Progres.Online

Özbegistanda çagalara zorluk edenlere gözegçilik etmek üçin reýestr döredildi

Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jenaýatdan ýyl kesilenlere gözegçilik etmek üçin sanam (reýestr) döredildi. Parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy Tanzila Narbaýewa 18-nji noýabrda Telegram hasabynda, sanamdaky kişileriň çagalar bilen bagly ähli işlerden çetleşdiriljekdigini beýan etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 11-nji aprelde tassyklan bu kanunuň beýleki bir maddasynda häzirki we öňki aýalyna, bile ýaşaşýan ýada bile çagalary bolan kişä topulan şahslara jerime salmak ýada tussag etmek ýaly çäreleri göz öňüne tutýar.

Çagalara zorluk edenler sanamyna adam öldürmek, jynsy zorluk, jynsy gatnaşyga mejbur etmek, çaga pornografiýasyny taýýarlamaga we ýaýratmaga gatnaşmak, terrorizm hem girýär. Gazeta.uz habar sahypasynda bellenilşi ýaly, çagalaryň we zenanlaryň zorlugyna garşy göreşýän aktiwistleriň teklip edişi ýaly bu sanam halk köpçüligine elýeterli boljagy entek näbelli.

Geçen aý, Mirziýoýewiň apparatynyň saýasynda täze döredilen Jemgyýetçilik goragynyň milli agentligi, Adalat Ministrligi we UNICEF çagalary her hili zorlukdan goraýan kanun taslamasynyň tiz wagtda kabul edilmegi babatynda tegelek stoluň başynda köpçlikleýin çykyş etdiler. UNICEF tegelek stol ýygnagyndan soňra beren resmi habarynda kanun taslamasynyň kabul edilmegi, “has güýçli hukuk kepillendirmesi we maşgala maslahaty, ruhy saglyk we psiholiki – jemgyýet goldawy, ýaşaýyş endiklerini öwretme we howpsyz mesgen ýaly ýardam gurluşlaryny kämilleşdirip, çagalaryň abadançylygyny we zorluk, gorky, zyýandan gorajakdygyny” aýtdy.

Halkara Zähmet Guramasynyň geçen ýylky hasabatynda pagta ýygym üçin işledilýän çagalaryň 2 milliona golaýy indi ýygyma gitmeýändigini belläp geçdi. Bu ösüşlere garamazdan, beýleki pudaklarda çaga zähmetinden giňişleýin peýdalylýandygy görkezýän resmi däl maglumatlar bar.

Resmiler çaga haklaryny goramak baradaky kararlary aýdyň beýan edýän hem bolsalar olaryň işe ukyplylygy çäklendirlendir. Häzirki döwürde Içeri işler ministrliginde kämillik ýaşyna ýetmediklere gözegçilik boýunça 2000-e golaý kişi işleýär. Döwlet statistika gullugynyň çaklamalaryna görä Özbegistanda 15 ýaşdan kiçi 10.5 million çaga bar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: