Progres.Online

Özbegistan jyns deňsizligini ýok edip bilermi?

Jedelli bolsa-da, adam potensialynyň giňden ösdürilmegi, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýewiň reformalarynda ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar. Özbek zenanlary demografiki taýdan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda köplügi emele getirýärler, ýöne olar mukdar artykmaçlygyny hil taýdan ösdürip bilerlermi? Hatda Yslam Karimowyň döwründe-de jynsy deňlik möhüm maksat hökmünde görülýärdi. Bu babatda köne sowet üstünliklerine esaslanýan statistika bolsa, gowy görünýärdi. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda Mirziýewiň özgertmelerine garamazdan Özbegistan jynsy taýdan deňlik boýunça dünýä sanawynda aşak düşmegine dowam edýär. Bütindünýä bankynyň “Aýallar, Biznes we Kanun 2020” atly gözleglerine görä, Özbegistan öňki tapgyrdaky 70,6 utuk bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda bary-ýogy 67,5 utuk gazandy. Mundan başga-da, Özbegistan 76,9 utuk gazanan Gyrgyzystandan, 72,5 utugy bolan Gazagystandan we 78,8 utuk gazanan Täjigistandan bu sanawda yzda galýar.

Şol bir wagtyň özünde Özbek häkimiýeti jemgyýet we maşgala goldaw ministrlikleri ýaly jyns meselesini resmileşdirmek ugrunda köp sanly täze guramalar döredýärler. Emma düýpgöter üýtgeşmelerden hem günsaýyn daşlaşýarlar. Aýallaryň resmi taýdan erkekler bilen deň mümkinçilikleri bar bolsa-da, olaryň syýasata gatyşmagy we gatnaşmagy gaty çäklidir. Ykdysadyýetde hem has pes derejeli orun eýeleýärler. Jemgyýetdäki hemişe ikinji oruny eýelemekleri bolsa gitdigiçe däbe öwrülip barýar.

Makalanyň asyl nusgasy

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: