Progres.Online

Merkezi Aziýada ýabany alma agaçlary ýitip barýar

Eurasianet-iň “Merkezi Aziýada ýabany alma agaçlary ýitip barýar” atly makalasyna görä, klimatyň üýtgemegi we adamlaryň işjeňligi alma agaçlarynyň asyryň ahyryna çenli Merkezi Aziýadan ýitmegine sebäp bolar.

Munuň sebäbi näme?

  • Klimatyň üýtgemegi we adamlaryň işjeňligi zerarly ýabany alma agajynyň mekany bolan Gündogar Aziýanyň daglaryndan bu agaçlaryň ýerli we sebitleýin derejede ýok bolmak howpy abanýar.
  • Şanhaýdaky East China Normal uniwersitetinden Zhongping Tian we kärdeşleri Sowet Soýuzy darganyndan soň 2022-nji ýylyň iýunyna çenli, ýerli alma agajynyň görnüşleriniň 70% -den gowragynyň ýitendigini anykladylar.
  • Zhongping Tianyň bellemegine görä, Merkezi Aziýanyň temperaturasynyň global ortalama derejesinden has çalt maýlamagy ýabany alma agaçlarynyň ýaýramagyna täsir edýän esasy faktordyr.

Hökümetiň alyp barýan çäreleri

  • Ýerli hökümetler tokaýlary çapmazlyk, ýerleri ekerançylykdan we özleşdirmekden goramak ýaly birnäçe gorag çäresini ornaşdyrdylar. Şeýle hem, Gazagystan we Gyrgyzystan ýabany alma agajyny ýitme howpy abanýan agaçlaryň gyzyl sanawyna goşdy.
  • Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurdunyň hökümetleri käbir ýitme howp abanýan sebitlerde ýabany miwe agaçlarynyň ösüşini goldajak ýerleriň 13%-ini goraýar. Gynansak-da, bu ýerleri klimatyň üýtgemeginden gorap bolmaýar. 2090-njy ýyla çenli, häzirki goralýan ýerleriň diňe 25%-i ýabany alma agaçlarynyň ösmegini üpjün eder. Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Zambyl sebitindäki ýabany alma agajynyň ösmäge ýaramly ähli ýerlerini ýitirmegine garaşylýar. Gyrgyzystanda häzirki goralýan ýerleriň meýdany 78% azalar.
  • Tian we onuň toparyna görä, häzirki gorag tagallalary Merkezi Aziýada alma agaçlarynyň ýitmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik däl.

Gelejek

Merkezi Aziýada alma görnüşleriniň ýitip gitmegine betbagtçylyk hökmünde garamak mümkin, ýöne munuň ykdysady netijeleri hem bolup biler. Miwe eksporty Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary ýurt walýutasynyň möhüm çeşmesidir. Ýabany almanyň ýitip ýok bolmagy bu ýurtlaryň ykdysadyýetine täsir etmegi ahmal. Klimatyň üýtgemegi daýhanlary iş tapmak umydy bilen demirgazyga göçmäge mejbur edip biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: