Progres.Online

Täjigistanda internet gözleglerinde haýsy dili saýlaýarlar?

Täjigistanda russyzlaşdyrma (rus dilini we medenýetini gündelik durmuşdan aýyrmak) garamazdan ýurdyň maglumat giňişliginde rus dili möhüm ýer alyýar. Media hünärmeni, analitik Nawruz Karimowyň barlaglaryna görä Täjigistanda Google agtaryşlarynyň aglaba köpüsi rus dilinde edilýar.

Derňewde gündelik durmuşyň 13 ugrunda ulanylýan 260 söz we söz düzümleri saýlanyp alyndy. Soňky ýyllarda bu sözleri täjik diline garanda rus dilinde ortaça 4.13 esse köp gözlenipdir. Meselem “geýim we bezeglere (aksessuar)” degişli 20 sözüň 11 sanysy rus dilinde agtarylypdyr.

“Internet ugrundan raýat inisiatiwasy” Jemgyýetçilik Fondynyň müdiri Muhammadi Ibodulloýewiň aýtmagyna görä täjik dilinde agtaryşlaryň azlygynyň birnäçe sebäbi bar:

“Birinjiden internetde täjik dilinde kontentleriň azlygy. Peýdaly temalarda kontentleri paýlaşýan maglumat agentlikleri entägem rus dilini ulanýarlar. Netijede täjik dilinde bir zat agtarylanda gerkli maglumatlaryň 50% elýetersiz galýar.”

Saýtlaryň ulanyş dili rusça duran bolsa ulanyjylar ony täjik diline geçirmeýär. Edil şonuň ýaly Windows operasion ulgamynda täjik dili bolsada, köpçülik rus dilini ulanýar.

Google Translate hem täjik diline terjime edilende “çökýär ýagny juda az netije görkezýar”. Munuň sebäbi sanly ulgama geçirilen tekstleriň gaty az bolmagy we terjime edýän algoritimiň “okamagy” üçin maglumatlaryň ýetmezçiligidir.

Bu makalany taýýarlamak üçin işleşen hünärmenlerimiziň pikirlerine görä bilimiň esasy ugurlarynda täjik dilinde kontetleriň ýetmezçiligi onuň gelejekde diliň ösmegini kynlaşdyrýar. Hünärmen Umed Jaýhoni Täjigistanda dil we terminologiýa, şeýle hem Täjik dili we edebiýaty institutlarynyň bar. Emma täjik diliniň şu günki ýagdaýy onuň gelejeginiň ýokdygyny görkezýär diýip Jaýhoni nygtaýar.

Google agtarmada täjik dilinde “kursi” (oturgyç) sözüni ýazanda rus dilinde harp ýalňyş hökmünde “курсы” (kurslar) çykarýar. Ýada arap dilinde “kürsi” dogasyny çykarýar. Bu bolsa gözleg algortiminiň täjik dilini görmeýändigini ýada tanamaýandygyny aňladýar. Agtarmalarda “namazlyk” ýada “tahýa” ýaly dini sözler köplenç diňe täjik dilinde gözlenilýar.

Media dilçisi Kutbiddin Mukhtoriniň aýtmagyna görä täjik elipbiýini üýtgedip kril harplarynyň ýerine biziň gadymy dilimiz bolan sogdian diline geçip bileris. Ýöne 70-80 ýylyň dowamynda kril harplaryna geçirilen edebiýaty gaýtadan işlemeli bolar we halka täzeden bilim bermeli bolar. Bu bolsa gaty köp çykdaýjy talap edýär.

Näme etmeli?

Internetde täjik dilinde näçe köp kontent bolsa, ulanyjy ene dilinde maglumat gözlemäge öwrenşer. Täjik dilinde tekstler näçe artsa şonça-da agtarma ulgamlary biziň sözlerimizi rus diliniň “ýalňyşy” hökmünde çykarmasyny azaldar. Edil dini kontentleriň täjik dilinde köplügi bu sözleriň ene dilinde gözlenilmegini artdyryşy ýaly, durmuşyň beýleki ugurlarynda hem täjik diliniň ösmegine ýardam eder.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: