa goýumlarynyň artmagyna getirdi we onuň netijesinde birnäçe täze kärhanalar döredildi.

 Senagatlaşma we adam kapitaly

Islendik ýurduň durmukly ykdysady ösüşine itergi berýän iň iri faktorlaryň biri senagatlaşmakdyr (industrializasiýalaşdyrma). Bu prosesiň başynda uly mukdarda arzan işçi güýji we adam kapitaly gerek bolýar, emma belli bir wagt geçensoň ösüşi dowam etdirmek üçin ýokary bilimli işçileriň elýeter bolmagy wajypdyr. Daşary ýurtlara okamaga giden Hytaý studentleri soňky ýyllarda okuwy gutaryp öz ýurtlaryna dolanmaga başladylar. 2001 we 2019-njy ýyllar arasynda daşary ýurda okamaga giden 6,2 mln studentlerden 4 milliony Hytaýa yzyna dolanyp gelipdirler. 2013-nji ýyldan soňra daşyna giden her 5 studentden 4-si yzyna dolanyar. Studentleriň daşary ýurtda okap, tejribe edinip, ýurtlaryna dolanyp barmalary we ol ýerde öz isleglerine görä iş tapyp bilmekleri ýurduň adam kapitalyna edýän goşandy çäksiz uludyr.

Merdan Amanow

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: