Progres.Online

Özbegistanly ýaşlaryň 40%-e golaýy para bermegi korrupsiýa hasaplamaýar

Özbegistanda ýaşlaryň arasynda geçirilen sowalnama gatnaşanlaryň 39% -i para bermegi korrupsiýa diýip hasap etmeýär. Bu barada 4-nji awgustda Korrupsiýa garşy göreş agentliginiň müdiri Akmal Burhanow Özbegistanda korrupsiýa garşy milli hasabaty bilen Senatda eden çykyşynda belledi. Sowalnama jemi 16189 adam gatnaşypdyr.

Senator Mahmud Parpiýew bu hasabatyň halk bilen birlikde edilmeli işiň köpdügini aňladýandygyny aýtdy.

Korrupsiýa garşy göreş agentliginiň müdiri ýerine ýetirilen işleriň netijesinde korrupsiýa garşy göreşde Özbegistanyň halkara reýtingindäki ornunyň gowulanandygyny belledi. 2021-nji ýylda Transparency International assosiasiýasynyň korrupsiýa indeksinde Özbegistan 28 bal bilen 140-njy orny eýeldi. 1 ýylyň dowamynda ýurt 6 orun öňe süýşüp (2020-nji ýylda 146-njy orun), reýtingini 2 bal galdyrdy. Ýurt 2016-njy ýylda 156-njy orundady.

Şeýle-de bolsa, agentligiň müdiri reformalara garamazdan korrupsiýanyň henizem giňden ýaýran meseledigini aýtdy. Ilat arasynda geçirilen sowalnama gatnaşanlaryň 36% -i korrupsiýanyň, açgözlügiň we parahorlygyň hemme ýerde bardygyny, 37% -i käbir pudaklarda korrupsiýa bilen bagly jenaýatlaryň bardygyny bellediler.

Iki ýylyň içinde 676 bank işgäriniň eden jenaýatlary zerarly 354,2 milliard som (~ $4.3 milliard) ogurlanypdyr. Akmal Burhanow banklaryň bilim pudagyndan soň paranyň iň köp ýaýran ulgamydygyny habar berdi we bu sanlaryň reformalary gowşadýandygyny, ilatyň ynamyny pese gaçyrýandygyny belledi.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: