Progres.Online

Orta geçelge maýa taslamasy

Crude Accountability tarapyndan çap edilen “Orta geçelge: Merkezi Aziýada adamlardan öňünçä has köp gazanja ähmiýet berýän kolonial tejribäniň gaýtalanmagy” atly makalasynda Orta geçelge maýa goýum taslamasyna bagly dürli meselelere üns çekýär.

Orta geçelge näme?

Orta geçelge – tebigy baýlyklaryň gazylyp çykarylşyny, portlar we turba geçirijileri bilen birlikde oňa bagly infrastrukturany ösdürmäge ugrukdyrlan maýa goýum başlangyjydyr. Esasy maksady Merkezi Aziýadan Günbatara nebit, tebigy gaz, uran we beýleki materiallaryň üpjünçiligini Russiýany aýlanyp geçmek arkaly ýeňilleşdirmek we şol bir wagtda Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwdany ösdürmekdir.

Esasy ugry Azerbeýjan bilen Gazagystany biri-birine baglap, Türkmenistan we Özbegistany hem öz içine alyp biler. Beýleki ugry bolsa Gruziýa bilen Türkiýäni biri-birine baglap, 1-nji suratda görkezilişi ýaly Gara deňiz ýada Ortaýer deňziniň üsti bilen Günbatara baglanmakdyr.

Taslamanyň ýagdaýy

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky bilen Halkara salgyt we maýa goýum merkezi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama aktiw planlaşdyrma derejesindedir. ABŞ-yň Merkezi Aziýa $25 millionlyk goşmaça maýa goýumy taslama bilen baglanşykly bolup biler. Taslamany Gazagystan we Azerbeýjan hökümetleri ýokary derejede goldaýar.

Ekologik taryhy

Şeýle taslamalaryň daşky gurşawa täsiri barasyndaky biynjalyklyklaryň taryhy esaslary bardyr. Sebitiň Sowet Soýuzy tarapyndan tarapyndan daşky gurşawa we jemgyýete täsirini göz öňüne tutman, tebigy baýlyklaryndan peýdalanylan geçmişi bardyr. Aral deňizi, Gazagystandaky ýadro tälimhanasy (poligon), Fergan jülgesindäki uranyň gazylyp çykarylyşy ýaly ençeme weýrançylyklar yzynda ýerli ilatlaryň saglygyna zyýanly ekologik meseleleri galdyrdy. 1990-njy ýyllarda Günbataryň çig mal gazyp çykarmak üçin maýa goýumlary hem howanyň, iýmitiň we suwuň hapalanmaklygy, biodürlülige howp salma ýaly adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli gapma-garşylyklar we daşky gurşawa biperwaý garamalara duçar bolupdyr.

Täze kynçylyklar

Geçmişi göz öňüne tutsak Orta geçelgäniň bu heläkçilikli tejribäni ebedileşdirer öýdülip gorkulýar. Sebit entegem ekologiýa meselelerinden kösenýär we täze taslama meseläni artdyryp biler. Crude Accountability, daşky gurşawa täsirini gowşatma meýilnamalarynyň ýoklugyny we taslamanyň klimat borçnamalary we ýerli ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirini göz öňüne tutmaýandygyny belleýär. Hasabatda tebigy baýlyklaryň ekspluatasiýasy, Hytaý bilen söwdanyň aňsatlaşdyrylmagy we güýç syýasatynyň Merkezi Aziýada ekologiýasynda we jemgyýetinde döredäýjek howpuny aýratyn bellenip geçilýär.

Surat çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: