Progres.Online

Merkezi Aziýanyň iň garyp daýhanlary öz ýerleriniň gymmatyny bilýärler

Onlarça ýyllyk monokulturadan (ýyldan-ýyla şol bir ýerde bir ekiniň ekilmegi) soň, Merkezi Aziýadaky ekin we öri meýdanlarynyň öndürijiligi has peseldi.

Häzirki wagtda, Merkezi Aziýanyň topraklary onlarça ýyl ozalkysyndan has az süýt we et önümlerini öndürýär we hasyllylygy pes. Bu şübhesiz garyplygy artdyryjy faktorlaryň biridir. Täze barlag garyplyk bilen topragyň dolandyryşyny gözden geçirip, obaly garyp ýer eýeleriniň topragy dikeltmekde täze çemeleşmelere eltip biljekdigi barada pikiri orta atýar.

Şu ýylyň martynda çap edilen barlagda, Bonn uniwersitetinden Alişer Mirzabaýew we onuň iki rus kärdeşleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň öý-hojalyk sowalnamasynyň maglumatlaryny garyplyk bilen daşky gurşawyň erbetleşmegi arasyndaky berk arabaglanşygy öwrenmek üçin ulandylar.

Mirzabaýew ilki bilen ekinleriň hasyllylygynyň peselmegi mallaryň öndürijiliginiň azalmagyna we dökün, zähmet ýaly çeşmelere bolan talaby artdyrýandygyny hasaplady. Bularyň ählisi ýeriň zaýalanmagynyň alamatlary bolup, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine ýyllyk $6 milliard zeper ýetirýär. 1980-nji ýyllaryň başynda, ýerleriň öndürijiligi 4.8 esse köpdi. Köplenç tapdan düşen ýerler we topragyň üst gatlagyndaky duzlary ýuwmak kän suwy talap edýär.

Garyplyk topragyň zaýalanmagyny güýçlendirýärmi?

Mirzabaýew we onuň awtordaşlary iň garyp daýhan hojalyklary ýerlerini durnukly peýdalanmak üçin ekin meýdanlarynyň sürümini kemeltmek (ýangyç çykdajylaryny azaltmak üçin) we dürli ekinleri gezekleşdirip ekmek ýaly çäreleri görýändigini ýüze çykardylar. Elbetde, munuň sebäbi garyp daýhanlaryň ýangyja, dökünlere we ekologik taýdan zyýanly materiallara sarp etmäge az puly bolýar. “Biziň netijelerimiz garyp hojalyklaryň baý hojalyklara garanyňda ýerleri durnukly dolandyrmak (ÝDD) usullaryny has köp ulanandygyny görkezýär” – diýip awtorlar belleýär.

ÝDD agyr zähmeti talap edýär. Emma, işsizligiň giň ýaýran oba ýerlerinde ýaşaýan garyp daýhanlar üçin zähmet adatça bolçulyk.

Ýerli derejede alternatiw iş mümkinçiliginiň ýoklugy, esasanam aýallar üçin zähmet bazaryndaky deňsizlikler maşgalalaryň zähmet girdejilerini azaldýar we maşgala agzalarynyň ekin meýdanlarynda zähmet çekme mümkinçiligini artdyrýar. Şeýlelikde, ýer dolandyryş nukdaýnazaryndan seretsek, daýhançylykdan başga iş mümkinçilikleriniň bolmazlygy agyr zähmeti talap edýän ÝDD-niň ornaşdyrylmagyna eltip biler.

Başgaça aýdylanda, garyp daýhanlar topragy çalt zaýalaýan mehaniki sürümiň ýerine, ýerleri elde agdarmaga has kän wagt sarp edýärler.

Awtorlar öz barlagynyň “halas bolmak çapalanmalary” esasynda nädogry netije berip biljegini, ýagny sowalnama gatnaşanlaryň arasynda zaýalanan ýerlerde ekişi bes edip, atyzlaryň zaýalanmadyk we oba-hojalyga ýaramly ýerlerini gözleýän daýhanlary hasaba almandygyny belleýärler.

Çeşme: Eurasianet

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: