Progres.Online

Merkezi Aziýanyň ilat üçin amatsyz paýtagtlary

Ýakynda, Cabar.asia platformasy “Merkezi Aziýanyň paýtagtlary has beýgelýär, ýöne paýtagtlaryň adamlar üçin amatlylygy has kemeleýär” atly makalasyny çap etdi. Makala görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynda ilat ýylsaýyn köpelýär. Munuň bilen birlikde köp gatly binalaryň sany hem artýar. Şäherlerdäki binalaryň beýikligi has ýokarlansa-da, olar ýaşaýjylaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutulyp gurulmaýar. Gyrgyzystanly sosiolog Samar Syrgabaýewe görä, gowy oýlanşylyp gurulmadyk şäher gurşawy we beýik binalar adamlaryň durmuşyna, esasanam psihologik ýagdaýyna uly täsir edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynyň şäher gurluşygy barada maglumatlar we meseleler:

  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynyň ählisinde 10 we ondan köp gatly ýaşaýyş jaýlary esasan şäheriň merkezinde ýerleşýär.
  • Paýtagtlaryň hemmesinde 1 gatly binalar agdyklyk edýär.
  • Şäherleriň köpüsinde elektrik we suw üpjünçiligi, ýyladyş, kanalizasiýa meseleleri bar.
  • Merkezi Aziýanyň esasy şäherleriniň ählisi diýen ýaly ýokary seýsmiki töwekgelçilikli sebitde ýerleşýändigi sebäpli köp gatly binalaryň gurluşygy aladalary döredýär.
  • Paýtagtlaryň köpüsinde adamlaryň dynç almagy üçin parklar, ýaşyl zolaklary ýetmezçilik edýär.

Aşgabat boýunça görkezijiler:

Aşgabat ilatyň gürlüligi boýunça Merkezi Aziýada dördünji orunda bolup, 1 km² meýdana 2191.62 adamdan düşýär (Grafika 2). 2022-nji ýylda paýtagtyň ilatynyň sany 1 milliondan geçdi (Grafika 1). Aşgabatdaky binalaryň köpüsi 1-2 we 3-5 gatlydyr (Grafika 3).

Grafika 1

Çeşme: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Statistika baradaky döwlet komitetleri

Grafika 2

Çeşme: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Statistika baradaky döwlet komitetleri

Grafika 3

Çeşme: Cabar.asia

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynda şäher gurluşygyny nädip gowylamaly?

Gyrgyzystanyň Seýsmologiýa institutynyň direktory Kanat Abdrahmatow: “Ýaponiýa biziň sebitimize seredeniňde seýsmiki taýdan has aktiw ýurt. Emma, olaryň beýik binalary ýumurulmaýar. Näme üçin? Çünki, olaryň biçak gowy tehnologiýasy bar. Şeýlelikde, eger paýtagtlarymyz ýaponlaryňky ýaly tehnologiýalar bilen binalary gursalar we howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etseler, hiç hili mesele bolmaz” – diýip belleýär.

Abdrahmatow görä, betbagtçylyklardan we beýleki erbet netijelerden gaça durmak üçin binalaryň bulam-bujar gurulmagyny düýbünden bes etmeli. Soňky ýyllarda, jaýlaryň gurluşygy düşewüntli biznese öwrüldi we telekeçiler köplenç nireden boş ýer tapsalar şol ýerden jaý gurýarlar. Bu juda erbet ýagdaý. Häkimiýetler şeýle gurluşyklara rugsat bermeli däldir. Hökümet has güýçli syýasy meýillilik görkezmeli we gurulşyklaryň işine gözegçilik etmeli.

2000-nji ýyllaryň başynda binagär we şäher gurluşygy meýilleşdiriji Kristofer Çarlz Benninger akylly şäher konsepsiýasyny tanyşdyrdy. Konsepsiýa görä, şäherler pyýadalar üçin ýanýodalary, adamlaryň dostlary we goňşulary bilen görüşmegi, jemgyýetleriň bir ýere ýygnanyp we pikir alyşyp boljak ýerlerini we beýlekleri öz içine alýan görnüşde gurulmaly.

Mundan başga-da, şäherlerde adamlar üçin amatly boljak kiçi köçeler, pes gatly binalar gurulmaly. Şähergurluşygy meýilleşdirijilere görä, adam näçe az gatly binalarda ýaşasalar, şonçada goňşulary bilen aragatnaşyk saklamak we binanyň umumy howlusyna üns bermek ähtimallygy ýokary.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: