Bir wagtlar möwçli akan derýanyň akym ugry boýunça edilen syýahat, tebigy betbagtçylygyň öňüni almagyň nähili kyn boljakdygyny görkezdi.
Ürgenç, Şawat Kanalynyň boýunda balykçylar. (Awtory: Dewid Trilling. 10-njy noýabr, 2022ý)
Bir wagt Aral deňziniň ýerleşen ýerinden 362 km uzaklykdaky ýokarky akym: Suw, çüwdürümlerden pürküp çykyp, toýunly topraklary suwlap, soňra gyzgyn sement ýodajyklara akyp gidýär.
Tutuş Ürgenje mahsus bolan bu suw akymy Özbegistanyň Horezm oazisiniň ortasynda ýerleşýän 200.000 ilatly şäheri güýzde gülledýär.
Käbir oglanlar tozana garşy göreşmek üçin Amyderýanyň suwy bilen awtoulag duralgalaryna, tankerli awtoulaglar bolsa ýollara suw sepýär. Gamyşly kanallar arkaly suwarylýan giň pagta meýdanlary gözýetimiň ýetýän her ýerine çenli uzaýar.
Suw hamala bol görünýär. Emma, adamzat taryhynda iň erbet tebigy betbagtçylyklarynyň biri – dünýäniň dördünji uly köli bolan Aral deňziniň guranlygyna garamazdan, henizem gymmatly we azalýan suw baýlyklaryna biparh çemeleşilýär. 1960-njy ýyldan bäri, Aralyň 90%-i gurady. Deňiz howanyň temperaturasyny sazlaýardy. Häzirki wagtda, sebitiň klimaty has ýylap we guraklaşyp, tupan turanda guran deňziň duzy we himiki maddalary howa çarpylýar. Şol sebäpli, ganazlyk, rak keselleri we beýleki saglyk meseleleri artýar.
Deňiz bütinleý ýitip barýar we indi, Arala akýan iki derýanyň biri bolan Amyderýa hem gurap başlady. Bu ekinleri ösdürmegi bökdeýär, hem-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň millionlarça ilatyna täsir edýär.
Halkara donorlary meselä çemeleşme usulyny üýtgetmelidigini nygtaýarlar. Çünki, suwuň bisarpa harçlanmagy, klimatyň üýtgemegi bilen bir hatarda günbatar Özbegistany ýaşaýyş üçin amatsyz territoriýa öwürýär. BMG-nyň Azyk we oba-hojalygy guramasy (AOG) ilat sanynyň artmagy netijesinde XXI asyryň ortalaryna adam başyna düşýän suw mukdarynyň 33% azaljakdygyny çaklaýar. Bütindünýä bankynyň geçen ýyl çap eden hasabatyna görä, 2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň 2.4 million ilaty, ýagny sebitiň ilatynyň 3.4 %-niň klimat migrantlary bolmagy mümkin.
Aýaz-Gala
Gadymy döwürde Oksus diýlip atlandyrylan Amyderýa müňlerçe ýyldan bäri Horezmiň oba-hojalygynyň esasy suw baýlygy. Çarwa talawçylary we Ýüpek ýolundaky garakçylaryndan goranmak üçin düzlügiň etekleri gadymy galalar bilen gurşalandyr. Ikinji jahan urşundan soň, merkezleşdirilen Sowet hökümeti müňlerçe kanal gazyp, çölde pagta ösdürip ýetişdirmäge, landşafty düýpli üýtgetmäge we monokulturalaşdyrmaga başlamazdan öňem, bu ýerlerde pagta ösdürilýärdi.
64 ýaşly Ýuldaş Saraýew 40 ýyl bäri, Şawat kanalynyň boýunda karp we lakga balygyny tutup gelýän balykçylaryň biri. Onuň aýtmagyna görä, ozallar kanalda balyk kändi we köpdürlidi. Ýöne, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, ençeme adam güzeran aýlamak üçin balyk tutmaga başlapdyr. Ürgenjiň Şawat kanalynda çeňňekli erkekler balyk tutmak üçin setire düzülipdir. Ýuldaş: “Et gymmat. Adamlar bir zatdan iýmitlenmeli” – diýdi.
Kanaly hökümet komiteti dolandyrýar we haýsy sebite, näçeräk mukdarda suw bermelidigini kesgitleýär. Her ýyl sentýabrda, pagta ýygymy başlanda komitet akymy suw howdanlaryna gönükdirýär. Şeýle çäre görülmese-de, öňküler ýaly bol suw ýok. “Çagalyk döwrümdäki bilen deňeşdirende suw iki esse az we ýyl-ýyldan juda azalyp barýar” – diýip Ýuldaş belledi.
Häzirki wagtda, Özbegistanyň ykdysadyýeti “ak altyna” baglydyr. Pagta çigidinden başlap dokma önümlerine çenli işçi güýjüniň 30 %-i pagta senagatynda işleýär.
Pagta dünýäde suwy iň köp talap edýän ekinleriň biri bolup, tüwi bilen deňeşdirende üç-alty esse kän suwarmaly.
Özbegistanda bu görkeziji has ýokary. 2022-nji ýylyň başynda özbek-nemes toparynyň çap eden ylmy barlag işine görä, könelişen kanallarda suwuň 37%-i ekin meýdanlaryna ýetýänçä, syzylyp azalýar. Daýhanlaryň köpüsi ekin meýdanlaryny joýalaýyn suwarýarlar. Olar suw gelende gatlalary açyp, ekin meýdanlaryny suwa basdyrýarlar. Bu ýerasty suwlarynyň derejesini ýokarlandyrýar we tebigy emele gelýän duzlary topragyň üstki gatlagyna siňdirýär. Netijede, atyzlar hasyllylygy peseldýän ak duz gatlagy bilen örtülýär. Şeýlelikde, ýerasty suwlary pestisidlerden, defoliantlardan (ýaprak düşüriji madda) we beýleki himiki maddalardan dolýar. Bularyň hemmesi Özbegistanyň jemi içerki önümini (JIÖ) 8%-e çenli azaldýar.
Özbegistanda suwuň 90%-niň oba hojalygyna harjalýandygyna garamazdan, ýurtda hasyllylyk islendik standarta görä örän pes. Eurasianet we Bütindünýä bankynyň bilelikdäki hasaplamalaryna görä, Özbegistan JIÖ-niň bir birligini öndürmek üçin Müsürden 3 esse, Gazagystandan 5 esse we Awstraliýadan 74 esse köp suw sarp edýär.
Özbegistan oba-hojalygyny ýyllardyr Sowet döwrüniň merkezleşdirilen gözegçilik usuly ýaly dolandyrdy. Indi, hökümet üýtgeşmeler girizmäge başlady. 2020-nji ýylda, daýhanlary pagta ösdürip ýetişdirmäge (mugallymlary, mekdep okuwçylary pagta ýygmaga) mejbur edýän kwotalar ýatyryldy. Şeýle hem, 2030-njy ýyla çenli ekerançylyk meýdanlarynyň ýarysynyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, şol sanda, suwarymly ýerleriň 15%-inde damjalaýyn suwaryşy (ösümlikleri kiçijik deşikleri bolan birnäçe kilometrlik şlanglar bilen suwarmak) ulanmagy tabşyrdy. Ondan bäri iki ýyl geçse-de, bu usullary ulanýan daýhanlar ýek-tük göze ilýär. Oba-hojalyk Ministrligi Horezm welaýatynda (1.8 million ilatly) damjalaýyn suwaryş usulyny ulanýan ýekeje daýhany hem tapyp bilmedi. AOG-yň maglumatlaryna görä, bu usulda atyzlaryň bary-ýogy 0.11%-i suwarylýar. Galan bölegi esasan joýalaýyn suwaryş usylynda suwarylýar.
(Çeşme: Wikimedia)
Şol 0.11%-iň arasynda Bektoş Madiýorowyň 100 gektarlyk ekin meýdany hem bar. Ol geçen ýyl hökümetiň berýän karzlaryndan we salgyt ýeňilliklerinden peýdalanyp, ýerleriniň bäşden birini damjalaýyn suwarmaga başlady.
Bu usuly ornaşdyrmazdan ozal, soňky bäş ýylda Madiýorowyň Ürgençden bir sagat uzaklykdaky atyzlaryna ýeterli derejede suw barmaýardy. Çünki, Şawat kanalynyň bu ýerdäki suwy juda hapalanan.
“Öňler kanallarda suw hemişe bolardy, indi olara her 15-20 günden suw gelýär. Ýerasty suwlarynyň aşa duzlylygy üçin ony ulanmak mümkin däl. Biziň töwerekde damjalaýyn suwarýanlar örän az. Emma, bu suwaryşyň bahasynyň arzanlygyny we gowy hasyllylygy görüp, daýhanlar gyzyklanma bildirip başlady” – diýip Madiýorow aýdýar.
Diňe maliýe höweslendirmeleri we ösen tehnologiýalar suw ýetmezçiliginiň öwezini dolup bilmeýär. Madiýorow tygşytlaýan suwundan özüne kiçijik howuz gurup, onda karp balygyny saklaýar. Alymlar muny “yzyna gaýtarmak täsiri” diýip atlandyrýarlar, ýagny tygşytlanan mukdaryň öwezini dolýan hereketler etmek. Suwy sarp etmekde has sazlaşykly gözegçilik zerur. Az sanly mellek eýelerinde ýa-da daýhan bileleşiklerinde ölçeýji abzallar gurnalan. Şol sebäpli, hökümet suwy gektara görä paýlaýar. Şeýle hem, hemmeleri, şol sanda damjalaýyn suwarýanlary suw bilen üpjün edýän kanallardan suw syzma meselesi bar. Kanallaryň köpüsiniň üst gatlagynyň suwagsyzlygy zerarly ýere siňýän suw diňe bir gaýyp bolman, ýeriň şorlanmagyna sebäp bolýar we oba-hojalygyna zyýan berýär.
Ürgenjiň daşynda, Amyderýa henizem girdaplary, akymlary bolan joşgunly akýan derýadyr. 800 metrlik köpri ota basylan adajyklary we birnäçe ýyl mundan ozal has uly bolan arnany kesip geçýär.
Demirgazykda, işçiler derýadan uzakda ýerleşýän täze ekerançylyk meýdanlary suwarmak üçin kanaly uzaldýarlar. Soňky 33 ýylda, Özbegistanyň suwarymly ekin meýdanlary 43% we ilat sany iki esse artdy.
Nukus Döwlet Pedagogiki Institutynyň himiýa boýunça dosenti Alim Asamatdinowyň aýtmagyna görä, daýhanlar topragyň şoryny ýuwmak üçin atyzlary joýalaýyn suwarýarlar. Emma, bu tebigy şor topragy has şorlaşdyrýar we ýene has köp suwy gerekdirýär. Netijede, şory aýymak üçin ulanylan suwlar barha köpelýän köllere guýýan zeýkeş kanallaryna akdyrylýar. Bularyň aglabasy örän duzly we hapalanandygy sebäpli janly ýaşaýyşa ýaramsyz bolýar.
Aral deňziniň öňki ýerinden 295 km ýokarsyndaky akym: Derýanyň üstünden geçýän ponton köprüsi obany demirgazyk kenardaky tozanly depelerde ýerleşýän sement zawodlar toplumy bilen birleşdirýär. Bu köprini Matiýakubow maşgalasy dolandyrýar we onuň abatlaýyşy üçin geçýän her bir awtoulagdan 1000 som (9 sent) paç alýarlar. Başlangyç synp mekdebiniň mugallymy, 51 ýaşly Rustam Ýusupow 1990-njy ýyllaryň başynda, ýurt garaşsyzlyk alnandan bäri suwuň ýarysyna golaý azalandygyny çaklaýar. Şeýle-de bolsa, kenaryň garşysyna geçmek üçin gaýykçylar birnäçe minutlap güýç bilen küreklemeli bolýarlar.
Käwagt derýa doňanda, buz ponton böleklerini bir ýere üýşürip bilýär. Şeýle ýagdaýda, Matiýakubowlar howpsuzlyk üçin köpri böleklerini kenara çekmäge mejbur bolýarlar.
Derýa bu ýerden 2400 km gündogarda, Täjigistanyň we Owganystanyň daglyklarynda başlaýar. Geň galaýmaly zat, klimat üýtgemesedi, Amyderýanyň aşaky akymda ýagdaý hasam erbetleşip bilerdi. Barha ýylaýan temperatura ýokarky akymdaky buzluklary çalt eredýär we derýanyň suwyny wagtlaýyn doldurýar. Şol buzluklar XXI asyrda bütinleý eräp gutarsa, suwuň derejesi peseler. Käbir ssenariýalara görä, Merkezi Aziýanyň buzluklarynyň şu on ýyllykda iň ýokary ereme derejesine ýetjekdigi çak edilýär. 1950-nji ýyllardan bäri, Merkezi Aziýada howanyň temperaturasy dünýä ortalamasyna garanda iki esse ýokarlandy. Bu gurakçylygyň ýygylaşmagyna getirdi we gurakçylyk sebäpli daýhanlar ekinleri has köp suwarmaga mejbur bolýarlar.
208 km ýokarky akym: Ýarym-awtonom Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda Amyderýa tanalmaz derejede. Onuň aglaba bölegi derýa däl-de, çäge depelerine öwrülipdir. Ýakyndan seredende güne gurap, agaran balykgularlary görünýär. Galanja çeşmäniň üstünden bolsa ýöräp geçäýmeli. Ürgençdäki ýaly, bu ýerde hem suwuň uly bölegi şäheriň merkezine gönükdirilipdir we kanalyň boýy ýetginjekleriň ylgaýan we gezmeleýän ýerine öwrülipdir.
Bu ýer öňler Amyderýa deltasynyň başlangyjydy. AOG-yň hasaplamalaryna görä, Garagalpagystanyň territoriýasynyň 95%-i diýen ýaly şorlanan.
Bu ýerde suwuň syýasata edýän täsirini kesgitlemek kyn. Daşkendiň hökümeti Garagalpagystanyň bölünip aýrylmak baradaky teoretiki hukugyny ýatyrmaga synanyşandan soň, bu tomus Nukusda tolgunma bolup, azyndan 18 adam öldi. Käbir adamlaryň pikirine görä, Özbegistanyň iň garyp sebitlerinden biri bolan bu sebitde daşky gurşaw meselesi aladalandyrýar we ilat suwdan adalatly paý almaýandygy barada nägile.
Ýygy-ýygydan, ýöne seresaplylyk bilen gozgalýan nägilelik temasyny gaýtalap, ýerli döwlet işgäri: “Bu ýerde halk suwa syýasy mesele hökmünde seredýär, ýagny Horezm (ýokarky akymdaky welaýat) suwy dolandyrýar we şol sebäpli biziň paýymyza az suw düşýär” – diýip belleýär.
172 km ýokarky akym: Amyderýanyň öwrüminde, 70 gektar mellegi bolan daýhan Saparbaý Baýjanow 2015-nji ýylda Nukusdan göçeni bäri suw ýetmezçiliginiň has erbetleşmeginde goňşy Türkmenistany günäkärleýär. Ol: “Suw indi örän gyt. Şu ýyl iň erbedi boldy. Suw ýetmezçiligi sebäpli käbir adamlar ekinlerinden mahrum boldylar. Olar suwumyzyň Türkmenistana gönükdirilýändigini aýdýarlar” – diýdi.
Suw paýlaşygy Amyderýanyň aşaky we ýokarky akymlaryndaky döwletleriň arasynda gatnaşygy dartgynlaşdyrýar. Täjigistan derýanyň guýýan ýerleriniň birinde dünýäniň iň beýik bendini gurýar we başga bir ýerde Gyrgyzystan bilen suw meselesinde dawalaşýar. Türkmenistan JIÖ-niň bir birligi üçin Özbegistandan has köp suw sarp edýän ýeke-täk ýurtdyr, emma muňa garamazdan, azyk krizisini başdan geçirýär. Ýurduň köne kanallary suwy Türkmenistanyň Garagum çölünden ýüzlerçe kilometr günortadaky meýdanlara gönükdirýär.
Döwletara suw paýlaşyk komissiýasynyň agzasy Özbegistanly alym Dinara Ziganşina hyzmatdaşlygyň oýlanşyksyz gurnalandygyny we netijesizdigi barada ýazýar. Onuň aýtmagyna görä, 30 ýyl mundan ozal Aral deňziniň basseýninde suwuň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmek üçin döredilen bu komissiýa netijeli işlemeýär. Çünki, komissiýa öňüni alyş däl-de, jogap bermek maksady bilen gysga möhletleýin çözgütlere ünsüni jemleýär we daşky gurşaw meselelerini az göz öňüne tutýar.
58 km ýokarky akym: Suwyň azalmagyndan täsirlenen ýerleriň biri-de Aliaul obasy. Bir wagt derýanyň akan ýerinde, buwagt alahekekleriň höwürtgeleýän sazak setirleri bilen gurşalan dyzy boýlaýan salma bar.
Çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup işlän, 65 ýaşly Gurbangül Mahambetowa 1992-nji ýylda, oba ýaşaýjylaryny öýlerinden göçmäge mejbur eden suw joşmasyny ýatlap, şol wagtlar derýada suwuň kän bolandygy aýdýar.
Indi bolsa, suw ýyl-ýyldan kemelýär.
Ot az bolansoň, Mahambetowanyň sygyrlaryny otlatmak üçin ýerler hem azaldy.
19.3 km ýokarky akym: 1980-nji ýyllaryň başynda Aral deňziniň yza çekilmegi netijesinde, Sowet inženerleri galan suwlary dolandyrmak üçin Porlatauda toprak böwetlerini gurdylar. On ýyllap diýen ýaly Kok-Su (Gök suw) suw howdany karp fermasy hökmünde ulanyldy, ýöne 1990-njy ýyllarda suw derejesiniň peselmegi we jübtünleriň sürilere zyýan bermegi netijesinde suw howdany ýapyldy. Häzirki wagtda, sanlyja adam tor bilen balyk tutýar. Oba ilatynyň aýtmagyna görä, balyklar satardan kiçi.
Toprak böwetlerinden başga-da, derýanyň öňki hanasynda mämişi batgalyk topragyň ýüzüni örtýär. Duz kristallary aýak astynda kitirdeýär we bu ýerde hiç zat ösmeýär.
Kok-Sunyň gyrasynda gatlalar Amyderýanyň soňky damjalaryny kadalaşdyrýar. Tizara kanallar boşap galar. Amyderýa müňlerçe kilometr uzaklykdaky millionlarça gektar meýdanlary sansyz kanallar we howdanlar arkaly suwaryp, netijede ýitip barýar.
0 km: Aral Kum – Aral çägeleri diýmekdir. Kartalar hakykaty görkezip başlady. Aral indi deňiz däl.
Muýnak bu täze çölüň eteginde ýerleşýär. 1959-njy ýylda port şäheri töp, ýaýyn, garabalyk ýaly balyklardan 21.5 million gap balyk öndürýärdi. Indi portuň düýbünde poslan, talanan gämilerden başga zat ýok. 1960-njy ýyllardan bäri, bu ýerde ilat sany iki esse diýen ýaly kemeldi.
Soňky ýyllarda, Daşkent hökümeti çetinlikde bolan bu 13.000 ilatly şäher bilen gyzyklanmaga başlap, agyz suwy bilen üpjün edýän täze turbageçiriji we ýollary gurdy, ýokary tizlikli internet geçirdi we howa menzilini açdy.
Nebit-gaz kompaniýalary öňki deňiz düýbünde geljegi uly bolan ýataklaryň üstüni açdy we iş ýerleriniň köpelmegine umyt döredi.
Muýnak taryhy muzeýiniň direktorynyň orunbasary Mahmud Aitjanow 2000-nji ýyllaryň başlary bilen deňeşdirende, indi şäher ýaşaýjylarynyň göçmäge kän meýilli däldiklerini aýdýar. Gurakçylygyň erbetleşýändigine garamazdan, häzirki wagtda şäheriň ykdysady ýagdaýy gowy. Halk hökümetiň daýhanlaryň suw ýetmezçilik meselesini çözjekdigine ynanýar. Soňky iki ýylda, Garagalpagystanly daýhanlaryň aglabasynyň ekinleri gurady. Hökümet 2023-nji ýyldan başlap pagta, bugdaý we tüwi ekilmegini azaldyp, olaryň ýerine, az suwy talap edýän gök-önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin käbir täze taslamalaryň üstünde işleýär.
Emma, hökümet müňlerçe kiçi ýer eýeleriniň pikirini üýtgedip bilermikä?
Hökümet subsidiýalary bermegi we merkezi gözegçiligi azaltmagy meýilleşdirýär. Daýhanlaryň indi ösdürmek isleýän ekinlerini saýlamak mümkinçiligi artdy. Suwaryş enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin olara karz almak mümkinçilikleri döredildi. Şeýle-de bolsa, daýhanlaryň iň ýakyn kanaldaky her damja suwy harçlamak höwesleri kemelenok, esasanam tutuş ýurtda suwarymly ýerler barha artýarka.
Özbegistanyň hökümeti bütin dünýäde bolşy ýaly, öz halkynyň hem şugün bilen geljegiň arasynda, diňe öz bähbidiňi bilmek bilen we ähliumumy bähbidiň arasynda “dogry zady” saýlajaklaryna umyt edýäne meňzeýär. Bütin dünýäde adamlar klimatyň üýtgemeginiň töwekgelçilikleri we şahsy bähbitleriniň ikisinden birini saýlaýarlar. Amyderýanyň boýundaky daýhanlardan tutuş sebitiň bähbidini şahsy bähbidinden ileri tutmagyny soramak, Amazondaky agaç çapýan maldarlardan ýa-da Günbatar Wirjiniýadaky kömür magdançylaryndan soramakdan känbir tapawutly däldir.
Şeýle-de bolsa, hemme ýerde bolşy ýaly, klimatyň üýtgemegi iň garyplara has uly täsirini ýetirer, ýagny damjalaýyn suwaryş usulyny ulanmak mümkinçiligi bolmadyk daýhanlara, ot gytçylygy bolan ýerlerdäki çopanlara zarbasy agyr deger. Emma, uly göwrümli üýtgeşmeler edilmese, Amyderýanyň aşaky basseýninde, hat-da suwy tygşytlamak üçin elinden gelenini edýänlerem garaşylýan netijelere ýetmezler.
Iş ýerleriniň artmagy barada aýtsak, 2000-nji ýyllaryň ahyryndan bäri, Muýnagyň golaýynda gaz çykarylmaga başlandy. Muňa garamazdan, Özbegistan ýiti gaz ýetmezçilikleri zerarly Türkmenistandan gaz import etmek barada gepleşikleri alyp barýar.
Şol bir wagtyň özünde, çölleşme möwçli dowam edýär. Hat-da, iki ýyl mundan ozal hem Muýnagyň iki gapdalynda-da ýerli ýaşaýjylara balyk tutmaga mümkinçilik berýän kiçijik köller, has takygy guraýan deňizden galan howuzlary bardy. Indi olar gurap ýok boldy. Köllere derek, Google Earth-de Rybachiý Zaliwiň (Balykçy aýlagy) ýerinde palçykda galan gämini görkezýär. Oba-hojalygyndan nam-nyşan ýok. Sanalgyja sygyrlar we geçiler ýandaklykda otlap ýör.