Progres.Online

Puluňyz nämä sarp edilýär?

Pandemiýanyň öňüsyrasynda, gazagystanly žurnalist Jamilýa Mariçewa býudjet serişdeleriniň harçlanyşyna gözegçilik edýän PROTENGE taslamasyny esaslandyrdy. Taslama Instagramda (98.9 müň yzarlaýjy) we Telegramda (6219 yzarlaýjy) iş alyp barýar, web sahypasy ýokdur.

Protenge.kz media taslamasynyň esaslandyryjysy we redaktory Jamilýa Mariçewanyň aýtmagyna görä, Gazagystanda korrupsiýa garşy göreş Prezident Kassym-Jomart Tokaýewiň wada bereninden we ýanwar wakalaryndan soň güýçlenmän, gaýtam peselipdir.

 “Köplenç korrupsiýanyň gazagystanlylaryň mentalitetiniň bir bölegidigine ynanýanýarlar, emma bu toslama. Adamlara korrupsiýa garşy göreşmek üçin gurallar berseňiz we olary nähili ulanmalydygyny düşündirseňiz, olar bu göreşe işjeň gatnaşýarlar” – diýip Jamilýa belleýär.

Progres.online okyjylara Jamilýa Mariçewanyň CABAR.asia bilen söhbetdeşligini gysgaldyp ýetirýär. Doly interwýuny iňlis we rus dillerinde şu ýerde okap bilersiňiz.

Habarçy: Näme üçin Protenge.kz taslamasy üstünlik gazandy? Bilşime görä, ilkibaşda taslamanyň üstünligine ynanýanlar azdy.

Jamilýa Mariçewa: Meniň pikirimçe, muny iki faktor kesgitledi:

  • Ilki bilen, jemgyýet bu tema bilen gyzyklanýardy. Elbetde, plakatlar bilen köçä çykyp: “Protenge-niň Instagramda peýda bolmagyny isleýäris” diýmediler. Emma, ​​jemgyýet ýurtda bolýan wakalardan belli bir derejede iripdi we bu tema barada mediýada yzygiderli gürrüň açylmaýar.
  • Ikinji faktor bolsa biziň äheňimiz, ýagny korrupsiýa barada nähili gürleýşimiz. Biz: “Hemme zat gutardy, hemmämiz öleris, pulymyzy ogurladylar!” diýmeýäris. Biz: “Pulumyzy ogurladylar. Indi, bu barada size aýdarys. Biz bu adamlar hakda bir zat etmeli. Geliň, bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin näme etmelidigimizi pikirleneliň. Ýa-da pullaryň bolgusyz zatlara sarp edilmezligi üçin öňüni alyş çärelerini kabul edeliň. Ýa bolmasa, biz size korrupsiýa göz ýummazlygyň usullaryny öwrederis” – diýýäris. Biz haýsydyr bir konstruktiw hekaýany teklip edýäris. Şeýlelikde, bu pessimistik hekaýalar diňe meseleligine galman, oňa nädip hem bolsa çözgüt tapamaga çagyrýarys.

Bu çemeleşme we düşündiriş, adamlaryň korrupsiýa barada hakykatdanam bir zady çözýändigine we onuň gurallarynyň bardygyna bolan garaýyşyny birneme üýtgetdi.

Habarçy: Taslamaňyzda sizi yzarlaýan we işjeň gatnaşýan adamlary para bermezlik barada bilimlendirmek üçin elementler barmy?

Jamilýa Mariçewa: Umuman, bu korrupsiýa garşy göreşmek islegimiň we korrupsiýa barada ençeme ýyl bäri ýazmagymyň sebäpleriniň biridir. Çünki, ýurdumyzda korrupsiýa temasy aýyp hasaplanmaýar. Bizde muňa altyn hazyna tapan ýaly seredýärler. Adamlar: “plany häkim boldy. Seret, indi onuň awtoulagy bar. Gyzyny daşary ýurda okamaga iberdi, aýaly göwher (brilliant) dakynýar. Ol indi bolçulykda” – diýýärler. Emma, bularyň ählisine halkyň töländigi barada dymýarys.

Hatda, bir adam para bilen tutulsa-da, korrupsiýa üçin jenaýata çekilse-de ýa-da wezipesinden çetleşen hem bolsa, ol köpçülikde sylanýar. Soňra, oňa döwlet sektorynda iş hem berilýär. Has takygy, ýurdumyzda korrumpirlenen işgärleri bütinleý ýok etmek warianty elýetersiz.

Ýöne, men TikTok nesline (1996-njy ýyldan soň dogulan nesil) ynanýaryn. Bu nesil önümleriň haýwanlarda synag edilenini ýa-da edilmändigini barlaýar. Olaryň önümleri satyn aljagy ýa almajagy şol barlagyň netijesine baglydyr. Indi, täze nesil üçin kimden, näme satyn alýandygy, kim bilen aragatnaşyk saklaýandygy, kim bilen sosial gatnaşyklarynyň bardygyna düşünmek örän möhümdir (muny tassyklaýan gözlegler bar).

Adamlarda şeýle garaýyşyň korrupsiýa babatynda hem bolmagyny isleýärin. Sosial mediýa korrupsiýa barada maglumatlary düzüw ýaýratmak üçin ýerlikli ulgam. Parahor adamyň ogly ýa-da gyzy bolmak abraý däl-de, utançdyr. Emma, häzire çenli sosial mediýada şeýle adamlaryň çagalarynyň juda utanýandyklaryny görmeýärin.

Meniň pikirimçe, korrupsiýa garşy göreşiň düýbüni tutup, ony trenda öwürmeli. Biziň üçin örän möhüm zat: parahor wezipeli adam bolmakdan utanmak, jemgyýetiň olaryň üstünden gülmegi, parahorlaryň erbet adamdygyny we ýurdyna zyýan ýetirýändigini aýtmagy. Bu medeniýeti emele getirmekde sosial mediýa ajaýyp guraldyr. Häzirki wagtda, bu medeniýet jemgyýetimizde güýçli ösen diýip bilmerin, ýöne onuň döremegine goşant goşmak isleýäris.

Habarçy: Umuman, korrupsiýa garşy göreşiň soňy barmy?

Jamilýa Mariçewa: Ýok. Daniýa ýaly ösen ýurtlarda-da korrupsiýa bar. Korrupsiýa wirus ýaly köpelýär, üýtgeýär we täze durmuşa uýgunlaşýar (bu barada söz açýan gözlegler hem bar). Bu biziň ýurdymyzada degişlidir. Gynansak-da, korrupsiýa degişli ýurdumyz boýunça, ýokary derejeli gözleg işlerimiz ýok. Emma, bu prosese mümkin boldugyça köp adamy gyzyklandyrmak isleýärin.

Habarçy: Diýmek, korrupsiýany diňe azaldyp bileris, ýöne doly soňuna çykyp bilmerismi?

Jamilýa Mariçewa: Hawa, ýurtdaky döwlet edaralarymyzy (institutlary) özgerdip, korrupsiýanyň pajarlamazlygy we durmuşymyzyň hiline täsirini azaltmak üçin böwet bolup bileris.

Çeşme: СABAR
Suratda Jamilýa Mariçewa

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: