Progres.Online

Özbegistanda çaga zähmeti heniz hem ulanyşda

Eurasianet-iň “Özbegistan: Çaga zähmetiniň ekin meýdanlaryndan daşarda giňden ulanylmagy” atly makalasyna görä, Özbegistanda çaga zähmetiniň bikanundygyna garamazdan, ýurtda çaga zähmeti giňden ýaýran mesele bolmagyna galýar.

Özbegistanyň hökümeti

  • Halkara Zähmet Guramasy (HZG) çaga zähmetini 18 ýaşdan kiçi islendik adamyň mekdebe gatnamagyna päsgel berýän, mekdebi ir terk etmäge mejbur edýän işi ýa-da mekdebe gatnap hem-de aşa uzak we agyr iş işlemegi diýip kesgitleýär.
  • 2021-nji ýylda, HZG Özbegistanyň çaga zähmetine garşy göreşiniň has gowulanandygyny habar berdi. Hasabata görä, indi 2 million töweregi çaga ekin meýdanlarynda işledilmeýär.
  • Şeýle-de bolsa, hökümetiň çaga zähmeti bilen bagly yzygiderli statistikalary çap etmeýändigini nazarda tutsaň, ýurtda çaga zähmetiniň ulanylmaýanlygy näbelli.
  • Mundan başga-da, Özbegistanda çaga zähmetine garşy göreşmek üçin ýörite döredilen girdeji gazanmaýan, raýan jemgyýeti guramasy ýok. Çünki, hökümet jemgyýetçilik guramalaryny hasaba almak prosesini juda kynlaşdyrýar.

Näme üçin çaga zähmeti ulanylýar?

Ýurtdaky garyplyk sebäpli çaga zähmetiniň ulanylmagy dowam edýär. Köplenç pes girdejili maşgalalar ululary işe almaga maliýe serişdeleri ýetmeýär ýa-da ujypsyzja girdeji gazanmak üçin çagalarynyň zähmetine bil baglamaly bolýarlar. Munuň sebäbi, hökümet garyp-ýoksul maşgalalara ýeterlik goldaw bermeýär. Pes girdejili maşgalalar her çaga üçin aýlyk $10-$33 aralygynda kömek puly almaga ýüz tutup bilýärler. Şeýle hem, maşgalalar goşmaça $36 kömek puluny alyp bilýärler. Ýöne, ene-atalar iň az aýlyga ($90) işleýän bolsa, bu kömek pullary maşgalany eklemek üçin ýetersiz bolýar.

Şeýle hem, çaga zähmeti bikanunlaşdyrylsa-da, kanunlaryň ýerine ýetirilişi gowşak. Çagalary dilegçilige mejbur etmek kanuna garşy gelýär. Emma, çagalar köçede haryt satsalar polisiýanyň ene-atalara berjek ýeke-täk jezasy ene-atalyk borçlaryny ýaramaz ýerine ýetirenligi üçin jerime salýar. Jerimäniň mukdary örän az. Şonuň üçin, ene-atalar çagalaryny haryt satmaga köçä ibermekden gorkmaýarlar. Elbetde, käbir ýagdaýlarda çagalaryň ekspluatasiýasy hem muňa sebäpkär.

Gelejek

Häzirki wagtda, Içeri işler ministrliginde 2000 töweregi ýaşlar boýunça inspektorlar işleýär. Ýöne, Özbegistanda 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sany 10.5 million. Çaga zähmetiniň soňuna çykmak üçin döwlet ulgamyny özgertmek möhüm.

Özgerişe tarap ilkinji ädim: çaga zähmeti bilen bagly meseläni dolandyrmak we çözmek üçin wezipelendirilen işgärleriň sanyny artdyrmakdyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: