Progres.Online

Özbegistanyň bank hyzmatlaryny bazar ýörelgelerine geçirmekdäki tejribesi

Türkmenistanyň bank sistemasy merkezi planlaşdyrylan ykdysadyýet kadalaryna görä  dolandyrylýar.  Banklaryň aglaba bölegi döwlet eýeçiliginde. Türkmenistan Özbegistanyň bank sistemasynyň bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine geçişinden birnäçe tejribeler edinip biler.  

Bütindünýä Bankynyň ykdysadyýet we maliýe ugry boýunça hünärmenleri Martin Meleky we Dawit Babasýan Özbek tejribesiniň analizyny çap etdiler. Awtorlar öz analizynda Özbegistanyň tejribesini ykdysadyýeti geçiş döwründe bolan  Polşanyň, Russiýanyň we Wýetnamyň bank ulgamynyň gazanan netijeleri bilen deňeşdirýärler. Olar şu ýurtlaryň bank sistemasynyň bazar ýörelgesine geçmek üçin haýsy amallaryň, çäreleriň has wajypdygyny düşündirmäge synanyşýarlar. Şeýle hem, orta möhletde, 4-7 ýylyň içinde bu geçişden anyk nähili  netijelere garaşyp boljakdygyny düşündirýärler.

Garaşsyz Merkezi Bank

2017-nji ýyldan başlap, Özbegistan Merkezi Bankynyň kadalaşdyryjy we gözegçilik binýadyny kämilleşdirdi. Bu bolsa Merkezi Bankynyň garaşsyz bolmagyna mümkünçilik döretdi. Merkezi Bank “garaşsyz” bolanda maliýe syýasatynyň (çap edilýän pullaryň mukdary we karz berlende goýulýan göterim stawkalary) syýasatçylardan garaşsyz, diňe Merkezi Bank tarapyndan ylma esaslanan karar berilmegine we dolandyrylmagyna aýdylýar. Bu çäreler banklaryň şowly işlemegi üçin ilkinji ädimdir. Bu başlangyçlar ulgamlaýyn riskleri azaldyp bank sistemasynyň ykdysadyýetdäki iň netijeli pudaklaryna maýa goýmak arkaly Özbegistanyň bazar ykdysadyýetine geçmegine kömek eder diýip garaşylýar.

Banklar we döwlet edaralary

20 ýyllap merkezden dolandyrylan ykdysady sistemasy bolan Özbegistan, soňky ýyllarda bazar ykdysadyýetine geçmek üçin birnäçe ädimler ätdi we şol sanda döwlet tarapyndan dolandyrylan täjirçilik banklarynyň dolandyrylşy üýtgedilip, hususy eýeçilige geçirildi. Munuň netijesinde, banklar tarapyndan döwlet edaralaryna berilýän ýeňillikli karzlaryň sany azaldyldy we hususy pudaga beriljek kreditleriň mukdary bolsa artdyryldy. 

Nähili riskler ýüze çykyp bilýär?

Emma banklaryň hususuýetçilige geçmegi hem käbir riskleri döredip bilýär. Meselem, gaty köp mukdarda kreditiň birbada berilmegi ykdysady önümçiligiň çenden aşa ösmegine getirip  maliýe krizisleriň döremegine ýol açyp bilýär. Polşanyň, Russiýanyň we Wýetnamyň banklarynyň bazar ýörelgesine geçen tejribelerinden sapak alynsa, uly maliýe krizisler ýüze çykmaz ýaly degişli gözegçilik çäreleri görülmeli. Şeýle krizisler köplenç banklar öz müşderileriniň kredit taryhyny berk seljermän, olara uly mukdarda karz bermeleri netijesinde ýüze çykýar.

Edilmeli işler

Awtorlaryň pikirine görä, başga zerur, möhüm reformalaryň hataryna bank işiniň medeniýetini ösdürmek,  adam kapitalyny ýokarlandyrmak, karz bermekdäki risk dolanşygyny güýçlendirmek, has köp goýumçylara bankda pullaryny goýmaklaryna höweslendirme döretmek, häzirki zaman bank hyzmatlarynyň dürlüligini we elýeterliligini giňeltmek, esasan hem oba-hojalyk ýaly  potensialy ýokary bolan pudaklara hyzmatlary ornaşdyrmak çäreleri girýär.  Bellenen ýurtlaryň ýene bir tejribesine seretsek, bank reformalary bilen birlikde beýleki döwlete degişli kärhanalar hem hususy eýeçilige geçirilmegidir.

Netijeler

Özbegistanyň bank sistemasynyň hususy eýeçilige geçmegindäki tejribesinden türkmen hökümetiniň çykarjak netijeleri şulardan ybarat bolup biler:

  • Türkmenistanyň Merkezi Bankyna garaşsyz karar çykarmak, işlemek üçin mümkünçilik döret;
  • Karz bermekde risk dolanşygyny güýçlendir;
  • Ykdysadyýetdäki başga, dürli önümçilik pudaklaryny hem hususylaşdyr;
  • Bank işgärleriniň okuw-bilim derejesini ýokarlandyr;
  • Bank işiniň medeniýetini, ähmiýetini ösdür;
  • Maliýe önümleriniň, hyzmatlarynyň köpdürlüligini we elýeterliligini giňelt;
  • Has köp goýumçylara bankda pullaryny goýmaklaryna amatly şertleri,  goraglylygy, höwesledirmäni döret.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: