Özbegistandan iki awtor Rustamjon Urinboýew we Şerzod Eraliýew golaýda “Günbatara degişli bolmadyk migrasiýa düzgüniniň ykdysady syýasaty: Russiýa we Türkiýedäki merkezi aziýaly zahmet migrantlary” atly kitabyny çap etdiler. Kitap köpçülik üçin elýeterlidir. Kitap esasan özbek migrantlarynyň durmuşyna bagyşlanyp ýazylanam bolsa, awtorlaryň Türkiýede söhbetdeşlik eden käbir türkmenistanly migratlarynyň durmuşyna düşünmek üçin hem peýdalydyr.
Awtorlar Stambulda Gyrgyz, Türkmen we Özbek migrantlary bilen 10 sany ýörüte toparlaýyn çekişmesini we 85 sany söhbetdeşlik geçirdiler. Kitapda şol bir wagtyň özünde Russiýa we Türkiýedäki migrantlaryň uýgunlaşmagy we ýaýşaýyşlary barada peýdaly deňeşdirmeler görkezilendir.
Awtorlar Russiýanyň we Türkiýeniň arasyndaky tapawudy Merkezi Aziýanyň migratlarynyň durmuşlarynyň mysalynda beýan edýärler. Hem Russiýada hem-de Türkiýede işlän özbek migrantlar bu iki ýurduň arasyndaky tapawudy şeýle beýan edýärler: “Türkde ymam bar, ynsap ýok. Rusda ymam ýok, ynsap bar”.
Russiýadaky Merkezi Aziýaly migrantlar resmi däl ykdysadyýetde işleýärler, parahorluk bilen ýüzleşýärler, bikanunlyk we adam haklaryny bozma sezewar bolýarlar. Şeýle-de bolsa migrantlaryň haklaryny talap etmek üçin käbir mümkinçilikleri bolýar. Migrantlar resmi ýol bilen alyp bilmeýän mümkinçiliklerini bikanun ýollary ulanyp alýarlar. Eger migrantlar resminamasyz polisiýa tarapydan tutulsa, olar para berip gidip bilýärler.
Türkiýedäki Merkezi Aziýaly migrantlar iş sagatarynyň uzynlygyndan, erbet iş şertlerinden we howplylykdan şikaýat edýärler. Şonuň bilen birlikde Russiýadaky migrantlaryň has köpräk haklary bolup, has az iş sagatlary bar, has gowy zähmet şertleri bar we zähmet hopwsuzlygyndan peýdalanýarlar, bu bolsa jemgyýetçilik gurluşynyň mirasy bolup biler. Russiýada migrantlaryň aýlyklary berilmedik ýagdaýynda köplenç Merkezi Aziýaly öz watandaşlary, beýleki migrantlar, araçy migrantlar ýada asly rus bolmadyk kişiler günäkärdir. Türkiýede bolsa aýlyklary bermeýänler köplenç iş beriji türklerdir. Merkezi Aziýaly migratlaryň aýtmagyna görä Ruslar ýalançy däl we aldanoklar.
Şeýle hem, öň Russiýada işlän özbek zenan migrantlar Türkiýedäki jynsy zorluga şikaýat edipdirler. Türk iş berjiler iş deregine zenanlara jynsy gatnaşyklary teklip edýärler, Russiýada bolsa şeýle ýagdaýlar seýrek duş gelýär. Ýakynda Özbegistan hökümetiniň hemaýat edýan Özbegistanyň Adam Haklary Merkezi Türkiýede jynsy zorluga sezewar bolýan we ekspluatirlenýan zenanlara gaçybatalga berip başlady.
Türkmenler we Özbekler Türkiýedäki iň uly Merkezi Aziýaly migrant toparlaryny düzýärler. Türk hökümetiniň maglumatlaryna görä gysga we uzak möhletli talyp we maşgala wizasy bolan 205.000 golaý türkmen raýatlary ýaşaýar. Emma köp migrantlar resminamasyz we resmi däl ykdysadyýetde işleýändikleri sebäpli hakyky sanlary has köpdür, bu hem migrantlaryň sanyny, ýaşyny we jynslaryny kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Ýewropa ýurtlaryna geçmek üçin Türkiýä gelen bidüzgün ýada üstaşyr migrantlar hem bar. Meselem, 2021-nji ýylyň ýanwaryndan mart aýyna çenli tutulan 24.578 bidüzgün migrantlaryň 637-si Türkmenistanyň raýatlarydyr.
Türkiýede polisiýa bikanun migrantlary tutmak üçin jemgyýetçilik reýdlaryny geçirýär we olara deport etmek bilen haýbat atýarlar. Ýöne 32 ýaşly Türkmenistanly Berdiniň aýtmagyna görä örän seýrek deport edýärler. Polisiýa köplenç geýimine görä saýlanýan adamlary saklaýan bolsa gerek. Milli köýnekli türkmen zenany saklap, ýewropa geýiminde özbek zenanyny tutmadygyny syn edip bolupdy.
Üstesine-de Türkiýedäki türkmenistanly migrantlar howply ýagdaýlar we haklarynyň bozulmagy bilen ýüzbe- ýüz bolýarlar. 45 ýaşyndaky türkmenistanly Baharyň gürrüň berişi ýaly, “migrantlaryň köpüsiniň Stambula gelen wagtlary resminama taýýarlamaga pullary bolmaýar, şol sebäpli migrantlaryň 90% resminamasyz işleýärler”. Agyr we howply iş şertleri zerarly käbir migrantlar kärine bagly töwekgelçilikler bilen garşylaşýarlar. Türkiýede ýaşaýan 55 ýaşyndaky türkmenistanly erkek migrant Babahan şeýle gürrüň berýär:
“Bärde kesellemeli däl. Işim zerarly babasyl (gemorroý) boldym. Lukmana gitdim we operasiýa etmeli boldy, munuň üçin 4000 türk lirasy töledim ($600 golaý)… Bu ýerdäki lukmanlar diňe pul barada pikirlenýärler. Operasiýadan iki sagat soň agyrysyzlandyryjynyň (anesteziýa) täsiri geçmänkä gidip biljegimi aýtdylar…Men entek doly özüme-de gelmändim. Hiç hili gymmatyň ýok we keselleseň ölýäň bu ýerde…”