Maýyň ikinji ýarymynda Türkiýede prezident saýlawlary geçirildi. Bu diňe Türkiýe üçin däl, eýsem Merkezi Aziýa (MA) döwletleri üçin hem wajyp döwür boldy. Türkiýäni 20 ýyllap dolandyran Rejep Taýyp Erdoganyň täzeden prezident saýlanmagy ýa saýlanmazlyk ähtimallygy Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agzalaryny Ankara bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklarynyň gymmatyny ýamaşgan bahalandyrmaga iterdi. TDG-nyň agzalaryna Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Azerbaýjan degişli bolup, Türkmenistan guramanyň synçy agzasydyr.
Erdogan prezidentlige saýlanandan soňra-da CABAR.asia “Eger Erdogan prezidentlige saýlanmasa nähili bolardy?” diýen sorag boýunça ekspertleriň pikirini sorady.
Hem üpjün ediji, hem-de alyjy
Türkiýäniň saýlawlarynyň MA döwletlerine täsir edip biljekdigine ýa-da täsir edip bilmejekdigine düşünmek üçin Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň umumy bähbitlerini bellemelidiris:
- Söwda. Sebitiň ýurtlary çig mallarynyň esasy import edijisi hökmünde Türkiýä mätäç. Soňky ýyllarda, MA-nyň birnäçe döwletleri Türkiýä eksportyny artydy we ýurtlar şeýle alyjyny saklamagy möhüm hasaplaýarlar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Türkiýäniň MA döwletleriniň daşary söwdasyndaky paýy juda uly:
- Gazagystanda we Täjigistanda – 4.7%,
- Gyrgyzystanda – 5.3%,
- Özbegistanda – 6.4%.
Türkmenistanyň daşary söwdasynda Türkiýäniň paýy barada maglumatlar elýetersiz.
Geçen ýyl, MA ýurtlarynyň ählisiniň Türkiýe bilen söwda dolanşygy $12.8 milliard bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 27.6% artdy.
Geçen ýyl, Özbegistandan başga sebitiň beýleki ýurtlary Türkiýe bilen söwda dolanşygyny artdyrdy. Degişlilikde: Gyrgyzystan 53.7%, Täjigistan 23.3%, Türkmenistan 21.9%.
- Türki döwletleriň jebisleşmesi. Türkiye bilen MA-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikinji möhüm ähmiýeti Erdoganyň türki halklary jebisleşdirmek ideýasydyr. TDG täze gymmatlyga we ideologiýa eýe bolup, medeni, ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlyga goşmaça, daşary syýasy meseleler, migrasiýa, energiýa we ş.m. ugurlarda umumy pozisiýalary kesgitlemek boýunça hyzmatdaşlyk hem goşuldy.
Ekspertler, Türkiýäniň prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda oppozisiýa dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglunyň 44.88% ses alanyndan soň, Türkiýäniň halkara gatnaşyklarynyň we söwdasynyň häzirki akymynyň üýtemegi mümkindigini aýtmaga başlapdylar.
Emma, käbir ekspertler başgaça pikirde:
- Täjigistanly syýasy analitik Şerali Rizoýonyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň prezident saýlawlarynyň netijesi ýurt bilen MA döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklara täsir etmez. Sebäbi soňky 30 ýylda, Türkiýäniň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Ýurduň bu ugurda uly üstünliklere gazananlygy sebäpli ondan ýüz öwürmezligi mümkin. Ýakyn gelejekde, Türkiýe sebitiň döwletleriniň wajyp hyzmatdaşy bolar we Russiýa, Hytaý bilen bäsleşer.
- Saýlawlarda Kylyçdarogly gazanan bolsa-da, TDG dargamazdy. Bu MA-nyň we Türkiýäniň milli bähbitlerine garşy gelýär.
- Özbegistanyň syýasy analitigi Farhod Talipowa görä, TDG-nyň uzyn taryhy bar. Guramanyň dargajagyny görkezýän alamat ýok. Şeýle hem, gurama Türkiýäniň dünýä arenasyndaky abraýyny ýokarlandyrýar.
Makalanyň doly görnüşini Cabar.asia web sahypasyndan okap bilersiňiz.