Progres.Online

Özbegistanda maliýe inklýuziwligini ösdürmek

Biz banklary kän ulanmaýarys.

Biz banklary kän ulanmaýarys. Sebäbi biz şeýle durmuşa öwrenişdik. Pulumyzy başgaça saklaýarys we tygşytlaýarys: mal satyn alýarys, olary ösdürip ýetişdirýäris we satýarys. Ýa-da  daşary ýurt walýutalaryny satyn alýarys. Çünki, olar hiç wagt hümmetini ýitirmeýär” – diýip Özbegistanyň Fergana regionynyň zenan ýaşaýjysy belläp geçýär.

Özbegistanda maliýe hyzmatlarynyň ilata elýeterliligi uzak wagtlap  ünsden düşürildi. Bank pudagynda esasan döwlet täjirçilik banklary agalyk edýärdi. Olar köplenç döwlet eýeçiligindäki kärhanalary ileri tutup, bazar  bahadan arzan işleşýärler. 2017-nji ýylda,  hökümetiň  maliýe pudagyna girizen reformalary zerarly ýagdaýlar üýtgedi.  Maliýe pudagyny raýatlara, hojalyklara, mikro, kiçi we orta derejeli kärhanalara elýeterli etmek bu reformalaryň esasy maksadydyr.

Nämeler mälim?

Onlaýn tölegleri ösdürmek  reformanyň  wajyp bölegidir. Onlaýn tölegleri amala aşyrmak üçin  elektron pullary we sanly gapjyklary ösdürmekde Özbegistan degişli kanunlary täzeledi. Töleg ulgamyny amala aşyrýan 50-ä golaý  kompaniýa täze ygtyýarnama berildi.  Netijede, sanly  hyzmatlary hödürleýän banklar emele geldi.

2017-nji ýyldan başlap, Özbegistanda maliýe hyzmatlarynyň elýeterliligi artyp başlady:

  • 2017-nji ýylda ýurtda bary-ýogy 445 sany bankomat bardy. 2022-nji ýylda olaryň sany 11.000-den geçdi.
  • 2017-nji ýyldan bäri, satuw nokady terminallarynyň ((SNT) kassalarda nagt däl/kart bilen töleg  kabul edýän enjam) sany  iki esse artyp, 430.000-den geçdi. Bu SNT tölegleriniň möçberini  iki esse köpeldip, 120 trillion soma ($10.6 milliard) we jemi içerki önümiň (JIÖ) 20%-ine deň boldy.
  • COVID-19 pandemiýasy  galtaşyksyz töleg tehnologiýalarynyň ösüşine güýçli itergi berdi. Bu döwürde 100.000 töweregi biznesler töleg almak üçin QR kodlary ýola goýdy.   2000-e golaý biznesler bolsa kart bilen töleg kabul etmek üçin NFC (ýakyndan baglanma; iňlisçe: Near-Field Communication) tehnologiýasyny ornaşdyrdylar. NFC tehnologiýasy –  kassalardaky töleg kabul edýän  enjama bank kartyny ýa-da telefondaky sanly gapjygy (Apple Pay, Google Pay we ş.m.) ýakynlaşdyryp, aragatnaşyksyz töleg geçirme usuly.
  • Banklar sebitleýin hyzmatlary artdyrmak üçin goşmaça 300 sany şahamça we 1000-den gowrak bank hyzmat merkezlerini açdylar. Muňa garamazdan, maliýe nokatlarynyň sebitlerdäki sany deň däl.

Näçe adamda bank hasaby bar?

Bütindünýä Bankynyň Global Findex maglumatlar bazasyna görä, 2011-nji ýylda Özbegistanda ulularyň  23%-inde bank hasaby bardy. 2021-nji ýylda, bu görkeziji iki esse ýokarlanyp, 44% boldy. 2017-nji ýylda, dolanyşykdaky debit kartlarynyň sany 19 milliondy. 2022-nji ýylyň iýulynda olaryň sany 60% artdy we 30 milliona ýetdi. Şeýle hem, kompýuter we telefon arkaly amala aşyrylýan uzakdan bank ulgamlaryny ulanyjylaryň sany 6 esse köpelip, ~25 million boldy.

Banklardaky ýokary göterim stawkalary netijesinde goýum hasaplaryny açýanlaryň sany soňky ýyllarda artsa-da, 2021-nji ýylda goýum hasaplarynyň JIÖ-däki paýy   bary-ýogy 10%-e deň boldy.  Ilatyň ulularynyň diňe 3%-iniň banklarda goýum hasaplary bar. Goýum hasaplarda pul saklananda, banklar müşderilere durnukly  göterim stawkalaryny berýärler. Özbegistan Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Täjigistandan soň iň az goýum hasabyna eýe bolan ikinji ýurtdyr. Bu özbegistanlylaryň ýurduň maliýe ulgamyna bolan ynamynyň pesdigini görkezýär.

Munuň sebäbi näme?

Özbegistanlylar beýleki ösüp barýan ýurtlaryň ilatlary, esasanam aýallary ýaly birmeňzeş  usulda maddy serişdeleri saklaýarlar. Olar pul saklamak üçin banklary ýa-da beýleki maliýe edaralaryny  ulanmaýarlar. Şeýlelikde, zenanlaryň köpüsi tanyşlarynyň we garyndaşlarynyň göreldesine eýerip, pullaryny saklamak, tygşytlamak we ösdürmek üçin mallara, altyna, daşary ýurt walýutalaryna we awtoulaglara maýa goýýarlar. Sebäbi, bu harytlaryň çäklidigi  üçin olar wagt geçse-de  gymmatyny ýitirmeýärler.

Ilatyň banklarda maliýe serişdelerini saklamagy,  Özbegistanyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýagny adam kapitalyny, krizislere çydamlylygyny we umumy ösüşini gowlandyryp biler.

Çeşme: Bütindünýä Banky

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: