Progres.Online

Täjigistanda sosial deňsizlik ýagdaýy

Täjigistanlylaryň ýarysyna golaýy sosial deňsizlik bilen ýüzbe ýüz bolýar olaryň üçden biri bolsa sosial deňsizligiň hötdesinden gelmek üçin parahorluga (korrupsiýa) garşy göreşmeldigini aýdýar. Bu ýagdaýy CABAR.Asia-nyň analitiki mekdebiniň uçurumy Alişer Gardonşoýewiň geçiren sosiologik soraglarynyň netijesi görkezýar.

Barlaga görä, sosial deňsizlik – emeli ýagdaýda güýçlendirilýänçä obýektiw we kanuny hadysadyr. Hökümet raýatlaryň maddy azatlygyna goşulmaly däl, diňe halkyň ýaşaýyşyny gowlandyrmak, olaryň hukuklaryny we azatlygyny goramak üçin jemgyýetiň durmuşyna täsir etmeli. Munuň üçin administratiw mümkinçiliklerini ýada zorlukly çäreleri ulanmaly däl. Tersine, dogry salgyt syýasaty, maliýeleşdirme we dürli pul ýardamlary ýaly ykdysady mümkinçilikleri döretmeli.

Bu makalany ýazan onlaýn soragnamada sosiologik ylymlaryň doktory, pelsepe ylmynyň kandidaty professor Şonazar Şoismatulloýew, dosent Firuz Mirow we Täjigistan Respublikasynyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň doktoranty Adiba Nurmatowa bilen işleşdi.

Soragnama Täjigistanyň şäher we obalaryndan 18 ýaşdan uly 400 kişi, 52,2% erkekler we 47,8% aýallar gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň 42,1% orta bilimli, 9,0% kolej, 26,4% bakalawr, 3,6% ýokary hünärmen, 11,9% magistr we 3,9% alymlyk derejesi bar.

Siziň pikiriňizçe “sosial deňsizlik” näme?

  • Jemgyýetiň maddy we ruhy mümkinçilikleriniň elýetersizligi12.4%; 
  • Jemgyýetdäki adalatsyzlyk – 11,6%;
  • Adamlaryň talaplaryny kanagatlandyrmakda ýaşaýyş deňsizligi – 11,4%;
  • Ilatyň ýaşaýşynyň dürli şertlerde bolmagy – 10.1%;
  • Her kesiň pikirleriniň deňsizligi – 5,7%;
  • Adam hukuklarynyň kemsidilmegi – 5,7%;
  • Diskriminasiýa (dili, milleti, maýyplygy, jynsy we ş.m. hukuklary kemsitme) – 5,4%;
  • Adalatsyz zähmet bölünişigi – 2.

Siziň pikiriňizçe “sosial deňsizligiň” esasy sebäbi näme?

  • Girdejiniň pesligi – 49,6%;
  • Parahorluk – 31,3%;
  • Mal-mülk deňsizligi – 28,4%;
  • Iş sowatlylygynyň ýoklugy – 24,8%;
  • Hünarsizlik – 23,0%;
  • Ýerli bähbitlere kowalaşmaklyk – 17,3%;
  • Ýaltalyk – 16,5%;
  • Dürli bahanalar, ýazgyt, daşky şertler – 12,7%.

Sosial deňsizligi nähili ýeňip bolar?

  • Parahorlugy azaltmak – 24,1%;
  • Ykdysadyýeti ösdürmek – 20,7%;
  • Adam hak we hukularyny goramak – 17,2%;
  • Raýatlaryň bilim derejesini ösdürmek – 17,2%;
  • Iş ýerlerini döretmek – 15,5%;
  • Raýatlaryň maliýe bilimini ösdürmek – 8,6%;
  • Jogapsyz – 17,2%.

Soragnamanyň netijesinde sosial deňsizligi peseltmek üçin şu aşakdakylar maslahat berilýar:

  • Iň pes aýlygy galdyrmak;
  • Parahorlyga garşy göreşi güýçlendirmek;
  • Ýokary hili bilimi hemmeler üçin elýeterli etmek;
  • Ösýan salgyt salma şkalasyny kämilleşdirmek;
  • Ýerli bähbitlere kowalaşmagy ýok etmek;
  • Resmi we resmi däl goldaw ykdysadýeti üçin döwletiň maýagoýumlarynyň möçberini artdyrmak.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: