Progres.Online

Täjigistandaky ýol-transport wakalarynyň esasy sebäbi: parahorlyk we jezalandyrmazlyk

Hökümet işgärleri Täjigistandaky ulag heläkçilikleriniň esasy sebäpleri – ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmezlik we tizligi artdyrmak diýip hasaplaýarlar. Hünärmenler bulara parahorlyk ýagdaýlaryny hem goşýarlar.

Soňky döwür pidaly ýol-transport wakalarynyň (ÝTW) artmagyndan köpçülik ynjalyksyzlanýar. Içeri işler ministrliginiň (IIM) maglumatlaryna görä Täjigistanda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 492 ÝTW bolup, geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirde 10 sany wakad köpdür. Netijede 193 kişi ölüp, geçen ýylkydan 13 kişi köpdür. Bu meseleleriň öňüni almak üçin entek 2013-nji ýylda “Howpsyz şäher” taslamasynyň çäginde Duşanbede 855 wideo gözegçilik kameralary gurnaldy. 2017-nji ýylda Täjigistan parlamenti jenaýat kodeksinde we administratiw kanunyny bozma kodeksinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmezlige garşy jezalary güýçlendirdiler.

Hukuk goraýjy edaralaryň seljerişi

IIM Döwlet awtoulaglary edarasynyň (DAE) ündew we wagyz bölüminiň müdiri Saýmumin Hasanzoda hakykatdan hem ÝTW artandygyny, sebäbini bolsa adam faktory we sürüjileriň medenýetsizligi diýip düşündirýär. Ol CABAR.asia. bilen söhbetdeşliginde: “ Biziň derňewlerimiz görä esasy sebäpler-ýokary tizlik (75%), ozma düzgünlerini berjaý etmezlik (45%), uly halkara gatnaw ýollarynda sürüjileriň ýadawlygy (25%) we ýönekeý ýol hereketiniň düzgünlerini bilmezlik” diýdi. Saýmumin Hasanzoda ýurtda ulag serişdleriniň artmagy (600 müňden gowrak) hem ýol hereketine täsir edýär diýip belläp geçdi.

Parahorlugy gizlemeli däl-de ýok etmeli

“Himoýa” Hukuk guramasynyň baştutany milisiýanyň özgertmeler boýunça Jemgyýetçilik Geňeşiniň ýolbaşçysy Nawruz Odinaýew, sürüjileriň köpüsiniň ýönekeý ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeýändigini, her dürli bahanalar tapyp howpsyzlyk kemerini dakmaýandyklaryny we gadagan edilen ýerlerde ýokary tizlikde sürýändiklerini belläp geçdi. Muňa esasy täsir edýan sebäpleriň biri hem sürüjilik rugsatnamasyny alma usulydyr. “Köp kişiler, ýolbaşçylaryň we gurply adamalaryň çagalary her hili usul bilen ýada diňe pul berip satyn alýarlar, bu bolsa ÝTW artmagyna getirýär”- diýip üstüni ýetirdi. Bu ýagdaýlary gizlemän olaryň öňüni almalydygyny nygtady.

Ýolbaşçylaryň çagalarynyň gatnaşýan heläkçilikli wakalary IIM ynjalyksyz edýär

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Täjigistanda meşhur ýolbaşçylaryň we işewürleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda 10-dan gowrak pidaly transport wakalary boldy. Derňewiň görkezişi ýaly, ÝTW-yň günäkärleri köplenç jerime töleýäp ýada dessine amnistiýa boýunça boşadylypdyrlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä şeýle ýeňil jezalar, jerimeler we günä geçmeler ÝTW-yň ýygylygyna sebäp bolýar.

Näme etmeli?

Saýmumin Hasanzodanyň aýtamgyna görä DAE “Herketiň tizligi”, “Pyýada”, “Tehniki barlag” we “Awtobus” ýaly işleri geçirip, ÝTW azaltmaga we sürüjileri, pyýadalary ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek üçin itergi berýärler.

Nawruz Odinaýew bolsa gelejekdäki sürüjileriň nähili rugsatnama alýandygyna gözegçilik etmeli we her biri ýol hereketiniň düzgünini öwrenmelidigini nygtaýar. Şeýle hem ol düzgün bozma jezalarynyň we jerimeleriniň has güýçlendirmegi teklip edýär. Jerimeler köplenç güýçsiz bolýar, gurply kişileriň etmişi temmisiz galýar we jezasylyk duýgulary emele gelýär.

Ýurtda sürüji rugsatnamalaryny alyş usullary barada derňew geçiren täjik žurnalisti Ýakub Halimow ÝTW sebäbiniň pes sürüş medenýeti (gödeklik, tekepbirlik, bihaýalyk, äsgermezlik, nadanlyk) diýip hasaplaýar.

Ýol-transport wakalarynyň azaltmagyň esasy şertleri:

  • hukuk kadalarynyň hökmany berjaý edilmegi;
  • sürüji rugsatnamasy berilende parahorlugy aýyrmak;
  • ähli raýatlara deň derejede jeza bermek;
  • ÝTW derňewleriniň aýdyňlygy;
  • ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: