Progres.Online

Sanly älemde unudylma haklary: Gazagystanda mümkinmi?

DRCQ hukuk şereketiniň direktory Ruslan Daiyrbekow. Ol Ýewraziýada interneti öwrenýän we adamlaryň sanly hukuklaryny goramak baradaky taslamalary işläp düzýän Eurasian Digital Foundation-yň hem esaslandyryjysy.

Sanly unudylma haky näme?

Sanly äleminde unudylma haky – kişileriň özleri baradaky şahsy maglumtalary aýyrmagy, çäklendirmegi we ulanmazlygy talap etmekdir. Eger-de bu maglumatlar könelen ýada şahsy durmuşyna zyýan edýän bolsa kişiniň talap etme hukugydyr.

Şahsy maglumatlaryňy aýyrmagyň sebäpleri

Internetdäki ähli maglumatlar dogry däl. Kişileriň sanly ulgamynda unudylma haklary olaryň şahsy maglumatlaryny kontrol etmäge hukuk berýär.

2020-nji we 2021-nji ýyllarda Gazagystanda şahsy maglumatlary aýyrýan kanun çykaryjy gurluşy we hyzmaty döredildimi?

Gynansakda gazagystanyň kanunynda sanly ulgamda unudylma hakynda düzgünleşdirme ýok. Ýöne “şahsy maglumatlar” hakynda kanun bar. Kanun şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy, saklanmagy, ulanylmagy we ýaýradylmagyny düzgünleşdirýär. Kanuna laýyklykda raýatlar öz şahsy maglumatlaryna düzediş girizmegi talap edip bilýärler.

Sanly ulgamda unudylma haklary başga ýurtlarda ýöreýärmi?

Ýewropa Birleşiginde we başga birnäçe ýurtlarda internetde sanly unudulma hakynda kanunlary we kararlary güýje girizdiler.

Gazagystan hem ÝB ýaly sanly unudulma hakynda kanunlary özleşdirermi?

ÝB we beýleki ýurtlarda meşhur kişiler üçin internetde sanly unudulma kanunynda çäklendirme bar. Sebäbi bu kişileriň şahsy durmuşy jemgyýeti gyzyklandyrýar. Eger meşhur kişiler we ýolbaşçylar sanly unudylmadan peýdalansa halkyň jemgyýetçilik maglumatlarynyň el ýeterliligine, söz azatlygyna päsgel berýär.

Meşhur kişiler we ýolbaşçylar sanly unudylmadan peýdalansa netijeleri nähili bolar?

Meşhur kişleriň we ýolbaşçylaryň işleri hakyda aýdyňlygy we metbugatda azatlygy saklamak üçin halky maglumat bilen üçpjin etmeli. Eger bu maglumatlar ýalňyş, könelen ýada ýalan bolsa sanly unudylmadan peýdalanylar.

Egerde ýokarda agzalan kişiler öz sosial media hasaplarynda şahsy maglumatalary aýyrmak isleseler näme bolar?

Platforma haky-diýilen düzgün bar. Bu bolsa sosial media we mesenjerlerde ulanyjylara bolan gatnaşyklary goraýan saýtyň içerki düzgünlerinden we kanunlaryndan ybaratdyr.

Siz meşhur ýada ýolbaşçy kişi bolsaňyz we sanly unudylma esasynda şahsy maglumatlary aýyrmagy talap etdiňiz, talabyňyz jemgyýet üçin wajyp maglumat bolsa saýt siziň islegiňizi ret edip biler.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: