Progres.Online

Suw gytçylygy abanýar: Uly Owgan Kanalyna Özbegistan we Türkmenistan taýýarmy?

2022-nji ýylyň martynda öz-özüni ykrar eden Owganystan Yslam Emirligi gurakçylykdan kösenýän ýurdy halas etjek giň gerimli Koş Tepa suwaryş kanalynyň gurluşygyna başladygyny habar berdi. Emma bu gurluşyk akymyň aşagynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw ýetmezçilik howpuny artdyrýar. Merkezi Aziýa döwletleri mundan beýläk suw meselelerinde Owganystana göz ýumup bilmeýär. Klimatyň üýtgemeginiň täsirini nazara alyp, sebitdäki gutulgysyz suw ýetmezçiligi bilen baglanşykly strategik taýýarlyk gerek.

Koş Tepa kanaly soňky onýyllykda Merkezi Aziýadaky iň täsin suwaryş taslamalardan biridir. Owganystanyň Milli Ösüş Kompaniýasyyň amala aşyrýan we gurluşygy bolsa hökümet serişdeleriniň hasabyna alynyp barylýan kanalyň uzynlygy 285 km, ini 100 m we çuňlugy 8m ýetýär. Gurluşyk tamamlanan soň Owganystanyň demirgazygyndaky gurak Kaldar, Balh, Jowzjan, we Farýab welýatlaryndaky 550,000 gektar ekerançylyk meýdanyny suwarmagyna garaşylýar. Bu möhüm başlangyç sebitiň oba hojalygyny janlandyrar.

Koş Tepa taslamasynyň talybanlaryň (MA ýurtlarynda gadagan edilen terroristik gurama) hökümet başyna geçmezinden öň, birnäçe ýylyň dowamynda taýýarlanýandygy hem örän gyzyklydyr. Onuň üstesine-de tehniki-ykdysady esaslandyrma işleri USAID-yň goldamagy bilen Owganystanyň öňki hökümeti tarapyndan taýýarlanypdyr. Her niçik-de bolsa taslama Talyban hökümetiniň ýolbaşçyygynda durmuşa geçirilýär we ösüşler gürrüňsiz örän uludyr. Planet Lab hemrasynyň surtalaryna görä 2022-nji ýylyň mart aýyndan 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna çenli, bir ýyldan sähelçe kän wagtda talybanlar kanalyň 100 km golaýyny gurupdyrlar.

Owganystan üçin kanal gurluşygynyň wajyplygy

BMG-nyň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň (FAO) hasabatyna görä Owganystan görlüp-eşidilmedik gumanitar batym başdan geçirýär. IPC-iň (Integrirlenen azyk üpjünçilik tapgyrlarnyň synplandyrmasy) 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde çap eden bahalandyrmasyna görä 17 million adam, ýagny ýurduň ilatyň 40% golaýy ýiti azyk ýetmezçiligine duçar bolýar (IPC 3 krizisi ýada IPC 4 adatdan daşary ýagdaý hökmünde synplandyrdy). Ýurtdaky ykdysady we syýasy batym, üstesine klimatyň üýtgemeginiň täsiri azyk ýetmezçilik meselesini has hem artdyrýar.

Ilatyň ýaşaýşynyň 80% oba hojalygyna bagly bolany üçin klimatyň üýtgemegi (giň gerimli gurakçylykda we tebigy betbagtçylyklarda ýüze çykýar) ekinleriň ösüş möhletine we hasyllylygyna täsir edip, azyk ýetmezçiligini artdyrýar.

Şol sebäpden Owganystanyň gumanitar batymdan çykmak üçin we oba hojalygyny ösdürmek üçin suw resurslary iň uly milli ähmiýete eýe bolýar.

Owganystanyň çölde ýerleşmegine garamazdan suw ätiýajy köpdir. Geň göräýmeli weli ýurtdaky suwuň 80% belentligi 2000m gowrak bolan Hindiguş daglaryndan gelýär. Gyş aýlary gara bürenen dagyň depeleri tebigy suw howdany bolup, tomusda garlaryň eremegi bilen bütin ýylyň dowamynda ähli uly derýalary suw bilen üpjin edýär.

Bu tebigy baýlyklaryna garamazdan Owganystan suw üpjünçiligi infrastrukturasynyň elhenç ýetmezçiligi bilen göreşýär, bu bolsa üznüksiz agyz suwy bilen üpjin etmekde ägirt uly kynçylyklary döredýär. Ilatyň zerur bolan suw talaplaryny kanagatlandyrmaga dynuwsyz söweşler we basyp alyşlar uly gidrotehniki desgalary we kanallary gurmaga mümkinçilik bermedi. Şonuň üçin hem ýarym çöl bolan Owganystanda suw ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin Koş Tepa kanalynyň taslamasy örän wajyp başlangyçdyr.

Göknar ekinzarlygynyň (plantasiýa) gülläp ösmegi: Owganystanyň “demirgazyk ýolunyň” giňelme howpy

Kanalyň gurluşygy Owganystanyň oba-hojalygyny ösdürmek bilen birlikde göknar ýetişdirmek, öndürmek we bikanun tirýek satmak arkaly tötänden hem bolsa “demirgazyk ýoluny” güýçlendirmäge mümkinçilik döreder. Owganystan entägem dünýäniň iň uly tirýek göknarynyň öndürijisi bolup durýar we 2017-nji ýylda 328 000 gektara golaý meýdan göknar ekmek üçin bölüp aýryldy. “Demirgazyk ýol” diýip atlandyrylýan ugur boýunça narkotikler Owganystanyň demirgazygyndan onuň goňşy döwletleri Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa barýar.

Talyban hökümetiniň göknar ekmegi gadagan edendigine garamazdan, tirýegiň nyrhynyň ep-esli artmagy netijesinde ýurtda göknar bikanun ösdürilip ýetişdirilýär. BMG-yň hasabatyna görä göknar satuwynyň girdeýjisi 2021-nji ýyldaky $425 milliondan 2022-nji ýylda $1.4 milliarda ýetdi.

Ýokarda görkezilen ähli sosial-ykdysady we bikanun sebäpler kanalyň gurluşygynyň Owganystan üçin wajyplygyny subut edýär.

Kanal gurluşygynyň hili

Açyk maglumatlara we hemra suratlaryna görä kanalyň gurluşygynyň hili ikirjiňlendirýär. Kanalyň gurluşygy örän ýönekeý bolup, onuň düýbüni we kenarlaryny berkitmän, ýüzüni örtmän ýöne “gazýarlar”. Bu usul bolsa suwuň gury çägesöw topraga syzmagy netijesinde, onuň uly mukdarda ýitme töwkgelçiligine getirip biler. Kanalyň suwunyň ýitmegi ekerançylyk meýdanlaryndaky topragyň şorlanmagyny we batgalaşmagyny artdyryp, şeýlede bar bolan suw ýetmezçiligi meselesini has hem çyňlaşdyrar.

Suw resurslary we daşky gurşak boýunça hünärmen Najibullah Sadid kanalyň suw sowujy bendindäki eroziýany (iýilme) belläp geçdi we soňky wakalary aýdyňlaşdyrdy. Hemra surtalarynda görünşi ýaly bent suwdan doly (gyzyl tegelek çyzyk bilen çyzylan), kanalyň taslamasy we gurluşygy baradaky şübhelere görä bu garaşylýan netijedir. Bu bellikler kanalyň hili we durnuklylygy baradaky meseleleri gyssagly çözmelidigini aňladýar.

Koş Tepa kanalynyň okgunly gurluşygy we ýolbaşçylaryň talapkär çemeleşmeleri talybanlaryň halkara we içerki kanuny häkimiýetini ykrar etdirmek üçin kanalyň taslamasy wajyp serişde bolup durýar.

Birinjiden, Koş Tepa kanalynyň çalt gurulmagy talybanlaryň özlerini ýurdy ösüşe eltýän başarjaň ýolbaşçylar hökmünde görkezer. Bu bolsa olaryň uly göwrümli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip bilýändigini tassyklar we hamana Owganystanyň gelejegi hakynda alada edýän ýaly görkezer. Beýle görkeziş ilatyň goldawyny almaga we ýurtdaky abraýyny berkitmäge ýardam eder.

Galyberse-de kanal gurluşygy baradaky meseleler esasan hem Merkezi Aziýa döwletleri üçin möhüm serhetara ähmiýete eýedir. Halkara arenada serhetara suw hyzmatdaşlygynyň wajyplygy zerarly kanal üns çekýär we talybanlar bilen aragatnaşyk saklamaga “mejbur edýär”. Diplomatik aragatnaşyklaryň saýasynda talybanlar wajyp baglanşyklary guryp biler we dünýä arenasynda häkimýetiniň kanunylygyny artdyryp biler.

Kanalyň Özbegistana täsiri

Owganystan bilen goňşy bolan Merkezi Aziýa ýurtlary Koş Tepa kanalynyň gurluşygynyň ep-esli derejede täsirini duýýarlar. Dürli kesgitlemelere görä 5-6 ýyldan soňra kanalyň gurluşygy gutaranda we ulanyşa berilende Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetara derýalarynyň orta we aşaky akymlarynda suw ýygymynyň üpjinçiligi 80%-den 65% çenli azalar. Amyderýanyň suwy bu halklar üçin derwaýys bolup, bu sebitdäki ýurtlaryň ähli suw resurslarynyň 80% golaýyny üpjin edýär.

Özbegistanyň dürli pudaklarynda suwuň ulanylşy

Suwuň Owganystana syrykdyrylmagy Özbegistan üçin Buhara, Horezm oblastlaryndaky we Garagalpagystandaky pagta plantasiýalarynda suw resurslarynyň ýetmezçiligini aňladýar. Pagta ýetişdirmek Özbegistanyň oba hojalygynyň esasy ekini bolup, JIÖ-niň 17% golaýyndan ybaratdyr. Oba-hojalygy pudagy Özbegistanyň ilatynyň göni we gytaklaýyn 40% iş bilen üpjin edýar. Ilatyň durmuşynyň ekerançylyga baglylygy oba hojalygyň beýleki esasy ekinlerini hem öz içine alýar. Özbegistanyň Statistika komitetiniň maglumatyna görä ýurtda ýyllyk 51 km³ suw sarp edilýar, onuň umumy göwrüminiň 90% ýada 46.8 km³ golaýy oba-hojalygyna harçlanýar.

Esasy ekin bolan pagtany ýetişdirmek üçin ulanylýan howdan usuly Aral deňiziniň guramagyna we ekologik betbagtçylyga getirdi. Bu düýpli ekoligik özgermeler daş töwerege we Özbegistanyň gelejekdäki suw resurslaryny dolandyrmagyna täsir edýär.

Kanal gurluşygynyň Türkmenistana täsiriniň seljermesi

Türkmenistan üçin hem Amyderýanyň suwy oba hojalyk we senagat önümçiliginde örän wajypdyr. Amyderýadan 1.300 km uzynlykdaky Garagum kanalyna akdyrylýan suw 1.25 million gektaryň suwarylmagyny we gämi gatnawuny üpjin edýar.

Ýurduň köp böleginiň çölden ybaratdygy zerarly suw ilat üçin gaty gymmatlydyr. Kanalyň işlemegi bilen bagly ýüze çykan nogsanlyklar we Amyderýanyň az suwly möwsümleri dessine topragyň hasyllylygyna täsir edýär. Öz gezeginde bu daýhanlaryň hökümet tabşyrygyny ýerine ýetirmegini bökdeýar. Ýagny hökümet suw, dökün, tohum, ekerançylyk tehnikasy bilen üpjin edýär, we öňünden kesgitlenen nyrh deregine daýhanlar belli mukdardaky hasyly tabşyrýarlar. Muňa aýdyň mysal, 2023-nji ýylda Lebap welaýatynyň daýhanlary suw ýetmezçiligi sebäpli pagta meýdanlaryny suwaryp bilmediler. Edil Özbegistandaky ýaly Türkmenistanda hem pagta oba hojalygyň esasy ekinidir we ýurduň JIÖ-niň 10% ybaratdyr, şonuň üçin ähli suw resurslarynyň 91% pagta suwarmaga sarp edilýär.

Klimatyň üýtgemegi suw ýetmezçiligini artdyrýandygy üçin suw resurslarynyň sähelçe kemelmegi iki ýurduň oba hojalygyna we azyk üpjünçiligine uly täsir eder. Şeýlelik-de iki ýurt hem umumy suw resurslary bilen baglanşykly näbellilikler we meseleler bilen ýüzleşýär.

Amyderýany ulanma hukuklary: Halkara Kanunynyň bar bolan mehanizmleri

Owganystanda suw ulanma ýagdaýlaryna degişli takyk hukuk mehanizminiň ýoklugy Koş Tepa kanalynyň gurluşygy bilen baglanşykly çylşyrymlylyklary ýitileşdirýär, bu hukuk mehanizmi basseýindäki ýurtlaryň derýany dolandyrmak üçin esasy faktorydyr.

Owganystan BMG-yň serhetara suwlaryny goramak we ulanmak baradaky konwensiýasynyň (1992) agzasy däl. Bu konwensiýa serhetara derýalary we kölleri dolandyrmakda möhüm bolup, onda “serhetara täsir” düşünjesi ýagny, suw resurslaryny dolandyrmagyň netijesinde ýüze çykýan ekologik, sosial we ykdysady täsirleri kesgitleýär. Owganystan halkara hukuk kadalaryna baglanşyksyz bolup, kanal gurluşygynda bu ýörelgeleri berjaý etmeýär. Netijede Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriň arasynda Amyderýanyň ulanylşyny dolandyrmak barada ylalaşyk ýok. Amyderýanyň ulanylşyny dolandyrýan 1992-nji ýylyň Almata ylalaşygy Owganystany öz içine almaýar. 1946-nji ýyldaky SSSR bilen Owganystanyň arasyndaky ylalaşyk bolsa, ýurtda Amyderýanyň suwuny paýlaşmak boýunça takyk düzgünnamalaryň ýoklugy sebäpli güýjini ýitirdi. Bu suw resurslary baradaky hukuk nogsanlyklaryny çözmek örän wajypdyr we sebitiň ählumumy özara hyzmatdaşlygyny talap edýär.

Halkara konwensiýanyň agzasy däldigine garamazdan, Owganystanyň premýer-ministriniň orunbasary Abdul Ghani Baradar kanalyň gurluşygyna başlanda “halkara hukugynyň halkara kadalaryna laýyklykda” milletiň suw resurslaryna hakynyň bardygyny nygtady. Bu beýannama Owganystanyň ýuridiki taýdan kabul edilme niýetini we taslamany kanunylaşdyrmaga çemeleşýändigini nygtaýar.

Şeýle-de bolsa hukuk kadalarynyň kemligi Amyderýanyň aşaky akymyndaky ýurtlar üçin goşmaça mesele döredýär. Hökmany şertnamalaryň ýoklugy näbelliligi güýçlendirýär we bu jedelli meseläni çözmek üçin sebitdäki özara hyzmatdaşlygyň zerurlygyny belleýär.

Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri Koş Tepa gurluşygyna nähili garaýar?

Owganystanda kanal gurluşygynyň çalt depginde ösmegine garamazdan Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleri sessiz galýar we häzirki wagta ýenli bu mesele babatda hiç hili resmi teswirleme etmediler. 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Özbegistanyň delegasiýasy iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini çözmek üçin diplomatik sapar bilen Owganystana geldi. Gepleşikleriň esasy meseleleri “Transowgan taslamasyna” degişli bolan Termez-Mazari-Şarif-Kabul-Peşawar demir ýolunyň gurluşygy we Surhan-Puli-Humri ugry boýunça elektrik liniýasyny çekme mowzuklaryny öz içine aldy. Özbegistanyň Daşary işler ministri resmi çykyşynda suw-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk barada gepleşikleriň alynyp barylýandygyny tassyklady, emma kanal gurluşygy barada anyk hiç zat aýtmady.

Häzirlikçe Koş Tepa kanalynyň gurluşygy barada Türkmenistan hökümetinden hiç hili resmi teswir ýok.

Teklipler we çaklamalar

Häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary gutulgysyz hakykat bilen ýüzbe-ýüz boldy: suw resurslaryny dolandyrma şekillerini göz öňüne tutsak, ýakyn gelejekde suw ýetmezçiligi örän çynlakaý mesele bolar. Bu meseleleri döredýän faktorlar:

  1. Gözegçilige alynmaýan ulanyş: suw resurslaryny ýerliksiz ulanylmagy şeýle-de az bolan suwuň ýetmezçiligini has hem artdyrýar.
  2. Suw resurslarynyň bütewi dolandyrylşynyň bolmazlygy: suw resurslaryny dolandyrmagyň toplumlaýyn çemeleşmesiniň ýoklugy krizisi çuňlaşdyryp, suw resurslaryny paýlamagy we saklmagy kynlaşdyrýar.
  3. Kada-kanun mehanizminiň gowşaklygy: gerekli kada-kanunlaryň ýetmezçiligi sebitdäki suw meselelerini ylalaşykly dolandyrmaga päsgel berýär.
  4. Klimatyň üýtgemegi: MA klimatyň üýtgemegi netijesinde näbellilik artýar, üýtgeýän howa şertleri suwuň elýeterliligine täsir edip, suw resurslaryny dolandyrma meselesini has hem kynlaşdyrýar.

Owganystanda kanal gurluşygynyň başlamagy çynlakaý meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi we MA döwletleri bulara taýýar däldigini görkezdi. Kada we hukuk esaslarynyň ýoklugy Owganystandaky suw resurslaryny dolandyrma meselesinde ýüze çykýan kynçylyklar munuň subutnamasydyr.

Soňky şertleri göz öňüne tutsak Özbegistan halkara arenasynda Owgan hakimýetiniň kanunylygyny ykrar etmek arkaly Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny berkitjekdigini çak edip bolar. Özbegistan harytlar bilen hasaplaşma (barter) ylalaşygyny ýola goýup, tomus aýlarynda suwuň akdyrylmagynyň deregine gyş aýlary elektrik energiýasy (bu hyzmat bilen eýýäm üpjin edip başlady) bilen üpjin etmegi mümkin. Üstesine-de, Özbegistanyň prezidenti “transowgan” demir ýol gurluşygynyň ähmiýetini nygtady we munuň Owganystan bilen gepleşik geçirmäge mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdi.

Türkmenistan barada aýdanymyzda, ýurdy gaz üpjin etmek we Päkistana üstaşyr ugradyp başlan türkmen gazy arkaly Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmegine garaşylýar. Şeýlelikde bu hyzmatdaşlyk Türkmenistana kanal suwuny dolandyrma gepleşiklerini alyp barmagy aňsatlaşdyrar.

Her niçik-de bolsa, Owganystan bilen gazanylan ylalaşyklara we diplomatiki tagallalara garamazdan suw resurslarynyň gidigiçe azalýanygy we suw ýetmezçilik meslesiniň ýitileşýändigi hakykatdyr. Bu köptaraplaýyn meseläniň hötdesinden gelmek üçin sebitdäki ýurtlar ýitileşýän suw resurslaryň ýetmezçiligine garşy göreşmeli.

Amyderýanyň suw resurslaryny dolandyrmakdaky töwekgelçilikleri azaltmak üçin MA döwletleri wajyp çäreleri görmeli:

  1. Ekerançylygyň durnukly görnüşlerine geçmeli: Iki ýurtda hem pagta garaşly bolan durnuksyzlygy peseltmeli. Oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini artdyrmak örän wajyp, sebäbi pagta ekinzarlygyny suwarmak suw resurslaryny tükedýär.
  2. Kanunlary we hukuklary sazlamaly: Esasy ädimleriň biri bolsa Owganystanyň Amyderýanyň suwuny ulanmaga bolan hukuklaryny ykrar etmekdir we döwletara ylalaşyga goşmakdyr. Owganystany Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň (DSHUT) we Aral deňizini halas ediş gaznasyň agzalygyna goşmak, suw resurslaryny bilelikde dolandyrmaga we sebitdäki hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.
  3. Durnukly suwarma tehnikalaryny ornaşdyrmaly: Damjalaýyn suwaryş, zeýkeş we lagym suwlaryny gaýtadan ulanmak ýaly suwy tygşytlaýan tehniklary durmuşa ornaşdyrmak bilen suw ýetmezçiliginiň öňüni alyp bolar. Gaýtadan işlenen suwlary netijeli ulanmak sebitiň suw meselesini çözmäge uly goşant goşar.

Sözüň ahyrynda serhetara suwlary dolandyrmak meselesini “bolşy ýaly goýmak” hökmünde çemeleşmek, sebitde klimatyň üýtgemegi netijesinde ýitileşýän suw gytçylygyna elter. Koş Tepa bilen baglanşykly owgan meselesi MA ýurtlarynyň suw resurslarynyň ýetmezçiligini has golaýlaşdyrýar. Suw resurslary bilen bagly meseleleri çözmek we sebitiň durnukly gelejegini üçin gyssagly we bilelikde hereket etmeli.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: