Progres.Online

Nebidiň beýleki tarapy

Nebidiň beýleki tarapy, daşky gurşawyň zaýalanmagy, sosial adalat we garyplyk ýaly möhüm meseleleri gozgaýan dokumental film. Gazagystanyň özboluşly owadan tebigatyny we ýönekeý oba halkynyň durmuşyny suratlandyrmak arkaly bu film, ýurduň iň baý nebit gorlarynyň gurşawynda ýaşaýan adamlar bilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar. Ýerli ýaşaýjylar üçin nebit gorlarynyň ýakynlarynda ýaşamak birnäçe saglyk meselelerine, mallaryň kesellemegine we ölmegine, eklenjiň ýitmegine, suwuň hapalanmagyna we  başga-da daşky gurşawyň zaýalanmagynyň dürli mysallaryna sebäp bolýar. Filmi düşüren topar Günbatar Gazagystanyň üç sebitine – Aktýubinsk, Mangyşlak we Atyraýa baryp gördi. Bu sebitleriň ählisi nebit gorlaryna baý bolandyklary üçin daşary ýurt maýadarlarynyň üns merkezinde. Dokumental filmde agzalan nebit ýataklarynyň köpüsi Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) we Koreýa Respublikasynyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (KNOC)  golçur kärhanalary tarapyndan işlenip düzüldi. Dokumental filmyny rus we iňlis dillerinde şu ýerde görüp bolýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: