Progres.Online

Özbegistanda femisid: aýallary goramak üçin has çynlakaý çäreler zerur

Luiza Atabaýewanyň geçiren derňew işi 2015-2023 ýyllar aralygynda özbek metbugatynda çykan 6000-den gowrak jenaýatçylyk wakalaryny öz içine alýar. Wakalaryň içinde 150 sany gender esasly öldürmeler, ýagny femisid anyklanyldy. BMG-nyň kesgitlemesine görä, femisid – bu aýal maşgalanyň esasan ýakyn ýoldaşy, maşgala agzasy ýa-da tanaýan birisi tarapyndan gender bilen baglanyşykly sebäpler esasynda öldürilmegidir. 

Özbegistanda bolup geçýän aýal öldürmeleriniň aşagynda köneden gelýän patriarhallyk, erkekleriň agalyk etmegi we aýal-gyzlara garşy zulumçylyk meseleleri ýatyr. Pidalaryň köpüsi öldürilmelerinden öň hem zorlugyň dürli görnüşlerini, şol sanda fiziki, jynsy we psihologik zulumlary başdan geçiripdirler. Ýurtda aýallara zulum edilmegi örän ýygy duş gelse-de, metbugatda beýle wakalar barada seýrek habar berilýär. Diňe 2018-nji ýyldan soň aýallara garşy zorluk barada habarlar köpelip başlady – munda “Nemolchi.uz” taslamasynyň roly uludyr. Şeýle-de bolsa, femisid heniz hem doly kabul edilmeýän hadysalygyna galýar.

Anyklanan femisid hadysalarynyň başy köplenç maşgala konfliktlerinden başlanypdyr we yzy erkekleriň üstündiklerini subut etmek üçin zuluma baş goşmaklaryna ýazypdyr. Öldürmeleriň köpüsi, şol sanda aýallara edilen basyşyň we zulumyň 87%-i öýde bolup geçipdir. Köp halatlarda pidalar özleriniň tanaýan adamlary (esasan ýanýoldaşlary ýa-da erkek garyndaşlary) tarapyndan öldürilipdir. Öldürmeleriň esasy sebäpleri: gabanjaňlyk, ikilik edilme şübhesi we pidanyň köneden gelýän gender rollaryna boýun bolmazlygy.

Gynansakda, Özbegistanyň resmi statistikalarynda ýanýoldaşlary ýa-da garyndaşlary tarapyndan öldürilen aýallaryň anyk sanlary çykarylmaýar. Meselem, statistikalarda diňe hukuk bozujynyň jynsy we ýaşy görkezilýär, emma pidanyň jynsy barada maglumat berilmeýär. 

Femisidleriň 60%-inde aşhana pyçagy ýa-da şoňa meňzeş kesgir gurallar ulanylypdyr. Femisid bilen bagly jenaýatlaryň 57%-i “meýilleşdirilen öldürme” diýlip hasaba alnan. Hadysalaryň dörtden birine golaýy bolsa “adamyň bedenine bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirmek” we “adamyň öz-özüni öldürmegine sebäp bolmak” ýa-da “öz-özüni öldürmek” kesgitlemeleri bilen hasaba alnan. Jenaýatlara beýle kesgitleme berlende köplenç jenaýatça az ýyl kesilýär, hatda käbirleri adam öldüreni üçin diňe 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär. 

Femiside çäre görülýärmi?

2023-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň aýallary we çagalary zorlukdan goramak hakyndaky kanunyna üýtgeşmeler girizildi. Indi diňe aýala bilkastlaýyn el galdyrmak däl, eýsem onuň hak-hukugyny bozmak (emläge, bilime, saglyga we zähmete bolan hukugy), mertebesini kemsitmek, haýbat atmak we garyndaşlary bilen arany açmaga mejbur etmek hem öýdäki zulum hasaplanylýar. Şeýle-de, eger öň pidany hukuk bozujydan goramak maksady bilen 30 gün goraglylyk kepillendirilen bolsa, indi ony 1 ýyla çenli uzaldyp bolýar. Jynsy zorlugyň jezasy hem agyrlaşdyryldy. 

Bulara garamazdan, ekspertleriň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň pikirine görä, bu kanuny üýtgeşmeler femisidiň öňüni alyp bilmez, çünki kanunda bellenilmedik psihologik we maddy zorluk özbek maşgalalarynda giňden ýaýran. Şeýle-de, pida hukuk goraýjy edaralara ýüz tutandan soňra hem oňa arzasyny yzyna almaga we başlanan derňewleri ýatyrmaga hukuk berilýär. Özbek jemgyýetinde maşgala dawalaryna çemeleşmekde kök uran köneçil düşünjeler bolsa, öýdäki zulumyň pidalaryny has netijeli goramakda iň uly päsgelçilik döredýär.

Bu meselä garşy göreşmek köptaraply strategiýany talap edýär: 

  • anyk we doly maglumat ýygnamak; 
  • aýallaryň kanuny goraglylygyny güýçlendirmek; 
  • gender esasly zulum barada ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak;
  • kanuny reformalar;
  • öýdäki zorlugyň pidalaryna kömek etmek üçin köp görnüşli serişdeler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: