Progres.Online

Russiýanyň Ukraina hüjüminden soň Merkezi Aziýada işewürligiň potensialyny ýokarlandyrmak

Bütindünýä Bankynyň Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin geçiren täze sowalnamasy bu ýurtlarda urşuň firmalara nähili derejede täsir edip biljekdigi barada möhüm jikme-jikleri görkezýär.

Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky biznesler önümçilik çykdajylarynyň galmagy we kredit mümkinçiliginiň ýaramazlaşmagy zerarly çykgynsyzlyga düşdüler. Netijede, bu firmalaryň öndürijiligi we bäsdeşlik ukyby peselip, olaryň ýapylmagy, iş orunlarynyň ýitirilmegi we ykdysady ösüşiň haýallamagy ýüze çykar. Bu kynçylyklara jogap hökmünde üç ýurduň kanun çykaryjylary kompaniýalara aç-açan kömek bermegi göz öňünde tutmalydyrlar:

  • Russiýa goýlan sanksiýalardan täsirlenen söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak we üýtgetmäge ýardam etmek. Şol sanda import we eksport etmek üçin ilçihanalaryň üsti bilen alternatiw bazarlary tapmak.
  • Russiýa goýlan sanksiýalar zerarly transport, logistika we bank tölegleri geçirmek ýaly meseleleri çözmek.
  • Diňe goldawa mätäç firmalara ýardam etmek we döwlet serişdeleriniň gereksiz sarp edilmezligi üçin kompaniýalara maliýe we maliýe däl goldawyň berilmegini gowulandyrmak.
  • Jerimelerden we bankrotlykdan goramagyň öz wagtynda we aç-açan bolmagyny üpjün edip, täze firmalaryň bazara girmegini aňsatlaşdyrmak bilen “zombi firmalara” (pes öndürijiligi bolan ykdysady taýdan ýaramsyz firmalar) gaýtadan goldaw bermezlik.

Çeşme: worldbank.org

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: