Merkezi Aziýa ýiti suw ýetmezçiligini başdan geçirýär. Bu meseläni çözmek üçin sebitiň Sowet döwrüniň suw paýlaşmak baradaky ylalaşyklaryna esaslanýan şertnamalary klimatyň we Owganystanyň suw syýasatynyň üýtgemeginiň netijelerini öz içine almaly. Ýogsam, bu sebitde bar bolan dartgynlylygy has güýçlendirip biler.
Soňky hepdelerde, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege ýanaşyk etraplaryň ählisinde ulanmak ýa-da içmek üçin suw ýetmezçilik edýär. Aprelde, Özbegistanyň prezidentiniň çykaran kararynda sebitiň iki esasy derýasy bolan Amyderýadan we Syr derýadan akýan suwuň birnäçe ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende 20% azaljakdygy çaklanylýar. Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi belli bir derejede ýaramaz suw dolandyrylyşy we ilatyň suw talabynyň artmagy bilen baglanyşykly bolsa-da, sebitiň derýalaryny iýmitlendirýän buzluklaryň kiçelmegi we ýagynlaryň azalmagy klimatyň üýtgemegi sebäpli güýçlenýär.
Çeşme: Wikimedia commons
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi suw ýetmezçiligini başdan geçirip, olaryň meseleleri Amyderýa we Syr derýa bilen bagly. Umumy suw çeşmelerini paýlaşmak meselesi sebitde käwagt gapma-garşylyklara eltdi. 2012-nji ýylda, Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Karimow gidroelektrik stansiýalarynyň derýalaryň ýokary akymynda gurulmagy sebitde uruş tutaşdyryp biljekdigini duýdurdy. Çünki, bentler derýalaryň aşak akymyndaky ýurtlara akýan suwy bökdäp biler. Emma, soňky ýyllarda ýokary akymlarda bendiň gurluşygy konflikte däl-de, hyzmatdaşlygyň artmagyna sebäp boldy. Muny esasanam Täjigistanda Rogun bendiniň we Gyrgyzystanda Kambarata -1 bendiniň mysalynda görmek bolýar.
Sowet mirasy
Sowet döwründe, Merkezi Aziýada suw syýasaty Moskwa tarapyndan merkezleşdirilip, barter ulgamy (haryt bilen hasaplaşyk) arkaly dolandyrylýardy. Derýalaryň ýokarky akymyndaky Gyrgyzystan we Täjigistan tomusda aşaky akymda ýerleşýän Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalygyny suwy bilen üpjün edýärdi. Öz gezeginde, aşak akymdaky ýurtlar gyşda ýokary akymdaky ýurtlary azyk we energiýa, aýratynam gaz bilen üpjün edýärdi. Şeýlelikde, ýokary akymdaky ýurtlar gyşda gidroelektrik energiýasyny öndürmek üçin suwy akdyrman, ony tomusda ösümlik ýetişdirilýän möwsüm üçin saklaýardy.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, gazylyp alynýan ýangyçlara baý aşak akymdaky ýurtlar ýokary akymdaky ýurtlara suwuň deregine energiýa bermäge mejbur däldiler. Netijede, ýokary akymyň ýurtlary gyşda gidroelektrik önümçiligini artdyrdylar. Şeýlelikde, aşak akymdaky ýurtlar gyşda suw joşmalary we tomusda oba hojalygy üçin suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldylar. Bu meseleleri çözmek üçin Merkezi Aziýanyň 5 ýurdy 1992-nji ýyldaky Almaty şertnamasy arkaly Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasyny (ADHG) döretdiler. ADHG-nyň bir bölegi bolan Döwletara utgaşdyryjy suw komissiýasy (DUSK) ýokary akym ýurtlarynyň suwy peýdalanmak boýunça limitini kesgitlemekde jogapkärdir. Elektrik energiýasy Merkezi Aziýanyň bütewi elektrik ulgamy arkaly paýlaşylyp, bu hem Sowet döwründen galan miras. Barter ulgamy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň üsti bilen dowam etdirildi. Ýöne, käwagt utgaşma başa barmady. Bu ýurtlaryň arasynda suw meselesinde dawalaryň döremegine getirdi.
Rogun bendi
Islam Karimowyň döwründe, Özbegistan Amyderýanyň ýokarky akymynda ýerleşýän Wahş derýasynda Täjigistanyň Rogun gidroelektrik stansiýasyny gurmagyna garşydy. Karimow ýokary akymdaky bentleriň Özbegistana Amyderýadan gelýän suwy azaltmagyndan we suw joşmagyndan howatyrlanýardy. Rogun bendiniň gurluşygy 1980-nji ýyllarda başlapdy. 2004-nji ýylda, bendiň gurluşygyny Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon gaýtadan ýola goýup, gurluşyk resmi taýdan 2016-njy ýylda başlamalydy. Çaklamalara görä, Rogun bendiniň beýikligi 335 metr bolup, dünýädäki iň beýik bent bolar. Prezident Rahmon üçin Rogun bendi milli buýsanjy artdyrýan, şeýle mega-taslamany durmuşa geçirme ukybyny we güýji görkezýän abraýly taslama.
2016-njy ýylda Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň prezidenti bolany bäri, täjik-özbek gatnaşyklary gowulandy. Emma, Rogun bendi köp wagtlap tabu tema bolmagynda galypdy. Diňe ýakynda, Özbegistan ýokarky akymlardaky bentler babatda hyzmatdaşlyga has konstruktiw çemeleşip başlady. Özbegistan uzak wagtlap energiýa ýetmezçilikleri we elektrik togunyň kesilmegi bilen göreşýär. Netijede, ýurt bentler meselesine has oňyn seredip başlady. 2022-nji ýylyň iýunynda, Özbegistan Rogun bendiniň öndürýän energiýasyny import etmek baradaky ylalaşyga geldi.
Bendiň çykdaýjylary we zyýana goýma potensiýaly
Bendiň energiýa öndürmek potensiýalyna garamazdan, Rogun bendine maýa goýumlary çekmek mesele bolup galýar. Bütindünýä banky Rogunyň taslamasynyň umumy bahasy $4.8 milliard boljakdygyny çaklady. Bu Täjigistanyň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) ýarysyna barabardyr. Merkezi Aziýada elektrik öndürmek umuman söwda taýdan amatly däl. Çünki, hökümetler halk tolgunyşyklaryndan çekinip, sarp edijiler üçin energiýa nyrhyny ýokarlandyrmaýarlar. Mundan başga-da, Wahş derýasyny iýmitlendirýän buzluklar klimatyň üýtgemegi sebäpli kiçelýär. Bu Rogun bendine akýan suwuň mukdaryny we bent üçin goýulan maýa goýumlaryň girdejisini azaldar.
Şeýle-de bolsa, soňky bir ýylda Täjigistan Rogun bendi üçin ep-esli maýa goýumlary özüne çekdi. 2022-nji ýylyň iýulynda Ýewropa maýa goýum bankynyň metbugat sekretarynyň bellemegine görä, Ýewropa Bileleşigi Rogun üçin iň uly maýa goýujy bolmagy maksat edinýär. Emma, maliýe goýumyň takyk mukdary entek näbelli. 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Bütindünýä banky bu taslama üçin $65 million pul bölüp bermegi tassyklady. 2023-nji ýylyň fewralynda, Yslam ösüş banky Täjigistanda 4 sany infrastrukturanyň taslamasyna, şol sanda Rogun bendine $250 million maýa goýmagy wada berdi. 2023-nji ýylyň martynda, Hytaýyň ýolbaşçylyk edýän Aziýa infrastruktura maýa goýum banky Rogunyň gurluşygy üçin $500 million ýeňillikli karz berdi.
Rogun gidroelektrik stansiýasynyň taslamasynyň alty turbinasynyň ikisi eýýäm tamamlandy. 2022-nji ýylyň iýulynda, Italiýanyň Webuild kompaniýasy galan dört turibinanyň gurluşygyna başlady. Alty turbinanyň umumy kuwwaty 3.600 MWt bolup, Täjigistanyň energiýa önümçiligini iki esse artdyrar we goňşy ýurtlara iberýän energiýa eksportyny köpeltmäge mümkinçilik berer.
Kambarata-1 bendi
Gyrgyzystanyň meýilleşdiren uly bendiniň hem Rogun gidroelektrik stansiýasyna meňzeş taryhy bar. Gyrgyzystan köpden bäri Syr derýasynyň goşandy bolan Naryn derýasynda Kambarata -1 bendini gurmaga synanyşýar. Kambarata-1 bendiniň çak edilýän kuwwaty 1860 MWt bolup, Gyrgyzystan bendiň ýurdy energiýa import edijiden eksport edijä öwürer diýip umyt edýär. Kambarata-1-iň taslamasy ilkinji gezek 1986-njy ýylda meýilleşdirilipdi. Ýöne, 1991-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň dargamagy sebäpli togtadylypdy. 2008-2015-nji ýyllar aralygynda, rus kompaniýalary bendi gurmaga täzeden synanyşdylar, emma olaryň tagallalary şowsuz boldy.
Özbegistan Kambarata-1 bendiniň gurulmagyna uzak wagtlap garşy çykypdy. Ýöne, Rogunyň mysalynda bolşy ýaly Mirziýoýewiň döwründe oňa has oňyn seredilip başlandy. Derýadan gelýän suwuň mukdary barada dowamly aladalanýandygyna garamazdan, indi Özbegistan bu bende ýurduň energiýa howpsuzlygyna goşant goşup biljekdigi üçin howp däl-de, durnuklylyk çeşmesi hökmünde garaýar. 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň energiýa ministrleri Kambarata-1-iň gurluşygy barada ýol kartasyna gol çekdiler. Bendiň gurluşygynyň 2028-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
2023-nji ýylyň ýanwarynda, Gyrgyzystan bilen Özbegistan bu taslama üçin maýa goýum ylalaşygyna gol çekse-de, Gazagystan maliýe kepilligini bermekden ýüz öwürdi. Gyrgyzystan bahasy ~3 milliard dollar töweregi diýlip çaklanylýan Kambarata-1 bendi üçin serişde tapmakda kynçylyk çekýär. Energiýa bahasynyň pesligi zerarly goýulan maýa goýumlaryň yzyna alyp biljek girdejileriniň pes boljagy çaklanylýar. Naryn derýasyny iýmitlendirýän buzluklaryň kiçelmegi eýýäm maýa goýumlaryň pes girdejisini ýene-de azaldar. 2022-nji ýylyň iýunynda, Gyrgyzystan Kambarata-1-iň gurluşygyna başlady, ýöne taslamany özbaşdak amala aşyrmak üçin ýurduň serişdesi ýetmezçilik edýär. Häzirki wagtda, taslama tehniki-ykdysady delillendirmeden geçýär.
Kambarata-1 bendiniň gurluşygy Naryn derýasyndaky Kambarata-1-iň aşaky akymynda ýerleşýän Toktogul bendine nähili täsir etjekdigi barada sorag döredýär. Häzirki wagtda, Toktogul gidroelektrik stansiýasy Gyrgyzystanyň elektrik energiýasynyň 40%-ini üpjün edýär. Ýurt suwuň derejesiniň pesligi sebäpli Toktogul suw howdanyny doldurmakda kösenýär. Kambarata-1-iň döreden suw howdany 5.4 milliard m3 suw saklamaga niýetlenen. Bu täze suw howdanyny doldurmak üçin Toktogulyň aşaky akymlaryndaky suw wagtlaýyn kesiler. Gysga möhletde, bu Gyrgyzystanda energiýa önümçiligini artdyrman, eýsem azaltmagy mümkin.
Hyzmatdaşlygyň gowylanmagy, girdejileriň azalmagy
Soňky ýyllarda, Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygy ep-esli gowulandy. Bu esasanam prezident Mirziýoýewiň döwründe Özbegistanyň suw hyzmatdaşlygy meselesine has oňyn seretmesi sebäplidir. Eger Täjigistana we Gyrgyzystana tomusda suw goýbermäge we gyşda akymyň aşagynda ýerleşýän ýurtlardan energiýa almaga rugsat berseler, Rogun we Kambarata-1 bentleri sebitdäki suw we energiýa howpsuzlygyny gowylandyryp biler. Ýöne, maliýe päsgelçilikleri saklanyp galýar. Rogun bendi dürli halkara guramalarynyň maýa goýumlaryny özüne çekse-de, Kambarata-1 bendi üçin maýa goýumlary çekmek heniz başa barmady. Energiýa bahalary pes bolmagyny we buzluklar eremegini dowam etse, iki taslamadan hem gelýän girdejiler has-da azalar. Şeýle hem, energiýany paýlaşmak üçin Merkezi Aziýanyň könelen bütewi elektrik ulgamyna goşmaça maýa goýumlary zerur.
Orta we uzak möhletleýin döwürde, Merkezi Aziýanyň suw hyzmatdaşlygy diňe bir klimatyň üýtgemegi zerarly däl, eýsem Talibanyň gurýan 285 kilometrlik Koş Tepe kanaly sebäpli basyşa sezewar bolar. Koş Tepe kanalynyň Amyderýadan ýyllyk 10 milliard kub metr suw almagy çaklanylýar. Şeýlelikde, Merkezi Aziýada gelejekdäki suw hyzmatdaşlygy klimatyň üýtgemegini we häzirki suw paýlaşmak şertnamalarynda ýer almaýan Owganystanyň roluny göz öňüne tutmalydyr.