Merkezi Aziýanyň analitik hasabat býurosynyň “Täjigistanda ýanýoldaşyň aliment töleme krizisi: kakalar çagalaryny eklemekden ýüz öwürýärler” atly hasabatyna görä, Täjigistanda çaga aliment bermeli ene-atalaryň 90%-i çagalaryny eklemek borjuny ýerine ýetirmeýärler.
Täjigistanda durmuş gurmak
- Täjigistanda her ýyl 13.000 töweregi maşgala dargaýar. Adatça, aýrylyşandan soň çagalaryň ähli jogapkärçiligi aýalyň gerdenine düşýär.
- Täjigistanda adamlar ortaça 21-22 ýaşynda durmuş gurýarlar. Gyzlaryň aglabasy ýokary we ýöriteleşdirilen orta bilim almaýarlar. Şol sebäpli, olar aýrylyşanyndan soň maddy goldawyny ýitirýärler. Bilim derejesi bolmadyk aýallar pes hünärli we az aýlykly işlerde işleýärler.
- Köp halatlarda aýallar ýaşamaga ýerlerini hem ýitirýärler. Çünki, ýoldaşynyň maşgalasy köplenç olary öýlerinden çykarýar we aýallaryň öz maşgalasy olary yzyna almaýar.
Ýoldaşyň goldaw bermezligi
Täjigistanyň hökümetine görä, häzirki wagtda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin aliment tölemek baradaky jemi 95.000 töweregi iş kazyýet kararyna garaşýar. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä, resmi taýdan hasaba alnan aliment tölemeýänleriň sany 1000 adam. Olaryň 538-sine garşy jenaýat işi gozgaldy we 398 adam gözlenýänleriň sanawyna goşuldy.
Hakykatda, tölenmedik alimentleriň sany has köp. Zorluga sezewar bolan aýallar bilen işleýän Gamhori jemgyýetçilik guramanyň işgäri Şohsanam Karaboýewanyň aýtmagyna görä, 10 aýaldan 9-sy aliment almaýar. Döwlet aliment tölemeýänleriň statistikasyny kemter berýär.
Mundan başga-da, ýurtda hukuk sowatlylygynyň derejesi pes. Aýallaryň köpüsi aliment almaga nädip ýüz tutmalydygyny bilmeýärlar ýa-da kazyýete gitmekden gorkýarlar. Bu statistikanyň has hem nädogry bolmagyna getirýär. Kazyýet kakanyň çagasyna goldaw bermelidigi barada karar beren halatynda-da, zähmet migrasiýasynyň känligi zerarly aýallaryň töleg aljakdygy näbelli.
Kazyýet kakalary kömek etmäge mejbur edip bilmeýär, esasanam işlemek üçin göçýänleri. Emma, kanun taýdan eger kakasy çaga aliment tölemese, oňa jerime salynýar we çaga berilmeli alimentiň üstesine jerime tölemeli bolýar. Täjigistanyň kanunlaryna görä, hemişelik işleýän erkekler aýrylyşan mahaly çaga üçin aýlygynyň 25%-ini bermeli.
Näme etmeli?
Täjigistanda ýanýoldaşy jogapkärçilige çekmek kyn bolsa-da, statistikanyň görkezişi ýaly nähili çykalganyň barlygyny bilmek möhümdir. Öňki ýanýoldaşyňyzdan çaga üçin goldaw almak isleseňiz, ilki bilen ätmeli ädimleriňizi kesgitlemeli. Aliment almagyň iki ýoly bar:
- Aýrylyşmazdan ozal ýanýoldaşyňyz bilen her aý belli bir mukdarda pul ibermegini öňünden ylalaşyň. Bu resmileşdirilmeli we şertnama notariýus edarasynda gol çekilmeli.
- Öňki ýanýoldaşyňyz aliment bermäge razylaşmasa, alimenti kazyýet arkaly alyp bolar. Munuň üçin ýaşaýan ýeriňizdäki etrap kazyýetine arza bermeli.
Iň esasy zat, çaga üçin aliment tölegini aňsat almaga ugrukdyrjak hukuk hyzmatlaryny nireden alyp boljakdygyny öwreniň.