Progres.Online

Özbegistanda çagalar işlemeli bolýarlar

Özbegistanda çaga zähmetini ulanmak azalsa-da, ol düýbünden ýok edilmedi. Ýurtda bazarlarda we köpçülik ýerlerinde işleýän çagalara duşmak adaty ýagdaý.

Köp çaga dynç alyş günlerinde bazarlarda oba-hojalyk önümlerini satmak we ýük daşamak (arabaçy) bilen meşgullanyp, maşgalalarynyň maddy ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin zähmet çekýärler. Çagalar esasan maşgala ýagdaýynyň kynlygy sebäpli ýa-da öz pullaryny gazanmak üçin işleýärler.

Özbegistanda resmi taýdan 15 ýaşda, ene-atanyň biriniň ýa hossaryň ýazmaça razylygy bilen 14 ýaşda işe başlap bolýar. Bu halkara kadalara we Özbegistanyň 2009-njy ýylda tassyklan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) 138-nji Konwensiýasyna laýyk gelýär.

Şeýle ýagdaýlarda umumy, orta we hünär-tehniki mekdeplerde okaýan çagalara saglygyna we ösüşine zyýan bermeýän, okuw prosesini bökdemeýän we okuwdan boş wagtlarynda ýeňil işlerde işlemäge rugsat berilýär.

Emma, häzirki wagtda çagalaryň işledilişi resmi kadalara gabat gelmeýär.

“Pagta” boýkody

Günbataryň lomaý we bölek satuw kompaniýalarynyň köpüsi pagta ýygnamakda çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäpli özbek pagtasynyň satyn alynmagyny boýkot edipdiler.

2008-nji ýylda Özbegistan çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini ýok etmek baradaky konwensiýany tassyklady. Emma, 2013-nji ýyla çenli ýurt Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmeýän 25 döwletiň hataryndady.

Iri satyjylar 10 ýyldan gowrak wagtlap özbek pagtasyndan ýüz öwürdiler. Ýurduň çaga zähmetini gadagan etmegi we ony ulananlara has berk jeza çäresini girizmegi bilen diňe şu ýylyň martynda boýkot ýatyryldy.

Halkara Zähmet Guramasy (HZG) 2019-njy ýyldaky ýyllyk hasabatynda Özbegistanyň pagta senagatynda çagalaryň ulgamlaýyn mejbury zähmetiniň soňuna çykylandygyny habar berdi.

Cotton Campaign koalisiýasynyň özbek pagtasyna goýan boýkodyny aýyrmak üçin ýurduň çaga zähmetini ulanmakdan ýüz öwürenliginiň goşmaça kepili hökmünde 2020-nji ýylyň ýanwarynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew çaga zähmetiniň peýdalanylmagyny jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada kanuna düzedişler girizdi.

2021-nji ýylda HZG Özbegistandaky pagta ýygymyna garaşsyz gözegçilik eden hasabatynda iki milliona golaý çaganyň mejbury zähmetden çetleşdirilendigini habar berdi.

2019-njy ýylda ABŞ-nyň Döwlet Departamenti çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini ýok etmek baradaky ýyllyk hasabatynda Özbegistanyň bu ugurdaky üstünligini belledi. Emma, pagta önümçiliginden başga pudaklarda çaga zähmetiniň gerimini kesgitlemek boýunça milli gözlegiň geçirilmändigini aýtdy. Şeýle milli gözlegleriň alnyp barylandygy barada täze maglumatlar elýeterli däl.

Ýurtda çaga zähmetini düýbünden ýok etmek häzirlikçe mümkin däl. Munuň sebäbi maşgalalaryň maddy ýagdaýy we çagalara kiçilikden iş öwretmek däpleri bilen bagly bolup biler.

Ene-atalara kömekçi bolmak

Ýurtda çagalar köplenç ene-atalaryna ýardam etmek üçin işleýärler. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna görä, ýurtda işsizlik 9.6% bolup, 1.44 million adam işe mätäç.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleri işe almak kärhanalara bähbitsiz we olar şeýle jogapkärçiligi öz üstlerine almak islemeýärler. Şeýle-de bolsa, çaga zähmetiniň häzirki ugurlary – ekin meýdanlarynda we bazarlarda işlemek, hasyl ýygnamak, ýük daşamak we ş.m. kanuna çapraz gelýär hem-de ýeňil çaga zähmetine degişli däldir.

Özbegistanda maşgalalaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulaşýança çaga zähmetini düýbünden ýok edip bolmajakdygyny ekspertler aýdýarlar. Ýurtda işleýän çagalaryň sany barada resmi statistika ýöredilmeýär.

Çaga zähmeti meselesini her bir maşgala üns berip, toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözüp bolar. Özbegistanda maşgala we çaga meselelerine seredýän edaralara Milli bilim, Saglygy goraýyş, Zähmet gatnaşyklary we Içeri işler ministrlikleri, aýallar komiteti hem-de “Oila” (maşgala) merkezi degişli. Ýöne, çaga zähmeti meselesinde entek zerur işler ýerine ýetirilmeýär.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: