Progres.Online

Owganystandaky kanal gurluşygy Türkmenistanyň suw üpjünçiligini bökdär

Talyban hökümetiniň Owganystanyň demirgazygynda uly kanal gurmak baradaky täze taslamasy Amyderýanyň suwuny başga ugura gönükdirer. Kanalyň 550.000 gektar gury ýeri ekin meýdanlaryna öwürmegi meýilleşdirilýär. Gelejekki 5 ýylda, 286 km uzynlykdaky Koş Tepa kanalyny gurmak üçin 7000 töweregi işçi we 3000-den gowrak enjam işledilýär. Taslamanyň birinji tapgyrynyň 70%-i eýýäm tamamlandy.

Türkmenistanyň hökümeti Owganystanyň bu taslamasyna entek teswir bermedi.

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi

Amyderýa Merkezi Aziýanyň iň uzyn derýalarynyň biridir. Ol Täjigistanyň we Owganystanyň serhedindäki Pamir daglaryndan gözbaş alyp, Türkmenistana we Özbegistana akýar. Amyderýa Türkmenistanyň suw üpjünçiligi üçin örän möhüm. Çünki, bu derýa ýurduň ýerüsti suw baýlyklarynyň 88%-ini tutup, oba hojalygyň esasy suw çeşmesidir.

Häzire çenli, Owganystan Amyderýadan 7 km³ töweregi suw ulandy. Ýöne, täze taslama durmuşa geçirilse, ýurduň suw sarp edişi 17 km³ çenli artmagyna garaşylýar. Bu Türkmenistanda we Özbegistanda suwuň elýeterliligine uly täsir eder. Türkmenistan eýýäm ýiti suw ýetmezçiligi bolan ýurtlaryň sanawyna girýär. Klimatyň üýtgemegi suw ýetmezçiligine çynlakaý täsir etdi we gelejekde has erbetleşmegine garaşylýar.

Azatlygyň habar bermegine görä, Koş Tepa kanalynyň gurluşygy oba hojalygyna zyýan bermekden başga-da, Lebap we beýleki welaýatlaryň öý-hojalyklarynyň süýji suw üpjünçiligine ýaramaz täsir eder. Bu ýerlerde suw meselesi ozal hem ýitidi. Suw ýetmezçiligi Merkezi Aziýanyň ýüzbe-ýüz boljak iň uly howplaryň birine we ​​suw konfliktlerine sebäp bolmagy ahmal.

Syýasy netijeler

Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystanyň hökümeti bilen çylşyrymly syýasy ýagdaýa salmagy mümkin. Ýakynda, Özbegistanyň delegasiýasy Taliban bilen bu taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin Kabula bardy. Emma, taslama boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesi barada jikme-jikler paýlaşylmady. Özbegistan ýurtlaryň arasyndaky dartgynlylykdan gaça durýana meňzeýär, iň bolmanda häzirlikçe.

Taliban häkimýete geçmezinden öň, Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn Suw dolandyryş meseleleri boýunça utgaşdyryjy komissiýanyň çäginde suw baýlyklaryny dolandyrmak meseleleri üçin yzygiderli duşuşyklary geçirýärdi. Soňky duşuşyk 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilip, şondan bäri duşuşyk geçirilmedi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: