Progres.Online

Merkezi Aziýadaky ýer titremeler: pidalar we ýyllyk maddy zyýan

Ýylda Merkezi Aziýadaky ýer titremeleriniň 26-sy Türkmenistanda ýüze çykýar. Ýer titreme netijesinde Türkmenistanda her ýyl 9454 adam zyýan çekip, olaryň 92-si ölýär. Her 50 ýylda Türkmenistanyň ykdysady JIÖ takyklanan bahasyna görä maddy zyýany 0.3% bolup, $11,3 milliona ýetýär.

Ýer titreme – bu tektonik plitalarynyň hereketi netijesinde ýeriň üstki gatlagynyň yranmagy we ýerasty sarsgynlaryň emele gelmegidir.

Bu makalanyň awtorylary CAREC maglumat bazasyna we bar bolan bütindünýa howp görnüşleriniň töwekgellik aýratynlyklarynyň mukdaryna esaslanyp ýazdylar. Her bir ýurdyň töwekgellik aýratynlyklary, şol ýurdyň milli we sebit derejesinde ýer titreme howpy baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Merkezi Aziýa tebigy betbagyçylyklaryň birnäçesine duçar bolýar, emma adam pidalarynyň köplügi we ykdysady zyýany ýokary derejede bolan howplaryň biri ýer titremesidir. Sebitiň ep-esli bölegi seýsmiki taýdan howply zolaklarda ýerleşýär we uly şäherleri öz içine alýar. Güýçli ýer titremeleri soňky ýüz ýylyň dowamynda ýüz müňlerçe adam pidalary we milliard dollarlyk maddy zyýanyň döremegine sebäp boldy. Bu bolsa sebitiň ilatynyň gündeki durmuşyndaky bar bolan durnukly howpy aňladýar. Her ýyl Merkezi Aziýada 23 000 ýer titremesi bolup, onuň 26-sy Türkmenistanda ýüze çykýar.

Ýitgiler:

  • Ýer titreme netijesinde Türkmenistanda her ýyl 9454 adam zyýan çekip, olaryň 92-si ölýär. Her 50 ýylda Türkmenistanyň ykdysady JIÖ takyklanan bahasyna görä maddy zyýany 0.3% bolup, $11,3 milliona ýetýär.
  • Dünýäde ýylda ortaça 500 000 adam ýer titremesiniň pidasy bolup, Merkezi Aziýda ýylda 200 adam bu betbagyçlygyň netijesinde ölýär. Her ýyl sebitde ýer titremesiniň maddy zyýany ýarym milliard dollara (Özbegistan $214 million, Täjigistan $63,5 million, Gazagystan 57,6 million) ýetýär.
  • Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly JIÖ pes bolan ýurtlar bu ýitgileriň täsirini has gowy duýýar. Meselem, her ýyl Gyrgyzystanda ýer titremesiniň zyýany $72 400 000 bolup, hökümet gaznasyndan tebigy betbagytçylyklar üçin ýylda $4,7 million bölünip aýrylýar. Emma welin bu çekilen zyýanyň ýarysyny tölemäge hem ýetmeýär.

Bütindünýä bankynyň “Country Risk Profiles for Floods and Earthquakes”(2015) howa we sosial-ykdysady yzgiderliklerine esaslanýan derňewlerine görä, 2080-nji ýylda çaklanylýan JIÖ zyýanynyň möçberiniň has uly boljakdygyny nygtaýar. Bu zyýana ilatyň ösmegi, şäherleşme we howpy güýçlendirýän aktiwleriň artmagy hem täsir edýär.

Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti Kanatbek Abdrahmatowyň aýtmagyna görä: “Gyrgyzystanda hem edil Türkiýedäki ýaly her 3000-5000 ýylda ýer titremesi bolýar, her 50-60 ýylda bir 5-6 ballyk sarsgyn we az duýulýan yranmalar her gije-gündiziň dowamynda 300 gezek bolup geçýär”.

Ýer titremelerini ylmy gurallaryň kömegi bilen bellige almak 1900-nji ýyllara golaý başlady. Seýsmiki hereketlilik ýa-da ýer gabygynyň üýtgemegi ýaly ýer titreme ähtimallygynyň ýokarlanmagyny kesgitleýän usullar bar. Emma bu usullara görä ýer titremäniň anyk wagtyny we ýerini aýdyp bolmaýar. Ýöne ýer titremeleriniň döwürleýinligini we howply territorialary bilmeklik, esasan hem uly bentleriň, elektrostansiýalaryň, mekdep we keselhana ýaly jemgyýetçilik binalaryň gurluşygynda dykkatly gözegçilik etmeklik, has uly ýitgileriň öňüni almaga we belli ýerlerde bolup biläýjek ýer titremesiniň derejesini kesgitlemäge ýardam edýär.

“Ýer titremesine taýýarlyk dürli jemgyýetçilik çärelerini geçirmek, bu ugurdan hünärmenleri ýetişdirmek, seýsmiki territoriýalara laýyk binalary proýektirleme we gurmakdyr. Binalary proýektirleme we gurmaklyga degişli kanun çykaryjy we normatiw resminamalary hemişe gözegçilik etmeli we arhitekturadaky döwrebap talaplary nazara almalydyr. Raýatlara ýer titremede özüňi alyp barmagy öwretmeli we yzygiderli türgenleşik geçirmeli”.

Ulugbek Begaliýew,
Seýsmik taýdan durnukly gurluşlar baradaky Halkara Hünärmenler Assosiasiýanyň prezidenti.
Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: